Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Zaman taýçanagy 'täze eýýamyň' nyşany atlandyryp, atlar üçin pul bölüp berdi


Gurbanguly Berdimuhamedov täze dünýä inen taýçanagy "täze eýýamyň beýik maksatlaryna ýetmekde bedew badynyň nyşany" atlandyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedov täze dünýä inen taýçanagy "täze eýýamyň beýik maksatlaryna ýetmekde bedew badynyň nyşany" atlandyrdy.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady we sosial kynçylyklaryň arasynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabadyň çäginde gurluşygy dowam edýän iki mega-taslamada işleriň barşy bilen tanyşdy. Prezident 18-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezine, 19-njy ýanwarda “Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumyna sapar etdi. Bu aralykda, Berdimuhamedow bedew atlaryň hal-ýagdaýyndan habar almak üçin Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy we ol ýerde täze dünýä inen taýçanaga Zaman diýip at goýdy. Bular barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Türkmenistanda ilatyň ykdysady we durmuş kynçylyklary dowam edýär, azyk howpsuzlygynyň ýagdaýy ýabygorly bolmagynda galýar. Ýurduň dürli sebitlerinde, şol sanda paýtagt Aşgabatda ilatyň aglaba bölegi subsidirlenen azyk önümlerine garaşly galýar, çörek we un ýetmezçiligini başdan geçirýär. Dowam edýän şeýle kynçylyklaryň arasynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bahasy milliardlarça dollara barabar bolan, ýöne anyk bahasy aýdylmaýan iki iri taslamanyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

Ýogsa, dünýäde dowam edýän global pandemiýanyň arasynda Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň aprelinde hökümet resmilerine “dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaý bilen baglylykda, gurluşygy meýilleşdirilen ähli desgalara gaýtadan seretmegi we diňe ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli zerur desgalary saýlap almagy” tabşyrypdy. Resmi we ýarym-resmi habar serişdeleri tarapyndan “akylly şäher” atlandyrylýan “Aşgabat-sitiniň” hem-de Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň ýaşaýyş-durmuş ähmiýetine synçylar soragly çemeleşýärler.

Türkmen paýtagtynyň demirgazyk böleginde, ekspertlere görä seýsmologiki taýdan aktiw sebitde gurulýan “Aşgabat-sitiniň” çäginde, döwlet metbugatyna görä, beýikligi 12 gatdan 35 gata çenli belent binalary gurmak göz öňünde tutulýar. Ýogsa, iýul aýynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu taslamanyň gurluşyk meýdançasynyň ep-esli böleginde ýeriň ýokary gatlagynda ýerasty suwlaryň tapylandygyny we bu meýdançada belent binalary öz içine alýan toplumy bina etmegiň soňy bilen uly kynçylyklara ýol açyp biljekdigini aýtdylar.

Çarşenbe güni Berdimuhamedow “Aşgabat-siti” üçin “saýlanyp alnan ýerde jikme-jik inženerçilik-gözleg işlerini geçirmek, durnuksyz topraklary berkitmek üçin zerur çäreleriň görülmelidigine ünsi çekdi”

“Aşgabat-sitiniň” gurluşygyna 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda resmi taýdan badalga berildi. Täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasy Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna gabat getirildi.

Sişenbe güni Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşyk meýdançasyna amala aşyran iş saparynda Berdimuhamedow ol ýerde gurulýan beýleki desgalar bilen bir hatarda beýikligi 40 metr bolan “Ahal” monumentiniň gurluşygynyň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Resmiler welaýatyň täze merkeziniň hem “akylly şäher” konsepsiýasyna gabat getirilýändigini aýdýarlar. Ýogsa, Türkmenistanyň hökümeti öz ilatyna dünýäde iň haýal we iň gymmat Internet mümkinçiligini hödürleýär. Ekspertler “akylly şäher” taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň, hususan-da Internet aragatnaşygynyň zerur bolup durýandygyny aýdýarlar.

Berdimuhamedow 18-nji ýanwarda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrmazdan ozal, Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet metbugatyna görä, toplumda bir taýçanak dünýä inipdir. Berdimuhamedow bu taýçanaga Zaman diýip at goýupdyr. Şeýle-de, ol täze taýçanagy “täze eýýamyň” nyşany atlandyrýar. Ýöne prezident “täze eýýamyň” beýleki aýratynlyklary barada başga jikme-jiklik mälim etmedi.

Döwlet metbugatyndan çen tutulsa, Berdimuhamedow geljek 30 ýyly “täze eýýäm” hökmünde suratlandyrýar.

“Goý, Zaman atly taýçanak Watanymyzyň täze eýýamyň beýik maksatlaryna ýetmeginde bedew badynyň nyşany bolsun!” diýip, TDH Gurbanguly Berdimuhamedowy sitirleýär.

“Geljek 30 ýyly öz içine alýan täze döwre niýetlenen beýik maksatlarymyz bedew bady bilen geljege dowamat-dowam bolsun!” diýip, prezident aýdýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda 11-nji fewralda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek we onuň dowamynda ýurduň 30 ýyllyk geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Zaman taýçanak, Berdimuhamedowyň sözlerinden çen tutulsa, şol 30 ýyly öz içine alýan “täze döwrüň” nyşany bolmaly.

Mundan ozal, türkmen hökümeti 2019-njy ýylyň ýanwarynda Rowaç taýçanagyň dünýä inmegini şatlykly waka hökmünde ýurduň ýyl ýazgysyna girizdi.

2021-nji ýylyň aprelinde Aşgabat atly taýçanagyň dünýä inmegi häkimiýetleri begendirdi.

Halkara hukuk goraýjy guramalara görä, raýat we syýasy azatlyklar häkimiýetler tarapyndan berk çäklendirilýän ýurtda, soňky birnäçe ýyl bäri raýatlaryň hatda iýmitlenmek hukugy hem, synçylara görä, doly kanagatlandyrylmaýan mahaly, tankytçylar häkimiýetleriň alyp barýan syýasatlaryny berk tankyt edýärler.

Galyberse-de, Gurbanguly Berdimuhamedow Zaman taýçanagyň dünýä inmeginden soňra, atlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan “Türkmen atlary” döwlet birleşigine pul bölüp berdi.

Türkmenistanyň Halkara atçylyk assosiasiýasyna we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna prezidentň ogly Serdar Berdimuhamedow gözegçilik edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG