Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir öýe 'bikanun giren' polisiýa bilen bagly wideo sosial ulgama syzansoň, Internet tizligi peseldi


Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.
Illýustrasiýa suraty. Türkmenistan.

Marynyň Tagtabazar etrabynda bir oba ýaşaýjysynyň öýüne bir polisiýa işgäriniň “bikanun girmäge synanyşandygyny” görkezýän wideo sosial mediada ýaýrandan soňra, Mary welaýatynda Internetiň tizligi peseldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysyna görä, ýaňy ýakynda ilki TikTok ulgamynda, soňra beýleki sosial torlarda giňden paýlaşylan wideo Internet ulanyjylarynyň arasynda, wirtual ulgamlarda galdyrylýan teswirlerden çen tutulsa, gahar-gazap döretdi.

Wideoda ýerli ýaşaýjylar polisiýa işgärini bir hojalyga bikanun girmäge synanyşmakda aýyplaýar. Polisiýa işgärini köpçülik bolup soraga çekýän ýerli ýaşaýjylar onuň “bikanun girmäge synanyşylan” öýde ýaşaýan bir aýal maşgalanyň namysyna göz gyzdyrandygyny aýdýarlar. Wideoda polisiýa işgäri elinde çüýşe bilen görkezilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy onuň serhoş bolandygyny we elindäki çüýşeleriň bolsa arak we piwo çüýşeleridigini habar berdi.

Bu waka Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň obalarynyň birinde bolup geçdi.

Azatlygyň habarçysy bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan başga bir polisiýa işgäri gürrüňi edilýän hojalygyň maşgalabaşysynyň Türkiýede işleýändigini we onuň 3-4 aýda bir gezek ýurtda galan maşgalasyna pul iberýändigini gürrüň berdi.

Bu wideonyň sosial mediada giňden paýlaşylmagynyň yz ýany, Azatlyk Radiosynyň habarçysy tutuş sebitde Internetiň tizliginiň peseldilendigini habar berýär.

Habarçymyz bilen anonim şertlerde gürrüňdeş bolan telekommunikasiýa işgäri bu tabşyrygyň Milli howpsuzlyk gullugy tarapynda berlendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, sebitde Internetiň tizligi iki esse töweregi peseldilipdir.

Aragatnaşykçy ýerli häkimiýetleriň Interneti çäklendirmek tagallalarynyň soňky 1-2 günüň dowamynda has-da güýçlenendigini aýtdy we bu wakany Tagtabazarda polisiýa işgäriniň “bir aýal maşgalanyň namysyna göz gyzdyryp, onuň öýüne bikanun girmäge synanyşandygyny görkezýän” wideonyň sosial mediada paýlaşylmagy bilen baglanyşdyrdy.

Aragatnaşyk işgäriniň sözlerine görä, Mary welaýatynyň administratiw merkezinde, welaýatyň çäginde ýerleşýän şäherlerde, şäherçelerde, ähli etraplarda Internetiň tizligi peseldi.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan maryly ýaşaýjylar “Altyn asyr” mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän Internet hyzmatlarynyň örän haýallandygyny aýdýarlar.

“IMO messenjer arkaly hem hat ugradyp bolmaýar. IMO messenjerini ulanmak isleýän adamlar Wi-Fi bar ýerini gözleýärler, emma Wi-Fi hem juda haýal işleýär. Wi-Fi köplenç öçürilýär” diýip, mary ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Mary welaýatynyň dürli künjeklerinde bolup geçýän wakalar barada daşary ýurt habar beriş serişdelerinde maglumat berilmeginiň öňüni almak üçin edýärler” diýip, aragatnaşyk işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynda Internetiň çäklendirmegi barada ýerli resmilerden kommentariý alyp bilmeýär.

“Ýaňy-ýakynda bir polisiýa işgäri bir biçäre aýal maşgalanyň öýüne baryp namysyny depelejek bolupdyr... Adamlar indi şol wakadan soň bolýan zatlary has köp wideo ýazgy edýärler” diýip, maryly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar hem hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň şeýle wideolaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin aýratyn tagalla edýändiklerini aýdýarlar.

Türkmenistanda raýatlar sosial torlardan VPN arkaly peýdalanýar. Iri sosial ulgamlar ýurt içinde petikli galýar.

Galyberse-de, Tagtabazarda bolan wakadan soň, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu wideonyň sosial mediada ýaýradylmagy bilen bagly MHM işgärleriniň onlarça raýaty saklap, soraga çekendiklerini habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG