Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşaýjylaryň 'janyny alýan jaý meselesiniň' jemgyýetdäki agzalaçylygy güýçlendirýändigi aýdylýar


Aşgabat. Ýykylan jaýlaryň ýerine gurulýan jaýlar köp adama elýeterli däl.
Aşgabat. Ýykylan jaýlaryň ýerine gurulýan jaýlar köp adama elýeterli däl.

Azatlyk bilen gürleşen aýry-aýry ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak programmasynyň çäginde harçlanan milliardlarça dollara garamazdan, 'ýaşaýjylaryň janyny alýan jaý meselesi' çözülmekden geçen, ykdysady çökgünlik sebäpli has gaty çigişýäne' meňzeýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow 24-nji fewralda Aşgabadyň şäher häkimliginde paýtagtyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek we ony mundan beýläk-de ösdürmek barada maslahat geçirip, şäheri abadanlaşdyrmagyň täze taslamalar bilen tanyşdy diýip, TDH habar berdi.

Şeýle-de prezident 25-nji fewralda parlamentiň deputatlary bilen duşuşyp, ýene bir gezek olaryň öňünde durýan“wezipeleri” ýatlatdy.

Şu aralykda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri sosial ulgamlarda Aşgabatdaky jaý meseleleri hakynda gürrüň açyp, ýokary amatlykly jaýlaryň käbiriniň eýelerine kwartiralarynsdan çykarylýandyklarynyň aýdylandygyny habar berdiler.

Şol bir wagtda, jaýlary alynjakdygy aýdylan adamlaryň anyk atlary, howpsuzlyk aladalary sebäpli ýa-da olaryň “gorkudan çykyp bilmeýändikleri üçin” aýdylmaýar. Ikinji tarapdan, jaýlary alynjak adamlara, eger jaýlaryny aldyrmajak bolsalar, belli bir möçberde para bermek teklibiniň hem edilendigi öňe sürülýär.

Türkiýede ýaşaýan türkmen aktiwisti Röwşen Gylyjowyň çap eden wideosynda we Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, oňa Aşgabatda jaýlarynyň alynjakdygy aýdylan adamlaryň ondan gowragynyň ady we beýleki maglumatlary mälim.

Aktiwist bilen gürleşen raýatlaryň aýtmagyna görä, jaýy alynýan adamlaryň ozal bu jaý üçin harçlan pullaryny yzyna almak mümkinçilikleri hem gümürtik görünýär.

Ozalky türkmen ilçisi we häzir Awstriýada ýaşaýan raýat aktiwisti Nurmuhammet Hanamow hem ozal işleýän edarasyndan 50% ýeňillik bilen jaý alan we soň dynç alşa çykan adamlaryň birnäçesiniň düşen “kyn ýagdaýyndan” habarlydygyny aýtdy.

R.Gylyjowyň sözlerine görä, häkimiýet wekilleri ozal, işleýän wagtynda ýokary amatlykly jaýlardan jaý alan adamlaryň öýlerine aýlanyp, olaryň öý dokumentlerini alyp gidýärler we, iki hepde wagt içinde özleri bir çäresini tapmasa, olaryň umumy ýaşaýyş jaýlaryna göçmeli boljakdyklaryny aýdýarlar.

Bu ýagdaý “ýokardan berlen görkezme” hökmünde düşündirilýär, bu jaýlarda jaý beren edaralarda işleýän adamlaryň ýaşamalydygy aýdylýar diýip, aktiwist öz gürleşen adamlaryna salgylanyp aýtdy.

Şol bir wagtda, aýdylmagyna görä, ýaşaýjylara hiç bir ýere arz etmegiň peýda bermejekdigi duýdurylýar.

Azatlyk bu mesele bilen gyzyklanyp, 26-nji fewralda türkmen häkimiýetlerinden düşündiriş almaga synandy, şol sanda Aşgabat şäher häkimligine we Adalat ministrligine telefon etdi, emma ol edaralarda telefon alan tapylmady.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy Aşgabatda “jaý biznesiniň” örän çylşyrymlydygyny, sebäbi onuň arkasynda ýokary wezipeli adamlaryň durýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, Azatlyk bilen gürleşen aýry-aýry ýaşaýjylaryň tassyklamagyna görä, türkmen paýtagtyny abadanlaşdyrmak programmasynyň çäginde harçlanan milliardlarça dollara garamazdan, ýönekeý ilatyň ýaşaýyş jaý meseleleri sosial ýeňillikler ýatyrylaly bäri has agyrlaşdy, birnäçe maşgala bolup bir jaýda ýaşaýan doganlaryň arasynda turýan oňuşmazlyklar bolsa barha köpelýär.

“Sowet ýyllaryndan bäri gelýän jaý krizisi Aşgabadyň abadanlaşdyrylmagy diýilýän netijesinde, hususy jaýlaryň we bagçylyk uçastoklarynda gurlan binalaryň köpçülikleýin ýykylmagy sebäpli, tas otuz ýyllap, yzygiderli çuňlaşdyryldy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 56 ýaşly aşgabatly aýtdy.

“Adamlaryň iň gorkýan zady jaýlarynyň ýykylmagy ýa alynmagy, 90 ýaşa golaýlan we bütin ömrüni Aşgabatdaky howlusynda geçiren tanşymyz soňky aýlaryny dokuzynjy gatdan berlen beton jaýda tamamlady” diýip, ol ogul-gyzlary ýetişen, öý-işik bolan hojalyklaryň köpüsinde indi onlarça ýyl bäri üç-dört maşgalanyň gysylyp ýaşamagynyň adaty zada öwrülendigini, şol bir wagtda käbirleriniň iki-üç sany 'elitni' jaý alýandygyny belledi.

“Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda giň ýaýran neşekeşlik müňlerçe maşgalanyň bozulmagyna getirdi. Çagalary bilen atasy öýlerine dolanmakdan başga alaç tapmadyk aýallar hem köp boldy. Emma hökümet bu agyr ýagdaýy görmezlige saldy. Bir tanşymyz, üç sany ogly we agtyklary bilen bir howluda ýaşaýan 70 ýaşly pensioner, aýrylyşan iki gyzy hem öýüne gelensoň, dürli edaralara, şol sanda parlament agzalaryna hem ýüz tutdy. Emma hiç kömek tapmady” diýip, Radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Azatlygyň Marydaky, Lebapdaky habarçylary hem jaý meselesiniň ýyl-ýyldan ýitileşýändiginihabar berýärler. Bu ýagdaý dar jaýda ýaşaýan doganlaryň özara duşmançylyga, dawa-jenjele çenli baryp ýetmegine, hojalyk dawalary esasynda kazyýet işleriniň köpelmegine, jemgyýetde agzalalygyň güýçlenmegine alyp gelýär diýip, Azatlyk bilen gürleşen aklawçy aýtdy.

“Jaýlaryny giňeltmek mümkinçiligi köp adamda ýok, işsizlik, gurluşyk materiallarynyň ýyl-ýyldan gymmatlamagy, jaý kireýleriniň ýokarlanmagy aýallary, çagalary, garrylary has agyr ýagdaýa salýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Hökümet baştutany deputatlar bilen duşuşyp, olaryň öňünde durýan wezipeler, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda, oba ýerlerindäki adamlary arassa gyz suwy bilen üpjün etmekde we beýlekilerde edilmeli işler barada ençeme ýyl bäri gürrüň edýär, emma adamlaryň haly bilen gyzyklanýan deputat ýok, adamlar deputat diýilýänleri görenoklaram, tananoklaram. Eger biri baryp, möhümini bitirjek bolsa-da, olaryň elinden gelýän zat ýok” diýip, parlament agzalaryndan kömek ýokdugyny lebaply habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjy hem tassyk etdi.

“2020-nji ýylyň aprel aýynda Lebapda harasat turdy, näçe adam ejir çekdi, bir deputat gelip, adamlaryň halyny soradymy?” diýip, ýaşaýjy deputatlaryň tebigy hadysadan ejir çekenlere döwlet tarapyndan berlip biljek kömegi almakda hem hiç bir “netije görkezmändigini” belledi. “Netije ýok bu deputatlardan” diýip, ol Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri, ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligi, jaý ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna mätäç adamlaryň anyk sany, ýaşlara, maýyplara we goly ýuka maşgalalara berilýän jaý kömekleri barada anyk maglumatlar çap edilmeýär.

Şu aralykda, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatyna görä, oba ýerlerindäki kärendeçileriň kärende ýerleri hem yzyna alnyp başlandy. Neşiriň maglumatyna görä, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň “Watan” daýhan birleşiginde bir topar kärendeçä başlyk ýerleriniň Oba hojalyk uniwersitetine berilýändigini, olaryň “başga iş gözlemelidigini” aýdypdyr.

Häkimiýetler tabşyryk-borçnamalaryny ýerine ýetirmeýän kärendeçileriň ýerleriniň ellerinden alynjakdygyny öňräkden bäri duýduryp gelýärler, daýhanlar bolsa şertleriň talap edilýän hasyly almaga mümkinçilik bermeýändigini aýdyp, köplenç bergili çykýandyklaryny gürrüň berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG