Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

15 ýaşly gyzyň 63 ýaşly goňşusy tarapyndan zorlanmagy baradaky iş. Şübhe bildirilýän ýarawsyz, kazyýet işi saklaýar


Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanyň Oş oblastynda 15 ýaşly gyzyň zorlanmagy bilen baglanyşykly kazyýet işi dowam edýär. Ol gyzyň dogran çagasy eýýäm dört aýlyk. Pida çekeniň garyndaşlary 63 ýaşly şübhe bildirilýäne garşy kazyýet işiniň uzaga çekdirilmegine närazylyk bildirýärler.

Mekdep okuwçysy žurnalist bilen gürrüňdeşlige çagasyny-da alyp geldi. 16 ýaşly gyz henizem özüni ene ýaly duýmaýandygyny boýun alýar. Onuň aýtmagyna görä, olaryň ýaşaýan jaýyna golaý bolan ýerde, zorluk hadysasy Arawan raýonynyň Çek-Awat obasynda ýüze çykypdyr.

«Biraz mätäçlik çykdy-da, mekgejöwen meýdanyndan ylgap barýardym. Ol meni arkamdan tutdy-da, agzymy ýapdy hem zorlady. Bu 20-nji awgustda boldy. Agşamlyk namazyndan öňräk, alagaraňkydy. Öýe gelip, eşiklerimiň gana boýalandygyny gördüm» diýip, jebir çeken geçmişi ýatlaýar.

Zorlanan gyzyň garny ulalyp başlaýança, ýakynlarynyň hiç biri bolan işe ýeterlik ähmiýet bermändir. 2020-nji ýylyň dekabrynda ene-ata gyzyny doktora äkidipdirler. Şol ýerde onuň göwreli bolandygy aýdylýar. Şondan soň olar derrew polisiýa ýüz tutýarlar.

Bu maşgalanyň gapdalynda ýaşaýan 63 ýaşly bir adam şübhe astyna düşýär. Hukuk goraýjy guramalar Gyrgyzystan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň

163-nji maddasynyň 3-nji bölümi – “Kämillik ýaşyna ýetmedige jyns taýdan zorlukly hereketleri" boýunça jenaýat işini açýar.

Güman edilýän adam diňe şu ýylyň iýun aýynda tussag edilip, wagtlaýyn tussaghanada ýerleşdirildi. 18-nji iýunda açylan jenaýat işi Arawan raýon kazyýetine berilýär. Muňa garamazdan, gyzyň ene-atasy kazyýet işiniň barşyndan nägile:

‒ Ýakynda bizi kazyýet diňlenişigine çagyrdylar. Biz baranymyzda, kazyýet işiniň ýapyk boljakdygyny aýtdylar, şonuň üçin kazyýet zalyna köp adam goýberilmedi. Diňe men, gyzym, biziň aklawçymyz hem şübhe bildirilýäniň iki aklawçysy girdik. Kazy birnäçe sorag berip, bizi zaldan çykardy. Munuň özi kazyýet diňlenişigine-de meňzemedi. Biz günäkäriň türmä basylmagyny talap edýäris – diýip, pida çekeniň hossary aýdýar.

Saklanan proses

Aýperi Turatbek kyzy
Aýperi Turatbek kyzy

Mälim bolşy ýaly, şübhe bildirilip tussaglykda saklanýan koronawirusa ýolugypdyr, şonuň üçin häzirki wagtda ol keselhanada bejergi alýar. Şunuň bilen baglylykda kazyýetiň işi togtadandygy barada, Oş oblast kazyýetiniň metbugat-sekretary Aýperi Turatbek kyzy aýdýar.

‒ Güman edilýän adam 2021-nji ýylyň 14-nji iýulyndan bäri syrkaw. Arawan raýon kazyýetiniň 22-nji iýuldaky karary bilen jenaýat işi tä ol sagalýança togtadylýar – diýip, metbugat-sekretary aýdýar.

Jebir çeken tarap beýle ýagdaýdan närazy. Olaryň aklawçysy Abdisatar Çokonow şübhe bildirilýän adamyň hassahana ýerleşdirilmegini bikanun hasaplaýar we degişli edaralara ýüz tutmak isleýär:

‒ Wagtlaýyn tussaghanada oňa nädip kesel ýokuşýarmyş? Ol ýerde doktorlar bar! Olar sudýa diňe bir şahadatnama berdiler. Bu resminamanyň göçürmesini kazyýetden alaryn we ähli degişli edaralara ýüz tutaryn.

Azatlygyň redaksiýasy şübhe bildirilýän adamyň özünden düşündiriş alyp bilmedi, ýöne aklawçysy Ulukbek Bektaşow öz müşderisine bildirilýän ähli aýyplamany ret edýär:

‒ Müşderimiň bu jenaýaty etmedigine ynanýaryn. Belki, oňa töhmet atylýandyr. Bolýar, jebir çeken tarap nämäniň bolandygyny dogry aýdan bolsa. Şaýatlyk we sud-medisina barlagynyň seljerişiniň netijeleri gabat

gelse, zorlamanyň hakykatdanam bolandygyna ynanardym. Ýöne gyzyň görkezmesi hem üýtgedi – diýip, şübhe bildirilýäniň aklawçysy aýdýar.

Gyrgyzystanyň Oş oblastyndaky "Ak Žurok" («Ак Журок») merkeziniň ýolbaşçysy Darika Asilbekowa kämillik ýaşyna ýetmediklere garşy zorluk wakalaryň sanynyň köpelendigine alada bildirýär. Onuň pikirine görä, munuň esasy sebäbi jenaýat işleriniň köpüsiniň kazyýete ýetmän saklanmagydyr:

‒ Pida çeken, adatça, adamlaryň öňünde özlerini masgara etmek islemeýärler. Ikinjiden, olar psihologiki şikes alýar. Üçünjiden, bar ýere ylgap, arza ýazmakdan ýadaýarlar, şonuň üçinem talaplaryndan ýüz öwürýärler. Biz kanunyň hökmürowanlygy ugrunda näçe köp synanyşsak-da, bikanunçylygyň ýoly giň bolmagynda galýar – diýip düşündirýär.

2020-nji ýylda Gyrgyzystanyň Oş oblastynda zorlamak faktlary boýunça 9 jenaýat işi gozgaldy. Ýöne şu ýylyň başyndan bäri kämillik ýaşyna ýetmedikleri zorlamaga synanyşan 8 waka hasaba alyndy. Olardan iki iş kazyýete geçirildi, galanlary jenaýat hereketi ýoklugy sebäpli ýapyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG