Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

'Talyban' Kabulyň aeroportuna gözegçilik edip, ABŞ-nyň çykmagyndan soňky 'doly garaşsyzlygy' belleýär


"Talibanyň" Badri ýörite güýçleriniň söweşijileri, Kabulyň aeroporty, 31-nji awgust, 2021

ABŞ-nyň soňky harby uçary uçuş-gonuş zolagyndan çykansoň, "Talyban" Kabulyň halkara howa menziline doly gözegçilik edip başlady, bu Owganystandaky 20 ýyllyk söweşiň we ABŞ-nyň gatnaşan iň uzak urşuny soňlady.

31-nji awgustda owgan paýtagtynyň hemme ýerinde atyşygyň sesi eşidildi, şeýdip "Talybanyň" söweşijileri daşary ýurt güýçleriniň gidendigini dabaraladylar. Gyssagly we bulam-bujarlykly ewakuasiýa "Talybanyň" dolandyryşyndan gaçmaga synanyşan müňlerçe owganystanlyny öz yzynda galdyrdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we onuň ýaranlary, "Talybanyň" Kabuly ele geçirenden bir gün öň, 14-nji awgustdan bäri 123 000-den gowrak daşary ýurtly we töwekgelçilik astyndaky owgan raýatlaryny Kabuldan ewakuasiýa etdiler.

ABŞ-nyň goşunlarynyň çykmagynyň yzýany söweş esbaply "Talyban" söweşijileri Kabulyň howa menzilini gözden geçirip, desgalary ele aldylar. "Los Angeles Times" gazetiniň habarçynyň çap eden wideosynda söweşijileriň angara girip, amerikan güýçleri tarapyndan galdyrylan uçarlary barlaýandygyny görmek mümkin. ABŞ-nyň harbylary taşlanan enjamlaryň hemmesiniň sandan çykarylandygyny aýdýarlar.

Howa menzilinde "Talybanyň" metbugat sekretary Zabihullah Mujahid ABŞ-nyň goşun çykarmagyndan soň Owganystanyň "doly garaşsyzlyk alandygyny" aýtdy.

Mujahud aşa yslamçy toparyň "ABŞ we dünýä bilen gowy gatnaşykda bolmak" isleýändigini, şol bir wagtyň özünde "Talybanyň" ýeňşiniň "beýleki basybalyjylar üçin sapak" bolandygyny duýdurdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ABŞ-nyň Owganystandaky harby missiýasynyň tamamlanmagy bilen “täze diplomatik missiýasynyň başlandygyny” aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary Kabuldaky diplomatik işini togtadyp, işlerini Kataryň paýtagty Doha geçirmek bilen bir hatarda, Blinken amerikalylara we ABŞ-nyň pasportlaryna eýe bolan owganlara isleseler Owganystandan çykmaga kömek etmek üçin "yzygiderli tagallalaryny" dowam etdirjekdigini aýtdy.

Blinken, ýene 100-den 200-e çenli, belki-de 100-e golaý adamyň soňky 20 ýylda ýurtda daşary ýurt operasiýalaryny goldaýan we häzirki wagtda ar alyşdan gorkýan ýene-de müňlerçe owganly bilen birlikde galan bolmagynyň mümkindigini aýtdy we olaryň indi "Talybandan" gorkýandygyny habar berdi.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 31-nji awgustda sagat 1: 30-de halka ýüzlenme bilen çykyş eder. Mundan öň Baýden amerikan goşunlaryny 31-nji awgusta çenli yza çekilmek möhletini saklamak baradaky kararyň harby serkerdeleriň “biragyzdan beren teklibi” bolandygyny aýdypdy.

Owganystanyň günbatar tarapyndan goldanan hökümeti we owgan goşuny “Talybanyň” ýyldyrym çaltlygy bilen eden hüjümi astynda ýykylansoň, müňlerçe owganly 1996-njy we 2001-nji ýyllar aralygynda "Talybanyň" rehimsiz dolandyryşynyň gaýtalanmagyndan gorkup öýlerinden gaçdy.

Halkara derejesinde ykrar edilmegini isleýän "Talyban", häkimiýetdäki ilkinji döwri bilen deňeşdirilende has çydamly we aç-açan dolandyryş usulyny wada berdi, ýöne köp habarlarda halkara toparlary ýa-da öňki hökümet bilen işleşenleri jezalandyrmak we olaryň öýlerini dökmek ýaly çäreleriň geçirilýändigi aýdylýar.

Bu topar daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryny ýurtda galmaga çagyrdy, emma ýurtlaryň köpüsi ilçihanalaryny ýapdy. Söweşijiler Kabulyň howa menziline gözegçilik edeninden soň adaty syýahat etmäge rugsat berjekdigini aýtdylar.

Fransiýanyň daşary işler ministri "Talyban" Katar we Türkiýe bilen Kabulyň halkara howa menziliniň dolandyrylyşyny ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy we yslamçy toparyň Owganystandan gitmek isleýänleriň täjirçilik uçuşlary arkaly muny amala aşyrmagy üçin desgany çalt üpjün etmelidigini talap etdi.

"Katarlylar we türkler bilen howa menzilini dolandyrmak barada gepleşikler dowam edýär. Howa menziline girmegiň howpsuz bolmagyny biz talap etmelidiris "-diýip Fransiýanyň daşary işler ministri 31-nji awgustda Fransuz telewideniýesinde aýtdy.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad owgan hökümetiniň dargamagyndan ozal geçirilen parahatçylyk gepleşiklerinde "Talyban" indi "synagdan geçýär" diýipdi.

“Olar öz ýurduny, ähli raýatlarynyň, ýagny erkekleriň we aýal-gyzlaryň öz ukybyny ösdürmek üçin deň mümkinçilik berýän, howpsuz we abadan geljege alyp baryp bilerlermi? Owganystan dürli medeniýetleriniň, taryhynyň we däp-dessurlarynyň gözelligini we güýjüni dünýä görkezip bilermi? " diýip Zalmaý Halilzad 30-njy awgustda twitterde ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG