17-nji noýabrda Ýerewanyň resmileri Azerbaýjan bilen serhetdäki soňky çaknyşykdan soň onlarça ermeni esgeriniň ýesir alnandygyny ýa-da ýitirim bolandygyny aýtdylar.
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 16-njy noýabrda serhetde başlanan söweş zerarly ýedi esgeriniň wepat bolandygyny we ona golaýynyň ýaralanandygyny aýtdy.
Ermenistanyň Goranmak ministrliginiň beren habaryna görä 13 ermeni esgeri azerbaýjan güýçleri tarapyndan ýesir alnypdyr, ýene 24 ermeni esgeri ýitirim bolupdyr we olaryň ykbaly näbelli galýar.
Beýanatda Ýerewanyň Moskwa bilen gepleşiklerden soň bes edilendigi aýdylýan söweşde bir ermeni esgeriniň öldürilendigi habar berilýär.
Iki tarap hem geçen ýyl Daglyk-Garabagda alty hepde dowam eden söweşden soň häzir ýene ýüze çykan dartgynlylyk sebäpli birek-biregi günäkärledi.
Azerbaýjan öz güýçleriniň Ermenistan bilen serhetleşýän Kalbaçar we Laçin etraplarynda "prowokasiýanyň öňüni alandygyny" aýdýar.
Ermenistan hem öz gezeginde azerbaýjan esgerlerini serhet ýakasyndaky ýerlere artilleriýa, sowutly ulaglar we ýaraglar bilen hüjüm etmekde aýyplaýar.
16-njy noýabrda Russiýanyň Goranmak ministrligi Ermenistan-Azerbaýjan serhedindäki söweşleriň, Moskwanyň töwellaçylygynda ýaraşyk gazanylandan soň bes edilendigini habar berdi. Ermenistan bu habary tassyklady.
Günorta Kawkazyň iki döwletiniň geçen ýyl Daglyk - Garabagda 44 günlük söweş alyp baranyndan soň serhet ýakasyndaky ýagdaý dartgynlaşdy. Şol konflikt azyndan 6500 adamyň ölmegine sebäp boldy we ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyk bilen tamamlandy. Azerbaýjan sebitiň käbir bölegine we ermenileriň eýeleýän käbir ýanaşyk ýerleri hökmünde kesgitlenen ýerlere gözegçilik etmek mümkinçiligine eýe boldy.
Bölünen region Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edilýär, emma 1994-nji ýylda separatistik söweş gutaraly bäri Ermenistan tarapyndan goldanýan etniki ermeni güýçleriniň gözegçiligi astynda galýar.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken söweşler baradaky habarlaryň Waşingtonda biynjalyk döredendigini aýtdy. Blinken 17-nji noýabrda ýazan twitinde iki tarapy hem "ähli möhüm meseleleri, şol sanda serhet bölünişigini çözmek üçin göni we konstruktiw gatnaşmaga" çagyrdy.
Noýabr aýynyň 16-da Ýewropa Bileleşigi iki tarapy hem saklanmaga çagyrdy.
Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Çarlz Mişel "dartgynlylygy gyssagly gowşatmaga we ot açyşlygy bes etmäge" çagyryp, sebitdäki ýagdaýy "agyr" diýip häsiýetlendirdi.
"ÝB Günorta Kawkazyň gülläp ösýän we durnukly bolmagy ugrunda dartgynlylygy ýeňip geçmek üçin aýgytly işleşmäge taýýar" - diýip, Mişel Twitterde ýazdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.