Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serdar Berdimuhamedow kakasyna berlen atlary kabul edip, 'ussat çapyksuwardygyny' görkezdi


Türkmen TW-si S.Berdimuhamedowyň kakasyna sowagt berlen atlary kabul edişini görkezdi.
Türkmen TW-si S.Berdimuhamedowyň kakasyna sowagt berlen atlary kabul edişini görkezdi.

Wise-premýer Serdar Berdimuhamedow kakasynyň däbine eýerip, döwlet baştutanyna atşynaslar tarapyndan sowgat berlen Hankerwen atly bedewiň boýnuna enesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy, şowhunly elçarpyşmalar astynda atly gezim etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy diýip, TDH 23-nji aprelde habar berdi.

Hökümet başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň agzalarynyň, beýleki ýolbaşçylaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň toplanan dabarasynda her ýyl prezidente ilatyň adyndan sowgat berilýän saýlama atlary bu ýyl prezidentiň ogly kabul etdi.

Türkmen TW-si S.Berdimuhamedowa zähmetkeşleriň adyndan Oguzkent (Ahal), Deňiz (Balkan), Gyrbedew (Daşoguz), Köýtendag (Lebap), Murgap (Mary), Akşäher (Aşgabat) atly bedewleriň gowşurlyşyny görkezdi.

Ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň adyndan Beýikdag, ähli atşynaslarynyň adyndan Hankerwen atly bedewler sowgat berildi.

Wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow kakasynyň däbine eýerip, döwlet baştutanyna atşynaslar tarapyndan sowgat berlen Hankerwen atly bedewiň boýnuna enesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.

Soňra ol at üstünde çapuw ýodasy boýunça gezim edip, bedewi synap gördi diýip, türkmen mediasy öňki ýyllarda prezidenti şöhratlandyrmak üçin aýdan sözlerini bu gezek onuň ogluny magtamak üçin ulandy.

Türkmen bedewini şekillendirmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine prezidentiň adyndan “Tolkun” telewizorlary we şahadatnamalar berildi.

“2021-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Aýgytly diýen bedewi mynasyp boldy. Ony seýislän Çarymyrat Ballyýewe “Lexus” markaly awtoulag, geçiji diplom gowşuryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG