Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gara bazarda dollar 22 manatdan aşak düşdi


Türkmen manady. Illýustrasiýa suraty
Türkmen manady. Illýustrasiýa suraty

Dollaryň gara bazar bahasy Türkmenabatda 22 manada – 21 manat 80 teňňä çenli aşaklady. Manadyň dollar garşysynda sähel hümmetlenmegi bilen käbir harytlaryň bahalarynda hem aşaklamak meýilleri göze ilýär. Ýöne, umumylykda, harytlaryň gymmatçylygy saklanyp galýar. Hojalyk serişdeleri we azyk önümleri şol bir gymmat bahadan satylýar.

Aprelde manat ep-esli hümmetsizlenip, dollar gara bazarda 40 manada çenli gymmatlady. Geçen alty aýyň dowamynda manadyň hümmeti tas iki esse töweregi ýokarlanyp, dollar barha aşaklady. Ýöne harytlaryň bahalarynda onçakly pese gaçyşlyk hasaba alynmady.

“Günebakar ýagynyň bahasy 70 manatdan 50 manada çenli arzanlady” diýip, bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Ýöne et şol 80 manatlygynda saklanýar. Türkmenistanda öndürilen kökeler we şokoladlar hem şol bir gymmat bahadan satylýar” diýip, ýerli ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň habarçysy sebitde gurluşyk harytlarynyň 5 % töweregi arzanlandygyny habar berýär.

Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda hümmeti aprelde rekord derejä, 40 manada ýeten dollar iýunyň başlarynda 36 manada çenli aşaklady, iýunyň ortalarynda 33-32 manada düşdi. Sentýabryň başlarynda dollaryň gara bazar nyrhy 24-22 manada çenli aşaklan hem bolsa, aýyň ortalarynda ýene 28-30 manada çykdy. Munuň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatda dollaryň gara bazar bahasynyň 24 manada çenli gaýtadan aşaklandygyny habar berdiler. Aradan iki hepde töweregi wagt geçdi, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, dollaryň manat garşysynda hümmetsizlenmek meýilleri dowam edýär we ol häzir Lebapda 21 manat 80 teňňä çenli aşaklady.

Ýöne Lebap ýaşaýjylary dollaryň nyrhy üýtgese-de, bahalarda üýtgeşiklik ýok diýýärler.

Galyberse-de, habarçymyz tassyklanmadyk maglumatlara salgylanyp, dollaryň gara bazar bahasynyň 15-18 manada çenli aşaklamak ähtimallygy, şol bir wagtda, banklarda konwertasiýa mümkinçilikleriniň döredilmek ähtimallygy barada maglumatlaryň bardygyny habar berýär, ýöne bu maglumatlar tassyklanmadyk maglumatlar bolup, ilat arasyndaky gürrüňlerden gözbaş alýar.

“Ol maglumata men ynanyp bilmedim. Bu myş-myş. Ýöne günsaýyn dollar arzanlaýar. 11-nji sentýabrda bir dollaryň bahasy 23 manat 80 teňňe bolan bolsa, bu gün ol 22 manada çenli, hatda 21 manat 80 teňňä çenli aşaklady” diýip, beýleki bir lebap ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Dollaryň gara bazar bahasynyň arzanlaýandygy baradaky habarlaryň arasynda garaşsyz turkmen.news neşiri ýurduň demirgazyk Daşoguz sebitinde dollar bilen aýakdaş bahalaryň hem aşaklaýandygyny, ýöne täze bahalaryň ýerli ýaşaýjylary kanagatlandyrmaýandygyny habar berýär.

Neşire görä, etiň bir kilogramynyň bahasy Daşoguzda 70-75 manat aralygynda bahalanýar. Ozal bir kilogram et Daşoguzda 90 manat ekeni. Şeýle-de, hususy söwdada bir kilogram şekeriň bahasy 25-27 manatlygyndan 20 manada çenli aşaklady. Neşire görä, şekeriň hususy söwdadaky bahasy onuň 17-19 manat bolan döwlet bahasy bilen tas deňleşip barýar.

Bahasy üýtgewsiz galan önümleriň hatarynda, turkmen.news neşirine görä, gazak uny hem bar; bir kilogram gazak uny Daşoguzda 22-24 manat aralygynda bahalanýar. Käbir harytlar arzanlaýan mahaly, 1.5 litrlik süýdüň bahasy 8 manatdan 10 manada gymmatlady.

“Bahalar 1,5-2 müň manat töwereklerinde adaty aýlyk alýan raýatlaryň aglaba bölegi üçin elýetersizliginde galýar” diýip, neşir ýazýar.

Türkmen banklary walýutanyň erkin konwertasiýasyna rugsat bermeýär. Bu ýagdaý bilen baglylykda, bahalar walýutanyň gara bazar bahasyna laýyklykda kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri 3,5 manatlygynda saklaýar.

Gara bazarda dollaryň aşaklamagy bilen, Azatlygyň habarçysy Türkmenabatda beýleki käbir harytlar bilen bir hatarda çaga arlyklarynyň, “pampersleriň”; “nan”, “nestogen” ýaly ýaş çagalar üçin iýmit önümleriniň 10 göterim töweregi arzanlandygyny, ýöne gymmatçlygyň dowam edýändigini habar berýär.

Azatlygyň habarçysy haryt dolanyşygy, harytlaryň Türkmenabada getirilişi, ýerlenişi we bu prosesiň bahalara ýetirýän täsirini öwrendi.

Onuň maglumatlaryna görä, söwda harytlary bir hususy firma tarapyndan agyr ýük ulaglary arkaly Aşgabatdan Lebaba getirilýär. Harytlar welaýatyň lomaý bazaryna tabşyrylýar. Welaýatyň çägindäki kiçi dükanlar öz söwda harytlaryny lomaý bazardan satyn alýarlar. Söwda harytlarynyň welaýatyň çägine getirilmegine we ýerlenmegine jogap berýän hususy firma, habarçymyzyň öwrenen maglumatlaryna görä, öz hyzmatlarynyň töleglerini dollaryň gara bazar bahasyna laýyklykda kesgitleýär.

turkmen.news neşiri türkmen häkimiýetleriniň boýun almadyk pandemiýasy bilen bagly dowam edýän karantin çäklendirmelerine garamazdan, ýurduň çäginde ýük ulaglarynyň, harytlaryň sebit ara hereketine girizilen çäklendirmeleriň gowşadylandygyny habar berýär.

Dollaryň gara bazar bahasy alty aý ozalkysy bilen deňeşdirilende 48% töweregi arzanlap, harytlaryň sebitara dolanyşygyna girizilen çäklendirmeler gowşasa-da, habarçymyz gymmat bahalaryň dowam edýändigini habar berýär.

“Dollaryň bahasy 35 manat wagty 24 manatdan bahalan 1 metrlik şifer reýkeleri häzir 21 manatdan bahalanýar. Şol wagtlar ýokary hilli şiferiň bahasy 300 manatdy, häzir 280 manat” diýip, bir gurluşykçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Mundan ozal, iýulyň ahyrlarynda we awgustyň başlarynda kanun goraýjy edaralar walýutanyň gara bazarynda ýurt boýunça reýd geçirdi we millionlarça dollar möçberinde pul serişdesini, şol sanda daşary ýurt walýutasyny ele saldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG