Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Derňew: Türkmenistanyň halky açlyk çekýärkä, prezidentiň ýegeni azyk importyndan bähbit görýär


Hasabatyň awtorlary prezidentiň maşgala agzalarynyň kaşaň durmuşy sürýän pursady, adaty adamlar üçin gündelik çöreginiň hem aladadygyny nygtaýarlar.

Garaşsyz türkmen neşileri “Turkmen.news” we “Gundogar” Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa hasabaty proýekti (OCCRP) bilen bilelikde, Türkmenistanyň prezidentiniň garyndaşlarynyň soňky birnäçe ýylyň dowamynda, bu ýurduň ilatynyň başdan geçirýän azyk krizisinden nähili girdeji alýandyklaryny görkezýän žurnalistik derňewi çap etdi.

“Türkmenistanyň raýatlary subsidirlenýän azyk önümleri üçin uzak wagtlap nobata durýan wagtynda, prezidentiň maşgala agzalary kaşaň durmuşdan lezzet alýarlar. Žurnalistler ilkinji gezek prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýakyn gatnaşykda bolanlaryň girdejili şertnamalary baglaşyp biljekdigini görkezýän dokumental subutnamalary almagy başardylar” diýip, 13-nji maýda çap edilen derňewiň awtorlary Ruslan Mätiýew we Baýram Şyhmyradow ýazýarlar.

Žurnalistler Türkmenistanda azyk ýetmezçiliginiň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýegenleriniň biri üçin altyn çeşmesine öwrülendigini bildiler. Makala Berdimuhamedowyň uly gyz doganynyň ogly, 39 ýaşly Hajymyrat Rejebow hakda, ol daýysynyň buýrugy bilen azyk importy üçin millionlarça dollarlyk şertnama baglaşan bir kompaniýanyň eýesi. Derňewde onuňprezident daýysynyň arkasyndan 25,7 million dollarlyk şertnama baglaşandygy bellenilýär.

Derňewiň awtorlarynyň biri, "turkmen.news" neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde, derňewiň üstünde 3-3,5 aý töweregi işländiklerini, şeýle-de Britaniýanyň kanunçylygyna laýyklykda açyk çeşmelerde ýerleşdirilen maglumatlaryň üsti bilen, gürrüň gidýän kärhananayň prezidentiň ýegenine degişlidigini anyklamagy başarandyklaryny mälim etdi.

Turkmen.news”, “Gündogar” we “OCCRP” -nyň habaryna görä, prezidentiň ýegeni Rejebowa degişli Britaniýada hasaba alnan “Greatcom Trade LLP” 2016-njy ýylda 25,7 million dollarlyk hökümet şertnamasyny alypdyr. Bu prezident Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 11-nji noýabryndaky 14995 belgili karary bilen Söwda we Daşary Ykdysady gatnaşyklar ministrligine ýedi daşary ýurt kompaniýasy bilen 60 million dollarlyk import şertnamalaryny baglaşmagy buýruk berenden soň mümkin boldy. Bulardan iň bolmanda üçüsi çynlakaý soraglary döredýär diýip, materialyň awtorlary ýazýarlar.

“Greatcom” Türkmenistany 15 müň 100 tonna şeker, 7 müň tonna towuk aýagy, 2 müň 83 tonna günebakar ýagy, 170 tonna ýag we 107 tonna margarin bilen üpjün etmeli bolupdy. Netijede, şertnama 25,7 million dollara düşdi.

Berdimuhamedowyň “Greatcoma” önüm import etmek hukugyny bermek baradaky karary bar. Žurnalistler prezidentiň hökümetiň ähli ugurlaryna gönüden-göni gatnaşýan ýurdy üçin özboluşly bolan müňlerçe kararyny öwrendiler, ýöne diňe bu dokument azyk önümleriniň importy bilen gönüden-göni baglanyşykly.

Azyk import ulgamy bilen tanyş bir adam: "Bu karar ähli türkmen çinowniklerine – premýer-ministriň orunbasaryndan başlap, söwda boýunça jogapkär ministrine çenli ählisi diňe şol firma bilen işleşmeli” diýýär. Ol öz adynyň aýan edilmezligini sorady.

Şeýle hem žurnalistler prezidentiň ýegeniniň döwlet şertnamasyndan alýan girdejisini nämä sarp edendigini anyklamagy başardylar.

Şeýlelik bilen, girdejili şertnama prezidentiň ýegenine Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda aýratyn duran kaşaň jaý satyn almaga mümkinçilik berdi. Jaýyň içerisi mermer bilen bezelen, bürünç we hrustal lýustra-çyralar asylan hem Italiýadan ýörite getirilen bezegler bilen bezelipdir. Materiallaryň awtorlarynyň ýazmagyna görä, şeýle baýlyk Türkmenistanyň adaty raýatynyň gurby çatjak zatlar däl.

Bu kaşaň jaý Aşgabadyň merkezi ‘Gaža” etrabynda ýerleşýär, ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýanyň söweş sungaty oýunlarynyň öňüsyrasynda täzeden guruldy. Täze kaşaň jaý toplumyny gurmak üçin döwlet takmynan 547 million dollar sarp etdi. Amnesty International guramasynyň habaryna görä, çagalar bagyny, mekdebi, söwda merkezlerini we seýilgähi öz içine alýan täze şäherçäni gurmak üçin hökümet köne jaýlary ýykdy we ýaşaýjylaryny ýeterlik kompensasiýa bermezden kowdy.

Mätiýew bu kaşaň jaýyň Rejebowyň ogly, Begenç Rejebow üçin niýetlenendigini hem anyklamagy başarandyklaryny nygtady.

Rejebowlar kaşaň durmuşdan lezzet alýarka, Türkmenistanyň ýönekeý raýatlarynyň gowy gün görmejegi bellidi.

Azyk ýetmezçiliginiň fonunda käbir maşgalalar azyndan azajyk gazanç etmegiň ýoluny tapdylar: ir säherden nobata durup, ol entek satlyp gutarmanka, arzan bahadan iýmit alýardylar, soňra bolsa has ýokary bahadan söwda dükanlarynda satýardylar. Ilatyň arasynda dartgynlyk artýar: aç adamlar maşgalalaryny nädip eklemelidigi barada alada edýärler. Jedeller, dawa-dartyşmalar adaty bir zada öwrüldi, hökümet resmileri bolsa tertibi saklamak hem nobatyň öňüni almak üçin, polisiýa işgärlerini dükanlara birikdirmeli boldy.

Geçen ýyl ýagdaý hasam erbetleşdi: hökümet paýtagtdan başga ähli sebitlerde azyk paýlanyş ulgamyny ornaşdyrdy. Ýaşaýjylara ýaşaýan ýerlerine iň ýakyn dükandan subsidirlenen azyk önümlerini satyn almaga borçly etdi. Soň bolsa, Türkmenistanyň käbir sebitlerinde azyk normalary azaldyldy.

2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Mary şäheriniň ýaşaýjylary üçin aýlyk subsidirlenýän iýmit kadasy azaldy: maşgala başyna iki kilo towuk aýagy we adam başyna alty ýumurtga. Şu ýylyň aprel aýynda Balkanabat şäherinde azyk önümleriniň aýlyk paýy azaldy: bir kilo towuk aýagy, bir litr ösümlik ýagy we her maşgala 250 gram şeker bermeli edildi.

Mätiýew bu ýagdaýlaryň arasynda, prezidentiň ýakynlarynyň keýpi-sapa durmuşda ýaşamagynyň has hem gözçykgynçygyny belleýär.

Galyberse-de, mundan ozal hem Berdimuhamedowyň ýakynlarynyň kaşaň durmuşlaryny äşgär edýän maglumatlary çap eden turkmen.news neşiri, häkimiýetiň başyndakylaryň baş goşýandygy aýdylýan korrupsiýa işlerini mundan beýläk hem paş etmegini dowam etdirjekdigini aýdýar.

Human Rights Watch guramasynyň wekili Reýçel Denber azyk ýetmezçiliginiň we nobatlaryň "güýçli sarsgynyň çeşmesidigini, Berdimuhamedowyň töweregindäkileriň ýa-da başga biriniň halkyň kösenjinden pul toplamagynyň ýigrenji zatdygyny” aýtdy.

Şeýle hem, bu materialda bir ýyl ozal döredilen Şotlandiýanyň “Intergold LP” firmasy tarapyndan alnan 1 müň 200 tonnadan gowrak konditer önümlerini import etmek baradaky şertnama agzalýar. Bu şertnama üçin türkmen hökümeti 3,5 million dollar sarp etdi.

Azatlyk Radiosy žurnalist-barlagçylaryň Halkara Konsorsiumy (ICIJ) bilen bilelikde, türkmen elitasy bilen baglanyşykly bolmagy ähtimal şu we beýleki kompaniýalaryň şübheli işleri barada hasabat berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG