Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýyl soňy -Merkezi Aziýa: Ýewraziýanyň çatrygyndaky sebit ähli tarapa çekilýär


Merkezi Aziýa döwletleriniň baýdaklary 

Russiýa, Hytaý, Türkiýe we Yslam dünýäsiniň günortasyndaky Eýran we Owganystan Merkezi Aziýada dürli derejelerde täsirini synamaga çalyşýarlar. Bu çekişmeler Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklary üýtgedýär.

1991-nji ýylyň ahyrynda Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan garaşsyzlyk alanyndan kän wagt geçmänkä, Ýewraziýa giňişliginiň merkezinde, asyrlar boýy siwilizasiýalaryň çatrygy bolandygyny dünýä ýatladyp başladylar.

Bu olaryň özlerini "öňki Sowet Soýuzynyň günorta kenary" diýip hasaplamakdan has gowy pikirdi. Şeýle häsiýetlendirme Merkezi Aziýanyň petige direlendigini aňladardy we garaşsyzlykdan soň ençeme ýyllap sebit hut şeýle boldy.

Merkezi Aziýanyň Russiýa bilen çuňňur baglanyşygy bardy, ýöne başga ýerler bilen baglanyşygy azdy.

Şonuň üçin sebit resmileri geçmişiň abraýyna ýüzlenip, bir wagtlar sebitiň üstünden geçen we täzeläp boljak gadymy söwda ýollaryny dünýä ýatlatdy.

Garaşsyzlykdan otuz ýyl soň, Merkezi Aziýa ýene-de Ýewraziýanyň söwda merkezine öwrülýär we şonuň bilen birlikde sebitdäki täsir bäsleşigi ýene-de gyzýar.

Russiýa

Russiýa XIX asyryň başyndan bäri Merkezi Aziýa iň güýçli daşary ýurt täsirini ýetirdi we garaşsyzlykdan soňky ýyllarda muny dowam etdirdi.

Merkezi Aziýada köp adam henizem rus dilinde gürleýär, Merkezi Aziýanyň köp ýerinde rus teleýaýlymy henizem görkezilýär we Sowet Soýuzy dargansoň millionlarça işçi migranty öýlerine pul ibermek üçin Orsýete gitdi we diňe bir öz maşgalalaryny goldamak bilen çäklenmän, eýsem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini hem goldaýar.

Ýöne Merkezi Aziýanyň içinde köp mukdarda pul sarp edip, dostluk gazanan Hytaý, Russiýanyň hökümediniň henizem Russiýanyň howlusy hasaplaýan sebitinde infrastruktura taslamalarynyň birnäçesini maliýeleşdirdi.

Emma Moskwanyň Gyrgyzystanda we Täjigistanda harby bazalary bar we köpler, şol sanda Merkezi Aziýanyň käbir hökümetleri ony sebitde howpsuzlygyň kepili hökmünde görýärler.

"Talybanyň" Owganystandaky häkimiýete gaýdyp gelmegi Kremle Merkezi Aziýa hökümetlerini rus harby güýçlerine we howpsuzlyk kömegine ynandyrmaga we Russiýanyň sebitdäki täsirini güýçlendirmäge mümkinçilik berdi.

"Talybanyň" Owganystany ele geçirmeginden soň Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasy (KHŞG) agza döwletler Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen işjeňligini güýçlendirdi.

KHŞG sentýabryň başynda Gyrgyzystanda we Täjigistanda harby türgenleşik geçirdi, oktýabrda onuň jemleýji tapgyryna Gazagystanyň goşunlary hem gatnaşdy.

Özbegistan ozal KHŞG-nyň düzümindedi indi girmeýär, şeýle-de bolsa, Daşkent Kremliň oňa goşulmak baradaky çagyryşyna garşy çyksa-da, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýew 23-nji awgustda guramanyň wirtual sammitine gatnaşdy.

2021-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Owganystanda daşary ýurt güýçleriniň yza çekilmegi bilen özbek we rus goşunlary Özbegistanda harby türgenleşik geçirdi we rus goşunlary Täjigistanyň goşunlary bilen Täjigistanda harby türgenleşik geçirdi. Bu awgustyň ortalarynda "Talyban" Kabula gözegçiligi ele almazyndan birnäçe gün öň boldy.

Owganystandaky ýagdaýyň üýtgemegi sebäpli dörän "howpsuzlyk aladasy" döwründe berlen ruslaryň goldawy, Owganystanda hereket edýän söweşiji toparlardaky sebit raýatlaryň Merkezi Aziýa ýaýramagy baradaky aladalary ýeňilleşdiren ýaly göründi.

Emma bu goldaw mugt däl. Merkezi Aziýa döwletleri öz aýagyna galmak isleýärdiler, ýöne indi howpsuzlyk kepillikleri üçin öňki kolonial hojaýyn Russiýa bil baglaýarlar.

Hytaý

Hytaý, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň arasynda 1992-nji ýylyň ýanwar aýynyň birinji hepdesinde ähli bäş döwlet bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Otuz ýyldan soň Hytaýyň maýa goýumlary bolmazdan Merkezi Aziýany göz öňüne getirmek kyn.

Hytaý öňdebaryjy ýurtlaryň birine we Merkezi Aziýanyň her bir ýurdy üçin öňdebaryjy söwda hyzmatdaşyna öwrüldi. Soňky 20 ýylda regionda amala aşyrylan iň uly taslamalaryň köpüsi, esasanam infrastruktura proýektleri Pekiniň maliýe goldawy bolmazdan mümkin däldi.

Sada söz bilen aýdylanda, Hytaý Merkezi Aziýada başga bir tarapyň islemedik ýa-da edip bilmedik maýa goýumlaryny ýatyrmaga taýýardy.

Pandemiýanyň dünýä ykdysadyýetini haýalladýan wagtynda Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletleri üçin gymmaty ýene-de bir gezek tassyklandy we Hytaý sebitde pul harçlap bilýän ýurtlaryň birine öwrüldi.

Ýöne onuň ýatyrýan puly on ýyl ýa-da ondan ozalky döwürlerdäki ýaly köp däl.

Hytaýyň Merkezi Aziýada gurmak isleýän uly proýletleriniň taslamalarynyň hemmesi diýen ýaly tamamlandy, galan proýektleriniň arasynda Türkmenistandaky gaz ýataklaryndan Merkezi Aziýadan Hytaýa barýan tebigy gazgeçirijisiniň "D" liniýasy we Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýol taslamasy.

Hytaýa mundan beýläk Merkezi Aziýadaky taslamalara milliardlarça dollar sarp etmegiň zerurlygy ýok. Merkezi Aziýany Hytaýa maliýe taýdan bagly etmek üçin ýatyrylan onlarça million dollar ýeterlikdir.

Hytaý üçin bu köp pul däl, emma Merkezi Aziýa, esasanam Gyrgyzystan, Täjigistan we Türkmenistan ýaly garyp ýurtlar üçin köp.

Şol üç ýurt Hytaýyň karz duzagyna düşdi. Mysal üçin Täjigistan bergileriniň bir bölegini tölemek üçin hytaý firmalaryna magdan önümçiliginde ýeňillikleri bermeli boldy.

Merkezi Aziýa akýan hytaý pullarynyň azalmagy bilen ýerli ilatyň Hytaýa garaýşy test tarapa öwrüldi.

Merkezi Aziýada hytaýlara garşy duýgy Pekiniň niýetleri baradaky aladalar bilen güýçlendirilýär.

Hytaýda Merkezi Aziýanyň uly böleklerini Hytaýyň taryhy ýerleriniň bir bölegi hökmünde görkezýän kartalaryň we okuw kitaplarynyň peýda bolmagy, hytaý resmileri muňa ýönekeý ýalňyşlyklar diýseler-de, Merkezi Aziýadaky aladalary ýeňilleşdirmeýär.

Emma şol bir ýalňyşlyklar indi onlarça ýyl bäri bolup geçýär.

Hytaýyň günbatar Sinszýan sebitinde Pekin tarapyndan musulmanlara - esasan uýgurlara, şeýle hem etniki gazaklara we gyrgyzlara rehimsiz çemeleşilmegi Merkezi Aziýada gahar-gazap döredýär.

2-nji noýabrda Merkezi Aziýa Barometri topary Gazagystanda we Özbegistanda geçirilen pikir soralyşyklaryň netijelerini yglan etdi, adamlara mätäçlik dörän wagtynda ýurtlaryna ilkinji bolup kim kömek eder diýen sowal berildi.

Gazagystanda soraga gatnaşanlaryň diňe 4,9 göterimi Hytaýyň ykdysady we beýleki meselelerde kömek edip biljekdigini aýtdy.

Özbegistanda soraga gatnaşanlaryň diňe 2,6 göterimi Hytaýyň Daşkende kömek berjekdigini aýtdy.

Russiýa bu pikir öwrenmeleriň ikisinde-de Gazagystanda 54,3 göterim we Özbegistanda 53,9 göterim ses alyp, birinji orna çykdy.

Türkiýe

Türkiýe soňky ýyllarda Merkezi Aziýa bilen işjeňligini güýçlendirdi, soňky bir mysal, 12-nji noýabrda Stambulda Türk döwletleri guramasy (OTS) döredildi.

OTS agzalary Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan, Türkmenistan we Wengriýa synçy ýurtlar.

Türkiýe Merkezi Aziýanyň dört türki dilli döwleti: Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan we Özbegistan üçin tebigy ýaran bolup durýar.

Şol ýurtlar garaşsyz bolanyndan soň, Ankara olar üçin iň islenýän hyzmatdaş boldy, bu diňe bir medeni we dil taýdan ýakynlygy sebäpli däl-de, eýsem Türkiýäniň Ýewropa we umuman Günbatar bilen berk arabaglanyşykda bolmagy we NATO-nyň agzasy hökmünde halkara syýasatyndaky roly muňa sebäp boldy.

Türkiýäniň prezidenti Turgut Ozal pan-türkizmiň tarapdarydy.

Ozal 1993-nji ýylyň aprelinde Gazagystana, Gyrgyzystana, Türkmenistana we Özbegistana aýlandy we türk doganlygy onuň habarynyň bir bölegidi.

Bu batly seslenen habardy we OTS guramasy bu hyzmatdaşlygyň ewolýusiýasynyň iň soňky, iň möhüm görnüşi bolsa gerek.

Emma Ozal Merkezi Aziýa saparyndan gaýdansoň gysga wagtyň içinde aradan çykdy we Türkiýe Merkezi Aziýa zerur mukdarda pul goýup bilmedi. Netijede, Türkiýäniň roly bu ýerde hemişelik ornaşdy, emma ony Russiýanyň we Hytaýyň sebitdäki täsiri bilen hiç wagt deňeşdirip bolmaz.

Ýakynda Türkiýe, prezident Rejep Taýyp Erdoganyň Ankaranyň Siriýada, Liwiýada we Azerbaýjanda myşsalaryny herekete getirmegi bilen dünýä syýasatyndaky roluny ýokarlandyrdy.

Erdogan Pekiniň Sinszýan welaýatynda türk dilli musulmanlara garşy alyp barýan aýylganç kampaniýasy sebäpli Hytaýa we Siriýa sebäpli Russiýa garşy çykyş etdi.

Merkezi Aziýa pul we howpsuzlyk üçin Hytaýa we Russiýa has köp garaşly bolan wagty, Türkiýäniň dünýä arenasynda ýokarlanmagy sebitdäki türk dilli dört ýurt üçin amatly bolsa gerek.

Türkiýe bilen dostluk, Merkezi Aziýanyň dört döwletine Russiýa we Hytaý bilen gatnaşyklary sazlamakda ýene-de bir güýçli hyzmatdaşlyk berýär we medeni we dil gatnaşyklary Türkiýäni Merkezi Aziýalylaryň köpüsine has özüne çekiji hyzmatdaş edýär.

Yslam günortasy

Merkezi Aziýa Yslam dünýäsiniň demirgazyk serhedidir we Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylary bu barada dürli pikirde. Yslam dünýäsiniň bir bölegi bolmak sebiti öňki kolonial hojaýyn Russiýadan aýyrýar we bu garaşsyzlykdan soňky döwürde Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylary üçin möhümdi.

Ýöne Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň agzalary bolan liderleriň özleri yslam hakda köp zat bilmeýärdiler we köp wagt geçmänkä diniň halky birleşdirmek güýjüniň özleri üçin howp bolup durýandygyna, belki-de Russiýanyň ozalky territoriýasyna gözegçiligi yzyna almak üçin edýän hereketinden has güýçlüdigine düşündiler.

Merkezi Aziýanyň ähli liderleriniň dünýewi dolandyryş görnüşlerini saýlamagy geň däldir.

Emma ilkibaşdan bu liderler Eýranda 12 ýyl bäri teokratiýanyň gözegçiligini saklaýan bäsdeş dolandyryş modeli bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Eýrany goluň uzaýan ýerinde saklamak aňsatdy. Diňe Täjigistanda medeni we dil taýdan berk baglanyşyk barda - Eýran bilen eýranlylar esasan şaýy, merkezi aziýalylaryň köpüsi bolsa sünni.

1996-njy ýylyň sentýabr aýynda "Talyban" Kabuly basyp alanda, Merkezi Aziýanyň günorta gapysynda teokratik dolandyryşyň başga bir modeli peýda boldy, ýöne "Talyban" yslamyň aşa berk düşündirýän hem bolsa sünni topardyr.

1990-njy ýyllaryň ahyrynda Owganystanda "Talyban" häkimiýet başynda bolan döwürde dörän gorkularyň biri, onuň Merkezi Aziýada güýçlenýän garyndaşparazlyga we garakçylyga esaslanýan korrumpirlenen reimesimlere alternatiw dolandyryş modelini hödürläp bilmegidi.

"Talybanyň" Owganystanda häkimiýet başyna gaýdyp gelmegi Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän iki teokratiýanyň emele gelmegini aňladýar.

Merkezi Aziýanyň hökümetleri, 1990-njy ýyllaryň ahyrynda, "Talybanyň" soňky gezek häkimiýet başynda bolan döwrüne garanyňda, topar babatynda düýpgöter üýtgeşik we dostlukly syýasat alyp bardy.

Emma Gyrgyzystanyň presidenti Sadyr Japarowyň 2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Kollektiwleýin Howpsuzlyk Ylalaşygy Gramasynyň Duşenbede geçirilen sammitinde eden çykyşy 1990-njy ýyllaryň gurkularynyň saklanýandygyny aňlatdy.

Japarow, "sebitimizde teokratik döwletiň döremegi, agza ýurtlaryň häzirki ýagdaýyna şübhesiz ýaramaz täsir ýetirer" diýdi.

Japarow “KHYG agzalaryny” “Merkezi Aziýa döwletleri” bilen aňsatlyk bilen çalşyp bilerdi.

Merkezi Aziýanyň ilaty has dindar bolýar.

Yslam dolandyryşynyň Eýran ýa-da "Talyban" modelleri Merkezi Aziýanyň ilatynyň aglaba köplügini özüne çekmeýär, ýöne bir ýurduň şerigat bilen dolandyrylyp bilinjekdigi baradaky pikir käbirlere ýakýar.

Bilelikde durarsyňyz ýa-da aýralykda ýykylarsyňyz

30 ýyllyk garaşsyzlygyndan soň Merkezi Aziýa 100 ýyllyk izolýasiýadan çykýar.

Sebitiň ýolbaşçylary uly güýç bäsdeşliginiň meýdançasyna öwrülmegini islemeýändiklerini aýtdylar, ýöne Ýewraziýanyň çatrygynda bolmak bilen bäş ýurduň dürli-dürli, käte gapma-garşylykly gyzyklanmalaryň, täsirleriň hem pikirleriň kapasasyna düşmegi gutulgysyzdyr.

Ýöne garaşsyzlygyň dördünji onýyllygyna başlanda, olaryň arasynda sebitdäki raýdaşlygyň haýsydyr bir görnüşiniň köp kynçylyklary çözmegiň iň oňat çykalgasydygyna ahyrsoňy düşünilen ýaly.

Munuň bir alamaty, Merkezi Aziýanyň liderleriniň 20 ýyla golaý wagt bäri geçirilmedik, ýöne ýakynda täzelenen we 2018-nji ýyldan bäri üç gezek geçirilen sammitleridir.

Hatda Merkezi Aziýanyň liderleriniň ikitaraplaýyn ýygnaklarynyň ýygylygy hem artdy.

Hyzmatdaşlygyň bu täze ruhy, sebiti gurşap alýan we oňa aralaşýan uly ýurtlaryň täsirleri bilen iş salyşýan regionyň özygtyýarlylygyny saklamak üçin bäş ýurduň iň gowy ätiýaçlygy bolup biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG