Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti şortalara 'iş bolmagyny' dowam etdirýär


Iwan Urgant iş wagtynda. Arhiw suraty
Iwan Urgant iş wagtynda. Arhiw suraty

Golaýda Orsýetiň tanymal satirikleri Kseniýa Sobçak we Iwan Urgant Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “üstünden güldi” diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär.

Eger Sobçak türkmen prezidentiniň adyny we atasynyň adyny aýtmagyň kynrakdygyny ýaňzydan bolsa, Urgant garaşsyz metbugatyň materiallaryndan habarlydygyny görkezdi diýip, garaşsyz neşir ýazýar.

Sobçak özüniň "Осторожно: Собчак!” programmasynda içgiden soňky azarlary ýeňleýdän dermany wagyz etdi.

Derman içeniň soňky ýagdaýyny bilmek üçin ol oturylyşyga gatnaşanlaryň ählisinden “Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow” diýen adam adyny sakynman aýtmagy talap etdi. Emma bu ýumşy ýerine ýetirmek diňe onuň özüne başartdy.

Urgant bolsa, öz gezeginde, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň çap eden täzeligini ýatlap, Lebap sebitiniň obalarynda täze durmuş gurýanlaryň toýda prezidentiň “Saňa meniň ak güllerim” aýdymynyň sazyna tans etmeli edilişi barada gürrüň etdi.

Şondan soň, egindeş alyp baryjy Iwandan “Türkmenistanda ilkinji gije hukugynyň” bardygyny ýa-da ýokdugyny sorady.

Ol bu soraga şeýle jogap berýär: “Sen her bir gyz, durmuşa çykmazyndan öň, prezident bilen bolmalymy diýip soraýarsyňmy? Hawa, bu bir orta asyr yzagalaklygy, seniň aýdýanyň näme? Muny geçen ýyl ýatyrdylar”.

Urgant Berdimuhamedowy mundan öňem ýaňsylapdy. Mysal üçin, 2020-nji ýylyň ýanwarynda ol Berdimuhamedowyň dijeýlik edişini ýaňsylan bolsa, 2021-nji ýylyň güýzünde türkmen prezidentine "Türkmen edermen" medalynyň gowşurylyşyna ünsi çekdi.

Şondan bir ýyl ozal satirik Türkmenistanda erkekleriň çal saçlaryny boýamagyna girizlen näresmi gadaganlygyň “üstünden gülüpdi”.

“Turkmen.news” neşiri habaryň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bu degişmelere hiç hili reaksiýa bildirmändigini hem belleäp geçýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG