Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlardaky talyplara iki aýda bir gezek 50 ýa 100 dollar geçirmek görgi, ene atalar kösenýär


Illýustrasiýa suraty. Bank karty
Illýustrasiýa suraty. Bank karty

Daşary ýurtlarda bilim alýan talyplaryň ene-atalary Türkmenistandan pul ugratmakda agyr kösençlikleri başdan geçirýärler. Banklaryň hödürleýän çäkli we çylşyrymly mümkinçilikleri ene-atalary azara goýýar. Bank nobatyna garaşýan adamlaryň arasynda dawa-jenjeller ýüze çykýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary talyplaryň ene-atalarynyň başdan geçirýän kynçylyklary barada habar berýärler.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady çökgünligiň fonunda daşary ýurtlara walýuta geçirimleri berk çäklendirilýär.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, Halkbankdan berlen halkara bank kartlarynyň üsti bilen iki aýda 100 dollar möçberinde maliýe serişdesini bank hasabyna geçirmäge mümkinçilik berilýär. Eger-de, bank kart başga bankdan, meselem, Türkmenbaşy bankyndan berlen bolsa, onda iki aýda 50 dollar möçberinde maliýe serişdesini geçirmäge mümkinçilik berilýär.

Galyberse-de, habarçylaryň maglumatlaryna görä, daşary ýurda 100 dollar ugratmak üçin 2000 manat möçberinde, 50 dollar ugratmak üçin 1200 manat möçberinde araçylara para bermeli.

Türkmenistanda diplomy ykrar edilýän daşary ýurt uniwersitetlerinde bilim alýan talyplar ýerli banklardan hasap açdyryp, halkara bank kartlaryny öz ýanlary bilen bilim alýan ýurduna alyp gidýär. Olaryň ene-atalary ýa-da ýakyn hossarlary ýerli bankda açylan hasaba bellenen tertipde manat geçirýär. Ýurduň daşyndaky talyplar hasaba geçen pullary türkmen banklaryndan alan halkara bank kartlarynyň üsti bilen daşary ýurtlarda dollarda, ýa-da başga walýutada harçlaýar. Banklar ene-atalaryň geçirýän milli pullaryny walýutanyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça dollara ýa-da beýleki walýuta serişdelerine öwürmäge mümkinçilik döredýär. Ýöne şol mümkinçilik soňky birnäçe ýyl bäri tapgyrlaýyn esasda berk çäklendirildi we şu günler ene-atalar, ýaňy hem habar berşimiz ýaly, daşary ýurtlarda bilim alýan ogul-gyzlaryna aýda ýa 50 dollar ýa 25 dollar möçberinde pul ugratmakda agyr kösençlikleri başdan geçirýärler.

Galyberse-de, türkmen banklary şeýle mümkinçilikden peýdalanmak isleýän raýatlardan, pul iberilýän studentiň okuw jaýyny tassyklaýan resminama talap edýär.

“25-50 dollar bilen bir aý oňuşyp bolmaýar” diýip, bir ene-ata Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Ýöne iň bolmanda 25-50 dollar ugratmak üçin ene-atalar banklara barýarlar, nobata durýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 24-nji aprel güni Halk bankyň Aşgabatdaky Atamyrat Nyýazow köçesinde ýerleşýän binasynda 400 töweregi adamyň daşary ýurtlarda bilim alýan studentlere pul ugratmak üçin uly nobat emele getirendigini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, adamlaryň arasynda ýakalaşyk ýüze çykdy. “Ýakalaşykda diňe oňa gatnaşan adamlar däl, beýleki adamlar hem ejir çekdi” diýip, bir şaýat gürrüň berdi. “Adamlary ýadatdylar” diýip, ol sözüne goşdy.

Adamlar pul ugratmak üçin talon alyp, nobata ýazylýar. Habarçynyň maglumatlaryna görä, Aşgabadyň Senagat bankynda iki aýda 50 dollar geçirmek maksady bilen bankdan talon almak üçin 800 manat möçberinde para bermeli.

Ýurtda agyr ykdysady problemalar dowam edýän mahaly, käbir adamlar daşary ýurtlarda bilim alýan ogul-gyzlaryna pul ugratmak üçin karz alýarlar, hatda prosentine karz alýan adamlar bar.

Bankyň resmi alyş-çalyş bahasy boýunça pul geçirip bilmeýän adamlar, manatda karz-kowal alyp, ony gara bazar bahasy boýunça dollara çalyşmaly bolýarlar.

Ene-atalar bank geçirimleri bilen bagly bar bolan problemalar boýunça bank resmilerine ýüz tutýarlar. Ýöne ýüz tutmalar netije bermeýär. Habarçy şeýle meseleler boýunça bir döwlet bankyna ýüz tutan ene-atalar barada habar berdi.

“Talyplaryň ene-atalary öz soraglaryna jogap tapmak üçin banka bardylar. Ýöne bank işgärleri ‘başarmasaňyz çagalaryňyzy daşary ýurtlara okuwa ugratmaly däl ekeniňiz, biz size daşary ýurda ugrat diýmedik, öz islegleriňiz boýunça tölegli okuwa ugratdyňyz, döwlet siziň çagalaryňyza pul geçirmäge borçly däl, ol siziň aladaňyz, biz oňa jogapkär däl’ diýip, adamlaryň ýüzüni alyp kabinetlerinden kowup görýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Köp ene-ata talyp ogul-gyzlarynyň daşary ýurtlarda maliýe kynçylyklary sebäpli kösenýändiklerini aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG