Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Angliýa we ABŞ Putine garşy göni sanksiýa girizmek duýduryşlaryny berýär


Ukrain esgerleri

Angliýa we Birleşen Ştatlar, eger-de Russiýa Ukraina goşun sürse, prezident Wladimir Putine garşy gönükdirilen sanksiýalaryň işe giriziljekdigini duýdurdylar. Britaniýanyň daşary işler ministri Liz Truss 26-njy ýanwarda Putine garşy girizilip biljek sanksiýalar barada soralanda, “Sky News” telekanalyna "Biz hiç bir zady aradan aýyrmaýarys” diýip jogap berdi.

Trussyň aýdan sözleri ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň 25-nji ýanwarda, Ukraina çozan halatynda, Putine garşy şahsy sanksiýalary girizmegi göz öňünde tutjakdygy barada sözlerini ýatlatdy.

Şeýle-de Truss 26-njy ýanwarda Angliýanyň Ukraina goranyş ýaraglaryny iberýändigini aýtdy.

Baýden 25-nji ýanwarda žurnalistlere Russiýa serhet ýakasynda toplan 100 müň ýa ondan hem köp goşunyny Ukraina sürse, munuň "Ikinji jahan urşundan bäri iň uly çozuş" bolup, "dünýäni özgetjekdigini" aýtdy. Şeýle-de ol özüniň Putine garşy göni sanksiýa girizmek ähtimallygy baradaky soraga “hawa” diýip jogap berdi.

Baýden şu hepdäniň başynda rus goşunlarynyň serhetde toplanmagy sebäpli dörän dartgynlylyk barada ýaranlykdaky ýewropa liderleri bilen maslahatlaşdy we Pentagon, NATO-nyň sebitdäki gatnaşygyny güýçlendirmek üçin, 8500 amerikan esgerini taýýarlaýandygyny habar berdi.

Baýden ABŞ goşunlaryny Ukraina ibermek niýetiniň ýokdugyny aýtdy, ýöne Moskwa hüjüm etmegi buýursa, Russiýa garşy giriziljek berk sanksiýalar barada duýduryş berdi.

Estoniýada, Litwada, Latwiýada we Polşada ýerleşdirilen köpmilletli batalýonlarda NATO-nyň 4000 töweregi esgeri bar. Olara tanklar, howa goraglary, aňtaw we gözegçilik bölümleri tarapyndan hem goldaw berilýär.

Şeýle-de 25-nji ýanwarda Kiýewe goşmaça harby enjamlar, Ukrainanyň goranyşyny pugtalandyrmak üçin goýberilen kömegiň üçünji bölegi, 200 million dollaryň çäginde tanka garşy ulanylýan “Javelin” raketalary, atyjy enjamlar we beýleki harby enjamlar getirildi.

Russiýa bu krizisiň NATO we ABŞ tarapyndan döredilýändigini aýdyp, olary "dartgynlygy güýçlendirmekde" aýyplady. Hüjüm etmek niýetini inkär etse-de, Orsýet 25-nji ýanwarda, müňlerçe esgeriň we onlarça söweş uçarynyň gatnaşmagynda, Ukrainanyň golaýynda gurnan harby türgenleşigine başlady.

Kreml Kiýew bilen araçäkde goşun toplamagyny Ýewropadaky howpsuzlyk arhitekturasyny täzeden gurmak baradaky talapnamalaryny öňe sürmek üçin ulandy. Olaryň arasynda NATO-nyň Ukrainany hiç haçan agzalyga kabul etmejekdigi we bileleşigiň Gündogar Ýewropadan yza çekilmegi barasyndaky talaplar hem bar.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow 26-njy ýanwarda Döwlet dumasynda eden çykyşynda anyklaşdyrmazdan, eger Günbatar talaplaryna jogap bermese, Russiýanyň "degişli çäreleri görjekdigini" aýdyp, Moskwanyň öňki haýbatlaryny tekrarlady.

"Eger-de biz konstruktiw jogap almasak we Günbatar özüniň agressiw ýoluny dowam etdirse, prezidentimiziň ozal birnäçe gezek aýdyşy ýaly, Moskwa degişli çäreleri görer" diýip, Lawrow kanun çykaryjylara ýüzlenip aýtdy.

Şu aralykda NATO we Birleşen Ştatlar Russiýanyň Ýewropadaky howpsuzlyk aladalaryny aradan aýyrmaga gönükdirilen resminama taýýarlaýar we NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenbergiň aýtmagyna görä, ol şu hepdäniň aýagynda Moskwa iberiler.

“Bu resminama Orsýete NATO ýurtlarynyň bilelikde oturyp, "ýaraglara gözegçilik we ýaragsyzlanmak, harby işleriň aç-açanlygy, töwekgelçiligi azaltmak mehanizmleri we operasiýalary barada maslahatlaşmaga taýýardyklaryny açyk görkezer” diýip, Stoltenberg 25-nji ýanwarda CNN telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Lawrow 26-njy ýanwarda Moskwanyň Ukraina baradaky gepleşikleriň we öz howpsuzlyk talaplarynyň, Ýewropa Bileleşigini ýa-da Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyny goşmak bilen, has çylşyrymlaşdyrylmagyny islemeýändigini aýtdy.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmytro Kuleba 26-njy ýanwarda geçirilen brifingde Ukrainanyň, harby gyzyşmanyň öňüni almak ugrundaky gepleşikleriň çäginde, ABŞ-nyň Russiýa iberjek jogaplaryna garşy däldigini aýtdy.

"Hyzmatdaşlarymyzyň Russiýa näme diýjekdigini gowy bilýäris, biz bularyň hemmesinden habarly we hemme zat biz bilen utgaşdyryldy" diýip, Kuleba aýtdy. Şeýle-de ol Orsýeti Ukrainada dowul döretmek synanyşygynda aýyplady.

Dowam edýän diplomatik tagallalaryň çäginde, Russiýanyň, Ukrainanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň geňeşçileri 26-njy ýanwarda Parižde duşuşýar, we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makronyň 28-nji ýanwarda Putin bilen telefonda gepleşip, Russiýanyň niýetlerini aýdyňlaşdyrmaga çalyşmagyna garaşylýar.

Emma muňa garamazdan, Ukrainanyň ýokary derejeli resmisi 26-njy ýanwarda Kiýewiň Russiýa tarapyndan goldanýan separatistler bilen göni gepleşik geçirmek mümkinçiligini aradan aýryp, gündogar Ukrainadaky konfliktde ýaraşyk düzgünleriniň uludan bozulýandygyny öňe sürdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG