Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bilim-düşünjä gysyk mekdepler ýaşlary jenaýata iteklemekde jomart görünýär


Türkmenabat. Prezidenti garşylamaga garaşýan okuwçylar. Türkmenistanda okuwçylaryň sapaklaryny ýatyryp, olary çärelere gatnaşdyrmak adaty zada öwrüldi. Arhiw suraty, 2013.

Özüni Bahar diýip tanadan lukmanyň tassyklamagyna görä, Farabyň 1-nji, 24-nji mekdepleriniň iki okuwçysy, soňky jaň dabaralaryna pul tapman, öz janlaryna kast etmäge synanyşypdyr. "Olar häzir farap keselhanasynda bejergi alýar, bu diňe biziň bilýänimiz" diýip, lukman radionyň habarçysyna aýtdy.

Türkmenistanyň orta mekdeplerinde maý aýynyň aýagynda geçirilýän soňky jaň dabaralaryna görülýän taýýarlygyň çäginde uçurymlardan pul ýygnalmagy bilen, ozalam kyn ykdysady şerlerde ýaşaýan goly ýuka maşgalalar has kän basyşa sezewar bolýar diýip, Azatlygyň ýerli habarçylary habar berýär.

Şol bir wagtda, mekdeplerde okuwçylardan ýygnalýan pullaryň möçberini öwrenen habarçynyň maglumatyna görä, bu çäre üçin toplamaly serişdäniň belli bir kesgitlenen çägi hem ýok; netijede, belki-de dabaralaryň tutumyna we mekdep ýolbaşçylarynyň göwün isleglerine görä, ýygnalýan pullaryň mukdary mekdeplerde dürli-dürli hem bolup bilýär.

Mysal üçin, Türkmenabatdaky 10, 12, 33, 48, 55-nji orta mekdeplerde 25-nji maýda geçiriljek soňky jaň dabarasy üçin uçurymlardan 2-5 müň manat aralygynda pul toplanýar, emma Farapdaky 1, 2, 5, 10-njy orta mekdeplerde 1-3 müň manat aralygyndaky serişde ýygnalýar diýip, habarçy aýtdy.

Ýöne bu ýygnalýan serişdeler diňe çäreleriň çykdajysy üçin, mekdep direktoryna we okuw bölüminiň müdirlerine sowgat almak üçin, okuwçylaryň arasynda 'moda', ýagny ýoň bolan geýim-eşikleri satyn almak üçin hem her okuwça 1-2 müň manat aralygyndaky serişde gerek bolýar.

Azatlyk radiosy geçen ýyllarda bu çykdajylary çekip bilmeýän ene-atalaryň çagam deň-duşlarynyň ýanynda kemsinmesin diýip, bergi-borja girişi, kähalatda bolsa, öz janyna kast eden ýaşlar hakynda hem habar berdi. Has anygy, geçen ýylyň 25-nji maýynda habarçylar diňe bir sebitde üç uçurynyň özüni heläkländigini habar berdiler.

Emma häkimiýetler bu hili habarlara hiç bir reaksiýa bildirmeýärler, türkmen metbugaty bu problema göz ýummagyny dowam etdirýär.

Ýerli synçylar ýurtdaky ykdysady kynçylyklaryň bu ýyl hasam çuňlaşandygyny we munuň soňky jaň dabarasyny geçirjekler üçin has kän alada bolandygyny aýdýarlar.

Radionyň habarçysy bilen gürleşen birnäçe ene-atanyň tassyklamagyna görä, "häzirki krizis döwründe köp maşgalanyň bu hili artykmaç çykdajylary çekmäge ýagdaýy ýok".

Olar bu çykdajylaryň her hili garaşylmadyk ýagdaýlara alyp gelýändigini, ene-atalaryň käbiriniň soňky jaň dabaralary 'sag-aman sowulýança' iňňäniň üstünde oturan ýaly bolýandygyny gürrüň berýärler.

"Bu ýyl eşidilýän zatlar hasam utançly... Farapda okuwçy gyzlar, 'soňky jaň dabarasyny abraý bilen geçirmek üçin" diýip, her hili biabraýçylyga ýüz urýarlar, olaryň arasynda öz päkligini satýanlar-da bar" diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Özüni Bahar diýip atlandyran lukmanyň habarçy bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, Farabyň 1-nji we 24-nji mekdepleriniň iki okuwçysy, soňky jaň dabaralary üçin pul tapman, öz janlaryna kast etmäge synanyşypdyr.

"Olar häzir farap keselhanasynda bejergi alýar, ýöne bu diňe biziň bilýänimiz, beýle ýagdaýlaryň bilinmän, eşidilmän galýany hem az däl" diýip, ýerli lukman radionyň habarçysyna aýtdy.

Soňky jaň dabaralary üçin pul tapmaýan we uly durmuşa pata almaga taýýarlanýan okuwçylar, deň-duşlarynyň ýanynda utanja galmazlyk üçin, her dürli jenaýatlara, şol sanda ogurlyga hem ýüz urýarlar. Soňky bir aýda, 25-nji maý dabaralarynyň öňüsyrasynda Farapda mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň azyndan on bir sanysy awtoulaglaryň tekerlerini, goýun, sygyr ogurlap saklandy diýip, habarçy polisiýadaky çeşmelerine salgylanyp aýtdy.

Adynyň aýdylmazlygyny soran resminiň tassyklamagyna görä, polisiýada sorag edilen ýaşlaryň ählisi jenaýatçylyga soňky jaň dabarasyna pul tapmak üçin baş goşandygyny boýun alypdyr.

Türkmenistanyň mekdeplerinde çagalary okaýan ene-atalar diňe soňky jaň dabaralarynyň öňünden däl, bütin ýylyň dowamynda her hili garaşylmadyk, şol bir wagtda-da bikanun salgytlary tölemäge mejbur bolýar. Ýöne bu kynçylygyň diňe bir bölegi, esasy mesele türkmen mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň köpüsi başga sapaklary gowy özleşdirmekden geçen, öz dillerinde dogry ýazmagy, okamagy hem idili öwrenip bilmeýär diýip, synçylar aýdýar.

Azatlygyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginden mekdeplerdäki ýagdaý, şol sanda soňky jaň dabaralarynyň çykdajylary baradaky soraglaryna jogap almak tagallalary häzire çenli netije bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG