Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

THF: Türkiýäniň sudy bäş türkmen aktiwistini aklady


Türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde. Iýul, 2020 ý.
Türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňünde. Iýul, 2020 ý.

Türk häkimiýetleri geçen ýylyň iýulynda Türkmenistanyň Stambuldaky konsulhanasynyň öňüne proteste gelen türkmen aktiwistleriniň hereketinde jenaýat düzüminiň alamatlaryny görmedi. Bu barada adam hukuklary boýunça “Türkmen Helsinki Fondy” (THF) 27-nji dekabrda mälim etdi.

Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň 19-njy iýulynda Stambulda türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň konsullygynyň öňünde ynsan hukuklaryny berk depelemekde tankytlanýan türkmen häkimiýetlerine garşy parahatçylykly demonstrasiýasyny geçirmegi planlaşdyrypdy.

Emma şol pursat türk häkimiýetleri çärä köp adamyň ýygnanandygy sebäpli, koronawirus çäklendirmelerine salgylanyp demonstrasiýany gadagan etdi. Mundan soň, türkmen diplomatlarynyň protestiň öz işlerine päsgel berjekdigi baradaky şikaýatynyň netijesinde, miting başlanmazyndan ozal polisiýa ençeme türkmen aktiwistini saklady. Galyberse-de, türkmen konsulhanasy ençeme aktiwisti jemgyýetçilik düzgün-tertibini bozmakda we diplomatlaryň janyna howp abandyrmakda aýyplady diýip, beýanatda aýdylýar.

23-nji dekabrda Stambulyň Bakyrköý etrabynda geçen sud diňlenişiginde kazy bäş türkmen aktiwistiniň, ýagny Merjen Agaýewanyň, Hamragül Goçiýewanyň, Parahat Myradowyň, Dürsoltan Taganowanyň we Hanum Rasulowanyň “hereketlerinde jenaýat düzüminiň alamatlary ýokdugy sebäpli”, olary aklady diýip, THF-niň beýanatynda bellenilýär.

Türkiýedäki türkmenistanlylar watanyndaky awtoritar režime garşy ençeme tapgyr protestleri geçirip, ýurtdaky problemalar barada öz pikirlerini açyk beýan edip gelýärler. Emma soňky aýlarda olar yzygiderli basyşlara we fiziki zorluga sezewar edildi.

Azatlygyň çeşmeleri Türkiýedäki aktiwistlere hüjüm etmek üçin MHM-niň mümkin işgärleriniň ýörite Stambula sapar eden bolmaklarynyň ähtimaldygy barada hem habar beripdiler.

Türkmen protestleriniň ýyl ýazgysy
please wait

No media source currently available

0:00 0:06:52 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG