Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Iki aýyň dowamynda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda alty çarter gatnawynyň guralmagyna garaşylýar


"Türkmenistan" howa ýollary kompaniýasynyň ýolagçy uçary
"Türkmenistan" howa ýollary kompaniýasynyň ýolagçy uçary

Öňümizdäki iki aýyň dowamynda Russiýadan Türkmenistana alty sany çarter gatnawy guralar. Bu barada turkmen.news neşiri Moskwadaky türkmen medeniýet ojagynyň başlygy Gülnabat Tekäýewa salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, çarter gatnawlaryny haýsy howa ýollary kompaniýalarynyň gurnajakdygy aýdylmaýar. Ýöne ýörite gatnawlaryň hem Russiýadan Türkmenistana, hem-de Türkmenistandan Russiýa ýolagçy gatnatmagyna garaşylýar.

Gülnabat Tekäýewanyň sosial mediada paýlaşan bildirişlerine görä, nobatdaky iki çarter gatnawyny 17-nji sentýabrda we 29-njy sentýabrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Ondan soňra amala aşyryljak gatnawlaryň senesi heniz mälim edilmeýär.

Has ozal, awgustyň ahyrlarynda Moskwadaky türkmen medeniýet ojagy Russiýada ýokary bilimi tamamlan türkmenistanly studentleriň halkara hereket çäklendirmeleri sebäpli Türkmenistana dolanyp bilmeýändiklerini, bu ýagdaýda olaryň Russiýada bikanun ýaşamaga mejbur bolýandyklaryny habar berdi.

Russiýanyň S7 howa ýollary kompaniýasy pandemiýa başlaly bäri, Türkmenistandan Russiýa ençeme gezek çarter gatnawlaryny amala aşyrdy.

turkmen.news neşiriniň habaryna görä, howa ýollary kompaniýasy Türkmenistana köplenç boş gidýär. 10-njy sentýabrda howa ýollarynyň uçary bilen Russiýadan Türkmenistana ýedi ýolagçy gidipdir. Munuň yz ýany, uçar Türkmenistandan Russiýa 171 ýolagçy getiripdir.

Neşir Türkmenistandan Russiýa gidýän ýolagçylaryň esasan pandemiýa bilen bagly girizilen halkara hereket çäklendirmeleri sebäpli Türkmenistanda galan rus raýatlary däldigini, olaryň has irki uçarlar bilen ýurdy terk edendiklerini, çarter ýolagçylarynyň esasan Türkmenistandan Russiýa göçmek isleýän emigrantlardygyny habar berýär.

Moskwadaky türkmen ojagynyň maglumatyna görä, Türkmenistan pandemiýa bilen bagly girizilen hereket çäklendirmeleri sebäpli Russiýada galan türkmenistanlylar üçin 2020-nji ýylyň mart-awgust aýlary aralygynda düýbünden uçar ibermändir, soňra birnäçe ýörite uçar gatnawlary guralypdyr, ýöne soňky döwürlerde çarter gatnawlary ýene gurnalmaýar.

Global koronawirus pandemiýasynyň fonunda dünýäde, şol sanda Türkmenistanda halkara howa gatnawlary ep-esli çäklendirildi. “Türkmenistan” howa ýollary kompaniýasy şu wagta çenli Türkiýe, Belarus, Hytaý, Russiýa ýaly ýurtlardan çarter gatnawlaryny gurady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG