Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Serdar ýene iki wezipä bellendi, alym onuň çöken ýurdy 'miras' aljagyny çaklaýar


Serdar Berdimuhamedow hasabat berýär.

Türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň başlyklygynyň R. Meredowdan alnyp, S.Berdimuhamedowa berilmeginiň sebäbini prezident “daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň işi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen” düşündirdi.

Türkmenistanyň döwlet baştutany 9-njy aprelde ogly Serdar Berdimuhamedowyň wezipe-borçlarynyň üstüne ýene wezipe goşdy. Ol indi golaýda bellenen üç wezipesiniň we Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlyklygygynyň gapdalyndan türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň başlyklygyny hem ýerine ýetirer.

Mundan öň bu wezipeleri türkmen DIM-niň başlygy ýerine ýetirýärdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu karary soňky ýyllarda dürli jogapkärli wezipelere bellenen we golaýda birden wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy ýaly uly wezipeler ynanylan kiçi Berdimuhamedowyň Moskwada, daşary işler ministri Reşit Meredow bilen bilelikde, türkmen-rus gepleşiklerine gatnaşan we birnäçe dokumente gol çeken wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen-rus we türkmen-ýapon hökümetara düzümleriniň türkmen böleginiň başlyklygynyň R. Meredowdan alnyp, S.Berdimuhamedowa berilmeginiň sebäbini prezident “daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň işi üçin degişli şertleri üpjün etmek maksady bilen” düşündirdi.

Resmi maglumata görä, daşary işler ministri mundan öň dürli döwletler we ugurlar boýunça iş alyp barýan hökümetara toparlarynyň 10-a golaýyna ýolbaşçylyk edipdir we ol indi bu wezipeleriň ikisinden boşadylýar.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, bu karar Russiýa we Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin has anyk we netijeli işleri geçirmäge ýardam berer.

Şol bir wagtda, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň maglumatlarynda Serdaryň öňki bellenen wezipelerinde nähili “netijeli iş geçirendigi”, getiren özgerişligi anyklaşdyrylmaýar.

Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň yzygiderli kadr täzelemek, egindeşlerini işde düýpli kemçilik goýbermekde aýyplamak usulyny dowam etdirýän Berdimuhamedowyň öz ogluny, iş ukybyna ýa bilim-tejribesine garamazdan, gyssanmaç ýagdaýda uludan-uly wezipelere bellemegi bu ýagdaýyň arkasynda gizlenýän sebäpler barada dürli çaklamalaryň edilmegine getirýär.

Ol çaklamalaryň esasynda prezidentiň öz ogluny ornuna geçirmäge taýýarlaýandygy baradaky pikir durýar.

Jamestown gaznasynyň Ýewraziýa ýurtlarynyň daşary gatnaşyklar we goranmak syýasaty boýunça hünärmeni, Waşingtondaky Merkezi Aziýa-Kawkaz institutynyň stipendiaty, doktor Jon C. K. Daliniň pikiriçe, eger Berdimuhamedow öz ogluny hakykatdan hem ornuna geçirse, Serdar atasyndan ykdysady taýdan egbar düşen ýurdy miras alar.

Ol bu pikirini soňky üç ýylda ýurduň azyk krizisine uçramagy, köp adamyň döwlet dükanlarynda satylýan iň zerur önümleri hem alyp bilmezligi, barha garyplaşýan ilat baradaky metbugat habarlary, şol sanda dünýäde gaýtadan işlenýän energiýa önümçiliginiň ýokarlanmagy we gazylyp alynýan ýangyçlaryň, Türkmenistanyň esasy eksporty bolan tebigy gazyň ulanylmagynyň barha azalýan şertlerinde ýurduň ýüzbe-ýüz boljak nämälim ykdysady gelejegi bilen delillendirýär.

Ýerli synçylaryň, sol sanda öňki diplomat Nurmuhammet Hanamowyň pikrine görä, Berdimuhamedowyň soňky ýyllarda barha kän Orsýete ýaplanmagy we onuň oglunyň türkmen-rus hökümetara toparynyň başlygy wezipesine bellenmegi Aşgabatdaky häkimiýetiň atadan ogla geçirilmek 'niýetinde' esasan Kreml howandarlygyna daýanyljakdygyny aňladýar.

Ýöne, häkimiýetdäki ata-ogul hyýalynyň ýurtdaky agyr syýasy-ykdysady we medeni problemalaryň çözülmegine däl-de, has çuňlaşmagyna getirjekdigini aýdýan we bu barada 2016-njy ýylda açyk hat çap eden Hanamow, Orsýetdäki agyr ýagdaýlara we halk nägileliklerine salgylanyp, Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde Moskwanyň Aşgabada kömekçi bolup biljegine şübhe bildirdi.

Şu aralykda ABŞ-nyň Milli aňtaw geňeşi Orsýetiň köp sanly syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik päsgelçilikleri sebäpli dünýädäki täsirini peseltjekdigi, emma ýakyn iki onýyllygyň dowamynda “ýykyjy güýç” bolup galjakdygy baradaky çaklamalarny çap etdi.

“Russiýanyň artykmaç harby güýçleri, köpçülikleýin gyryş ýaraglary, energiýa we mineral baýlyklary, giň geografiýasy, demografiýasy we daşary ýurtlarda güýç ulanmak islegi oňa post-sowet giňişliginde we käte uzagrak ýerlerde hem bozujy we güýç dellaly roluny dowam etdirmek mümkinçiligini berer” diýip, 8-nji aprelde çap edilen hasabatda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG