Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Norwegiýanyň ýardam agentligi owgan ykdysadyýetine çökmek howpunyň abanýandygyny duýdurýar


Içerki bosgunlyga sezewar bolan owgan maşgalalary. 11-nji awgust, 2021 ý. Kabul, Owganystan.1

Norwegiýanyň Bosgunlar Geňeşi (NRC) Owganystanyň ykdysadyýetiniň çökmek howpy astyndadygyny we geçen aýda hökümetiň dargamagyndan hem-de "Talyban" söweşijileriniň ýurdy basyp almagyndan soň, bu ýurduň gumanitar betbagtçylyga duçar boljakdygyny duýdurdy.

“Owganystanyň ykdysadyýeti gözegçilikden çykýar. Resmi bank ulgamy nagt pul ýetmezçiligi sebäpli islendik gün çöküp biler. Men diňe caý we ownuk çörek bölekleri bilen gün görýändigini aýdýan maşgalalar bilen gürleşdim" - diýip, guramanyň baş sekretary Egan Egeland 27-nji sentýabrda Kabula eden saparynda aýtdy.

Geçen aý “Talybanyň” amala aşyran agyr hüjümleriniň yz ýany Günbatar goldawly hökümet çökenden soňra, ýurduň täze dolandyryjylary bilen bagly öz pozisiýalaryny ölçerýän köp sanly hökümet Owganystana iberýän ýardamlaryny doňdurdy. Bu bolsa ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna we millionlarça adamyň ýokarlanýan bahalardan ejir çekmegine iterdi.

Öýlerinden göçürilen ýüzlerçe müň adam öňde garaşýan gyşdan halas bolmak üçin ýasalýan jaýa, egin-eşige we azyk önümlerine mätäçlik çekýär diýip, Egeland aýtdy.

“Gyşyň gelmeginden we howanyň temperaturasynyň -20 gradusa çenli peselmezden ozal adamlary halas etmek üçin wagt ýitirmezlige synanyşýarys. Öňümizdäki hepdelerde ýüzlerçe müň göçürilen adama gyssagly gaçybatalga, ýyly eşik we iýmit gerek. Ýanwar aýyndan bäri Owganystanda 664 000-den gowrak adam başga ýerlere göçürildi. Öýlerinden göçürilenleriň jemi sany 3,5 milliona adama ýetdi" diýlip, Norwegiýanyň Bosgunlar Geňeşiniň beýanaty aýtdy.

Beýanata görä, raýatlaryň üçden biri “ýiti açlyk” çekýär, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň telefon arkaly geçiren pikir soraşygyna görä, geçen hepde Owganystandaky hojalyklaryň 93 göterimi ýeterlik iýmit tapmandyr.

“Donorlar garaşmaga mydary galmadyk çagalara, aýallara we erkek adamlara gyssagly ýardam gowşurmak üçin tiz we täsirli çözgütleri tapmaga gönükmeli” diýip, beýanat aýtdy.

Beýanat ýurduň 32 million töweregi ilatynyň 18 milliondan gowragynyň ýaşamak üçin ynsanperwer ýardamlara garaşly galýandygyny aýtdy.

Mundan ozal, şu halkara jemgyýetçiligi Owganystana $1,2 milliarddan gowrak ýardam wada berdi.

Owganystan soňky 20 ýyl bäri esasan halkara ýardamlara garaşly boldy, döwlet harçlamalarynyň dörtden üç bölegi ýardamlar bilen maliýeleşdirilýärdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG