Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hukuk goraýjylar pandemiýanyň arasynda, türkmen türmelerinde ýitirim edilenleriň saglygy barada alada bildirýär​​​​​​​


Illýustrasiýa suraty

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy degişli ähli şahslary, döwletleri we hökümetara guramalary Türkmenistanyň türmelerinde tussaglaryň mejbury ýitirim edilmeginiň bes edilmegi baradaky kararyny täzelemäge çagyrýar. Şeýle-de, hukuk goraýjylar koalisiýasy koronawirus pandemiýasy tutuş dünýä ýiti täsir ýetirýän mahaly, Türkmenistanda ýitirim edilenleriň saglygy barada çuňňur aladalaryň döreýändigini hem aýdýar.

Kampaniýa bu baradaky çagyryşyny we aladasyny 30-njy awgustda, Ýitirim bolanlaryň halkara gününe gabatlap çap eden beýanatynda mälim etdi.

"Adamlary köp ýyl bäri ýakynlaryna hiç hili maglumat bermezden, kanuny ýa-da lukmançylyk kömeginden peýdalanmaga mümkinçilik bermezden, daşarky dünýäden doly üzňelikde saklamak adam hukuklarynyň we Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň we halkara borçnamalarynyň, şol sanda Raýat we syýasy hukuklar baradaky Halkara şertnamasynyň gödek bozulmagydyr" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Hukuk goraýjylar koalisiýasynyň ýazmagyna görä, 2002-nji ýyldan bäri - Türkmenistanda adamlar dürli galp aýyplamalar bilen uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilende - bendileriň mejbury ýitirim edilmegi bilen bagly ýüzlerçe waka ýüze çykdy.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasy türkmen türmelerinde 120-den gowrak adamyň ýitirim bolandygy barada anyk hadysalary dokumentleşdirendigini we bulardan azyndan 29 sanysynyň tussaglykda ölendigini hem ýazýar.

"Mejbury ýitirim edilenleriň we tussaglykda ölenleriň hakyky sany, şübhesiz, has köp" diýlip, beýanatda aýdylýar.

Hukuk goraýjylar koalisiýasy koronawirus pandemiýasy tutuş dünýä ýiti täsir ýetirýän mahaly, Türkmenistanda ýitirim edilenleriň saglygy barada çuňňur aladalaryň döreýändigini hem aýdýar.

"Häkimiýetler ýurtda COVID-19-yň bardygyny inkär etmegini dowam etdirýärler, ýöne garaşsyz çeşmeler köp sanly wirusa ýoluganlar we munuň bilen bagly ölüm hadysalarynyň köpelýändigi barada habar berýärler. Türmelerde - esasan-da syýasy tussaglaryň we ýitirim edilenleriň köpüsiniň saklanýan meşhur "Owadan-Depe" türmesinde - şertler elhenç bolup, olar wirusyň kontrolsyz ýaýramagyna taýýar" diýlip, beýanatda bellenilýär.

Gynamalaryň giňden ulanylmagy, ýaramaz arassaçylyk şertleri, aşa yssy we sowuk, ýokumly iýmitlenmezlik we türme kameralarynda ýakyn otaglar tussaglaryň saglygyna adaty döwürde, hususan-da pandemiýa döwründe howply şert döredýär diýip, kampaniýa ýazýar.

“Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň maglumatyna görä, 2020-nji ýylyň ýazyndan bäri türmelere baryp görmek we bukjalary eltmek togtadyldy. Bu tussaglaryň has-da izolýasiýa edilmegine sebäp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG