Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Häkimiýetler daşary ýurtlardaky raýatlara nägilelik çykyşlaryna gatnaşmazlygy duýdurýar


Garawullyk çekýän polisiýa işgärleri. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimiýetleri daşary döwletlerde ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlaryna ýurt daşyndaky raýatlaryň garşylyk toparlaryna goşulmazlygy barada nobatdaky gezek duýduryş berdi. Şeýle-de, sebitde we Daşoguz welaýatynyň käbir territoriýalarynda VPN ulgamlary çäklendirildi. Bu çäklendirme we duýduryş goňşy Gazagystanda ulag ýangyjynyň ýokarlanmagy sebäpli dörän protestleriň ýurduň çar künjegindäki şäherlere ýaýran mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, soňky günlerde Baýramalynyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlarynyň öýlerine aýlanyp başladylar.

"Olar jemi üç adam bolup, 2-nji ýanwardan bäri öýlere aýlanýarlar. Olaryň ikisi raýat geýimli we ýene biri özüne degişli geňeşligiň, ýagny obanyň polisiýa edarasynyň leýtenanty bolup, raýat geýimlileriň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň (MHM) ýa-da Migrasiýa gullugynyň işgärleridigi çaklanylýar" diýip, ogly daşary ýurtlaryň birinde okaýan we işleýän, efirde adynyň tutulmazlygyny soran baýramalyly ýaşaýjy 6-njy ýanwarda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan birnäçe baýramalyly maşgalanyň sözlerine görä, kanun goraýjylar raýatlara daşary ýurtlardaky hossarlarynyň garşylyk toparlaryna goşulmazlygyny berk tabşyrýarlar.

"Olar "watanymyza garşy gidýän adamlar köpeldi. Daşary ýurtlarda okaýan ýa işleýän dogan-garyndaşlaryňyza berk tabşyryň, şol adamlara goşulaýmasynlar, nägilelik çykyşlaryna gatnaşmasynlar" hem diýdiler" diýip, baýramalyly ýaşaýjy aýtdy.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada Baýramaly etrap polisiýasy bilen habarlaşyp, goşmaça maglumat ýa kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

Türkmen hökümeti daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň sany barada statistiki maglumatlary jemgyýetçilige äşgär etmeýär. Ýöne Azatlygyň çeşmelerine görä, diňe 2019-njy ýylyň ýanwaryna çenli 10 ýylyň içinde tas 2 million adam Türkmenistandan çykyp gidipdir.

Güýçli ykdysady krizis sebäpli yzygiderli ýaramazlaşýan durmuş derejesi müňlerçe türkmenistanlyny daşary ýurtlarda iş gözlemäge ýa-da ýurdy hemişelik terk etmäge mejbur edýär.

Bu aralykda, habarçymyz sebitde we Daşoguzdaky çeşmelerine salgylanyp, ýurduň demirgazyk welaýatynyň käbir territoriýalarynda VPN ulgamlarynyň işlemeýändigini habar berýär.

"Etrapda VPN ussalary hem, häzir bu ulgama birikdirip bilmeýärler. Olar "raýatlar YouTube we beýleki ýapyk saýtlara girmez ýaly", munuň hökümet tarapyndan böwetlenýändigini aýdýarlar" diýip, habarçymyz efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýerli ýaşaýjynyň sözlerini getirdi.

Türkmen häkimiýetleriniň VPN ulgamyny çäklendirmegi we daşary döwletlerde ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlaryna duýduryş bermegi barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda-da ençeme gezek habar beripdi.

Geçen ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleri we Lebap welaýatynyň ýerli polisiýa işgärleri Farap etrabynda daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň dogan-garyndaşlary bilen ýygnak geçirip, ýurt daşyndaky raýatlaryň garşylyk toparlaryna goşulmazlygy barada duýduryş beripdi.

2020-nji ýylyň iýulynda bolsa, häkimiýetler Lebapda we Daşoguzda daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň hossarlary bilen ýygnak geçirip, olaryň garşylyga goşulmazlygy barada duýdurdylar we protest hereketlerine goşulan adamlaryň “dönük bolup” jeza çekjekdigini aýtdylar.

Bu duýduryşlar ABŞ-da, Türkiýede, Kiprde we Fransiýada türkmenistanlylaryň onlarçasynyň protest çärelerini geçirmeginiň ýa-da Internetde çykyş etmeginiň yz ýanyna gabat gelipdi. Şonda türkmenistanlylar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna nägilelik bildirip, onuň işden çekilmegine çagyryş edipdiler.

Azatlyga türkmen häkimiýetleriniň häzirki duýduryşlaryna nämäniň itergi berendigini anyklamak, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, bu barada ýerli häkimiýetlerden kommentariýa almak başartmady.

Ýöne habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan harby ofiser häkimiýetleriň duýduryşynyň we VPN-niň çäklendirilmeginiň goňşy Gazagystanda dörän köpçülikleýin protestler bilen baglydygyny aýdýar.

"Biziňkiler (häkimiýetler) sähel depeden guş uçup geçse-de, şübheli bolýarlar. Geçen ýyl daşary ýurtlardaky türkmenleriň protestleri artanda-da, bize, ýagny harby ofiserlere "taýýarlyk derejesinde" bolmagy berk tabşyrdylar" diýip, harby ofiser aýtdy.

Gazagystandaky protestler dört gün mundan ozal, nebite baý ýurduň günbatar Mangystau sebitinde ilatyň köp ulanýan ulag ýangyjynyň, suwuklandyrylan nebit gazynyň (LPG) bahasynyň birden ýokarlanmagy sebäpli döredi we, syýasy nägilelikleri hem öz içine alyp, Gazagystanyň çar künjegindäki şäherlere we şäherçelere ýaýrady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG