Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýede hemişelik ýaşamaga rugsady bolmadyk türkmenistanlylar transport kartyny almak hakyny gazandylar


Türkmenistanyň biometriki passporty
Türkmenistanyň biometriki passporty

Türkiýede ýerleşýän we bu ýurtda hemişelik ýaşamaga rugsady bolmadyk Türkmenistanyň raýatlary ulag kartoçkasyny almak hakyna eýe boldular.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki fondunyň (THF) habar bermegine görä, indi ulag kartasyny almak we ony HES kody bilen baglaşdyrmak üçin Türkiýede hemişelik ýaşamaga rugsady bolmadyk türkmen raýatlary diňe pasport belgisini we familiýasyny görkezmeli bolarlar.

29-njy dekabrda THF 2021-nji ýylyň 15-nji ýanwaryndan başlap, Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň “HES” talaplaryny berjaý etmek baradaky 2020-nji ýylyň 30-njy maýynda kabul eden düzgünine görä, şäher ulaglaryndaky ähli ýolagçylaryň ýörite kodunyň bolmalydygyny habar beripdi. Talaba görä, ýurduň öz raýatlaryna ýörite kodlar dokumentlerine laýyklykda berilmeli edildi. Daşary ýurtly syýahatçylara olaryň daşary ýurt resminamalary esasynda “HES” kody berildi.

Türkmen Helsinki fondy Türkiýede ýüzlerçe müň türkmen raýatynyň bikanun ýagdaýda ýaşaýandygy sebäpli, bu düzgüniň girizilmeginiň olary hatar astyna goýýandygyna ünsi çekipdi.

Ynsan hukuklaryny goraýjy gurama 15-nji ýanwarda çap eden maglumatynda onuň iberen habarynyň esasynda ýüzlerçe türkmen aktiwistiniň 153 telefon nomerine jaň edip, maslahat sorandygyny, netijede problemanyň Türkiýäniň degişli edaralaryna ýetirilendigini habar berdi.

"Türk häkimiýetleri biperwaý galmady we türkmen režiminiň ýalňyşlygy sebäpli döredilen ýagdaýdan çykalga tapdy. THF-iň haýyşy boýunça şu gün birnäçe türkmen migranty bu ulgamy synagdan geçirdi, üç adamyň hemmesine ulag kartoçkasy berildi" diýip, gurama öz maglumatynda ýazýar.

"Bu meselä gözegçilik etmegi dowam etdireris we bu meseläni üstünlikli çözmek boýunça bilelikdäki işleri üçin türkmenlere we türk adam hukuklaryny goraýjylaryna hem aktiwistlerine sag bolsun aýdýarys. Türkiýe Türkmenistana gumanizmiň we erkiň nusgasyny görkezdi" diýlip, Türkmen Helsinki fondy tarapyndan 15-nji ýanwarda çap edilen beýanatda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG