Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG-niň Ýewropa bölüminiň başlygy Hans Kluge Türkmenistana sapar edýär


BSG-niň Ýewropa bölüminiň başlygy Hans Kluge
BSG-niň Ýewropa bölüminiň başlygy Hans Kluge

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa boýunça regional bölüminiň başlygy Hans Kluge Türkmenistana bardy.

Hans Klugeniň 7-nji oktýabrda ýazan twitinde BSG-niň wekiliniň regionyň saglyk ministrlerine we alymlaryna goşulyp, saglyk boýunça ylmy diplomatiýa baradaky halkara forumyna gatnaşjakdygy aýdylýar. Şeýle-de, maglumatda pandemiýa taýynlyk we gözegçilik boýunça hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglyk pudagynyň ýol kartasy barada liderler bilen pikir alyşmak mümkinçiligi belleýär.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa bölüminiň müdiri doktor Hans Kluge bilen duşuşyk geçirendigini yglan etdi. Daşary işler ministrliginiň maglumatynda 7-nji oktýabrda geçen söhbetdeşligiň konstruktiw bolandygy bellenýär.

Türkmen tarapy, Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa bölüminiň müdirini Türkmenistanyň prezidentiniň saglygy goraýyş pudagynyň dürli halkara platformalarynda öňe süren esasy başlangyçlary we teklipleri bilen tanyşdyrdy we Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendigini tassyklady diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda aýdylýar.

BSG-niň Ýewropa boýunça regional bölüminiň başlygynyň Türkmenistana eden sapary, ýurtda häkimiýetleriň resmi taýdan ykrar etmeýän koronawirusdan ölenleriň görlüp-eşidilmedik derejede köpelen wagtyna gabat geldi.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary ýurtda koronawirusyň bardygyny inkär etmegini dowam etdirýär, ýurtdaky ýagdaýlar barada media habarlaryny kommentirlemeýär, agyr çäklendirmeleri girizmek we ilatly nokatlary izolirlemek arkaly keseliň ýaýramagyna reaksiýa bildirýär.

Ýaňy-ýakynda adam hukuklary goraýjy guramalar BSG-niň Türkmenistandaky ýagdaý baradaky pozisiýasyny takyklamagy talap edip, Hans Klýugeniň adyna açyk hat ýazdy.

Ynsan hukuklaryny goraýjylaryň ýüzlenmesinde türkmen hökümetiniň Türkmenistanda koronawirusyň ýokdugy baradaky resmi beýanatlaryna garamazdan, ýurtda epidemiologiki ýagdaýyň agyrdygy aýdylýar: hassahanalarda adam köp, ilatyň ölüm derejesi ep-esli ýokarlandy, COVID-19 keseliniň ähli alamatlary bolan näsaglara pnewmoniýa diagnozy goýulýar we lukmanlar bu kesel barada maglumat paýlaşmakdan gorkýar". Birnäçe gurmanyň bilelikdäki beýanatynda BSG-niň bu meseledäki pozisiýasynyň takyklanmagyny, şeýle hem türkmen hökümetine aç-açan ýüzlenip, garaşsyz laboratoriýa barlaglary üçin koronawirus alamatlary bolan näsaglaryň biologiki materiallarynyň iberilmeginiň talap edilmegi soralýar.

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Hans Kluge Türkmenistanyň guramanyň talaplaryny ýerine ýetirmeýändigini we garaşsyz barlaglar üçin COVID-19 testleriniň nusgalaryny halkara barlaghanalaryna ibermändigini aýdypdy.

BSG-niň wekilleri Türkmenistana 2020-nji ýylyň iýulynda bir gezek bardy. BSG-niň delegasiýasy şonda Türkmenistana ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmegi maslahat beripdi. Missiýanyň saparyndan soň, Türkmenistan koronawirusa garşy talaplary girizdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG