Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň gazanan ilkinji we ýeke-täk olimpik medaly üçin prezidentiň ogly taryplanýar


Türkmen türgenleri Polina Gurýewanyň ýeňşini gutlaýar. Tokio.
Türkmen türgenleri Polina Gurýewanyň ýeňşini gutlaýar. Tokio.

Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş eden agyr atletikaçy Polina Gurýewa ýurduň garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji olimpik medalyny gazandy. Ýöne türkmen häkimiýetleri sport ussadynyň gazanan bu ýeňşi üçin prezidentiň ogly we wise-premýer Serdar Berdimuhamedowy taryplaýar. Türkmen resmileri “Serdar bolmadyk bolsa, medal hem bolmazdy” diýen pikirler öňe sürüp, ilat arasynda wagyz işlerini geçirýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, şu günler häkimiýetler Lebap welaýatynyň Bilim bölüminde ýörite çäreleri gurnaýarlar. Çäreleriň dowamynda häkimiýetler ýurduň garaşsyzlyk taryhynyň ilkinji olimpik ýeňşini prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň “bagtly gadamy” bilen ilteşdirýärler.

“Kiçi Berdimuhamedowyň aýagy düşüp, bu medal bize nesip etdi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy çärede çykyş eden bir resminiň sözlerini sitirleýär.

Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynyň 27-nji iýulda geçirilen sport bäsleşiklerinde agyr atletika boýunça 59 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 217 kilogram agram götermek bilen kümüş medala mynasyp boldy.

21-nji awgustda Aşgabatda sport ussadyny sylaglamak dabarasy geçirildi. Ol “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly at bilen sylaglandy. Dabara gatnaşan Serdar Berdimuhamedow sport ussadyna ähli amatlyklary bolan üç otagly jaýyň hem-de “Lexus LX570 Sport Plus” kysymly awtoulagyň açaryny gowşurdy we ony 50 müň dollar möçberinde pul sylagy bilen sylaglady.

“Türkmenabatda geçirilen hoşallyk maslahatlarynda kiçi Berdimuhamedowyň propagandasyna bat berilýär. ‘Eger Serdar bolmadyk bolsa, medal hem bolmazdy’ diýen pikirleri öňe sürýänler bar” diýip, bir ýygnaga gatnaşyjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 39 ýaşly ýeke-täk ogly Serdar Berdimuhamedow soňky ýyllarda kakasy tarapyndan yzly-yzyna ýokary wezipelere bellenildi. Synçylar gysga wagtyň içinde prezidentiň oglunyň wezipe basgançaklarynda barha kän ‘tejribe’ toplamagyna salgylanyp, onuň ‘prezident’ wezipesine taýýarlanylýan bolmak ähtimallygyny aradan aýyrmaýarlar.

“Kümüş medal kiçi Berdimuhamedowyň reklama edilmegine gurban bolýar” diýip, bir ýygnaga gatnaşyjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýygnaga gatnaşyjylar Lebap welaýatynyň Bilim bölüminde gurnalýan çäreleri “hoşallyk maslahatlary” atlandyrýarlar.

Çäreleriň dowamynda prezidentiň ogluna hoşallyk sözleri aýdylýar.

21-nji awgustda paýtagt Aşgabatda geçirilen sport ussadyny sylaglamak dabarasynda, hususan-da Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk we minnetdarlyk sözleri gaýtalandy. Polina Gurýewa özüniň media çykyşlarynda gazanan kümüş medalyny Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna bagyşlaýandygyny mälim etdi.

Olimpiýa oýunlarynyň öň ýany, Aşgabatda türkmen türgenlerini halkara bäsleşigine ugratmak dabarasy geçirildi. Dabara sport resmileri bilen bir hatarda Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Tokio 2020 Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan dokuz türgen gatnaşdy. Polina Gurýewadan başga hiç bir türgen bäsleşiklerde ýeňiş gazanyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG