ABŞ-da, Kanadada, Ýewropanyň ýaran ýurtlarynda we Türkiýede geçirilen täze pikir soralyşyk ABŞ-nyň ygtybarlylygy barada dürli pikirleri, şeýle hem ýurduň Ýewropanyň howpsuzlygyna gatnaşmagyna goldawyň artýandygyny görkezýär.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň şu hepdäniň ahyrynda Ýewropa saparynyň öňüsyrasynda Germaniýanyň Marşal we Bertelsmann fondlarynyň 7-nji iýunda çap eden barlaglaryna görä, Türkiýe bilen Şwesiýadan başga ýurtlarda köpçülik Amerika Birleşen Ştatlary goranyş we howpsuzlygyna belli bir derejede gatnaşmaly we aktiw hereket etmeli diýip pikir edýär.
Transatlantik tendensiýalar 2021 atly hasabata görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlary global meselelerde iň täsirli güýç bolup galýar (62%), ondan soň Hytaý (20%), şeýle-de bileleşik hökmünde Ýewropa Bileleşigi (14%) barýar diýen umumy pikir bar.
ABŞ-nyň ygtybarlylygy baradaky düşünje Ýewropa ýurtlarynda tapawutlandy, Germaniýada bu pikiri 51% goldady, Polşada bolsa 76% ABŞ ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garýar. Türkleriň dörtden bir bölegi ABŞ-a ynanýar.
Netijeler, Türkiýäniň ýewropa we atlantik hyzmatdaşlary arasynda özara ynam krizisiniň bardygyny görkezýär. ABŞ-da bäş adamdan ikisi we ÝB-ne agza ýurtlarda soraga gatnaşanlaryň üçden iki bölegi Türkiýäniň ygtybarly däldigini aýdýarlar.
Türkler hem hyzmatdaşlaryna şübheli garaýarlar, diňe 54%-i ynamdar hyzmatdaş hökmünde Germaniýa ynanýarlar.
29-njy martdan 13-nji aprel aralygynda onlaýn ýagdaýda geçirilen pikir öwrenme 11 ýurtda, ýagny Britaniýada, Kanadada, Fransiýada, Germaniýda, Italiýada, Niderlandlarda, Polşada, Ispaniýada, Şwesiýada, Türkiýede we ABŞ-da geçirildi we oňa her ýurtda kämillik ýaşyna ýeten 1000 adam gatnaşdy.
Pikir öwrenmeleri, Baýdeniň şu hepdäniň ahyrynda G7, NATO we Ýewropa Bileleşiginiň sammitlerine gatnaşmak üçin Ýewropa ilkinji saparyna başlamagynyň öňüsyrasynda çap edildi. Biden öňki prezident Donald Tramp tarapyndan zeper ýetirilen transatlantik gatnaşyklary dikeltmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle-de, barlaglara görä, 11 ýurduň hemmesinde adamlar Hytaýyň global meselelere edýän täsiri barada umuman negatiw garaýarlar we ortaça jogap berenleriň üçden iki bölegi bu täsiri umuman ýa-da negatiw hasaplaýarlar.
Pikir öwrenmelere gatnaşanlaryň aglaba köpüsi öz ýurtlarynyň Pekine, esasanam adam hukuklary (62%), kiberhowpsuzlyk (57%) we howanyň üýtgemegi (56%) ýaly meselelerde has berk pozisiýa görkezmegine isleg bildirdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.