Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistana aşmak we ýurtdan çykmak isleýänleriň nobatlary saklanýar


"Türkmen howa ýollarynyň" uçary (arhiw suraty)
"Türkmen howa ýollarynyň" uçary (arhiw suraty)

Häzirki wagtda Russiýadaky türkmenler Türkmenistana gaýdyp gelmek mümkinçiligine garaşýarlar. Şol bir wagtda-da, Türkmenistandan çykmak isleýän we munuň üçin mümkinçilik gözleýän adamlaryň sany hem artýar. COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendiriji çäreleriň berkidilmegine garamazdan, Türkmenistanda ilatyň arasynda ýurdy terk etmek islegler saklanýar.

Azatlygyň çeşmelerine görä, diňe Moskwada azyndan 2500 adam Russiýadan Türkmenistana guralýan uçuşlara garaşýar. Sanawlar Türkmenistanyň ilçihanalarynda düzülýär we olara diňe ähli resminamalary bar bolan raýatlar girýär.

Çeşmelere görä, türkmenistanlylaryň ýene ençemesi Russiýanyň beýleki şäherlerinde, Sankt-Peterburg, Kazan, Astrahan ýaly türkmen konsullyklary bar bolan ýerlerde-de garaşýar.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtdan çykmagyň örän kyndygyny habar berýärler. Karantin çäklendirmeleriniň pugtalandyrylmagy, pasport almakdaky kynçylyklar we edaralaryň iş tertibiniň çäklendirilmegi köpleriň ýurtdan çykmak mümkinçiliklerini hasam azaltdy.

Azatlyk bilen anonim gürleşen türkmen resmileri ilatyň ýurtdan gitmeginiň hökümetde alada döredýändigini aýtdy.

"Prezident Migrasiýa we Daşary işler ministrliklerine her dürli sebäp bilen ilatyň gitmeginiň öňüni almagy tabşyrdy" -diýip, habarçymyz resmini sitirleýär.

Onuň sözlerine görä, prezidentiň bu buýrugy Türkmenistany terk etmek isleýänleriň köplügi we bu meselede Russiýanyň ilçihanasynyň Türkmenistandan uçar gatnawynyň sanyny köpeltmek baradaky teklibi bilen baglanyşykly.

"Koronawirusdan adamlar ýogalýarka, bu eýsem Türkmenistanda galan raýatlary hem çykarmak teklibi bolýar" -diýip, çeşme aýdýar.

Türkmenistanyň Orsýetdäki ilçihanalary we Orsýetiň Türkmenistandaky içlihanasy bu ýagdaýy kommentirlemedi.

Azatlygyň çeşmelerine görä, ýurt demografiki krizisiň golaýynda.

Ýurduň häkimiýetleri ilatyň 2,7-2,8 milliona çenli azalandygyny anyklapdyr. Güýçli ykdysady krizis sebäpli durmuşyň yzygiderli ýaramazlaşmagy köpleri iş gözläp, ýa-da has amatly şertleri isläp ýurdy terk etmäge mejbur edýär.

Häkimiýetler hem öz gezeginde demografiki krizisiň bardygyny resmi taýdan ykrar etmeýärler, ýöne raýatlaryň gitmeginiň öňüni almak üçin dürli çäreleri görýärler, şol sanda pasport bermegiň gijikdirilmegi we ret edilmegi, döwlet edaralarynyň işgärlerinden pasportlarynyň elinden alynmagy, türkmen raýatlarynyň daşary ýurt pasportlaryndan ýüz öwürmegi üçin olara basyş etmek we ýurtdan çykmakda dürli gadaganlyklary girizmek ýaly hereketleri edýär.

Bu aralykda garaşsyz neşir “turkmen.news” Russiýadan Türkmenistana türkmen raýatlaryny alyp barmak üçin gatnawlaryň sanynyň köpelendigini habar berdi. Neşiriň habaryna görä, indiki iki aýda Russiýadan Türkmenistana alty sany çarter reýsi guralar. Ýörite uçuşlaryň Russiýadan Türkmenistana we Türkmenistandan Russiýa ýolagçylary alyp barmagyna garaşylýar. Neşir bu barada Moskwadaky türkmenleriň medeni merkeziniň başlygy Gülnabat Tekäýewa salgylanýar. Ol iki çarter uçuşynyň 17-nji we 29-njy sentýabrda meýilleşdirilýändigini aýdýar.

Türkmen.news neşiri Orsýetiň "S7" awiakompaniýasynyň pandemiýa başlaly bäri Türkmenistandan Russiýa birnäçe gezek çarter uçuşlaryny amala aşyrandygyny, awiakompaniýanyň köplenç Türkmenistana boş uçýandygyny habar berdi.

10-njy sentýabrda ýedi ýolagçy Russiýadan Türkmenistana uçarly uçdy. Uçar Türkmenistandan Russiýa bolsa 171 ýolagçyny alyp gitdi diýip neşir ýazýar.

Türkmenistan geçen ýylyň awgust aýynda koronawirus pandemiýasy sebäpli daşary ýurtlara giden raýatlaryny yzyna getirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlara adaty howa gatnawy 2020-nji ýylyň 17-nji martynda bes edildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG