Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Agyr zähmete derek – galla. "Talyban" ynsanperwer ýardamy nähili paýlaýar


Owganlylar Hytaýdan gelen ynsanperwer ýardamy, şol sanda azyk önümleri hem gyş eşiklerini almak üçin, nobata durýarlar, Gunduz, 2022-nji ýylyň 6-njy ýanwary.
Owganlylar Hytaýdan gelen ynsanperwer ýardamy, şol sanda azyk önümleri hem gyş eşiklerini almak üçin, nobata durýarlar, Gunduz, 2022-nji ýylyň 6-njy ýanwary.

"Talyban" owganlylary agyr zähmet çekmäge mejbur edýärler, munuň öwezine bolsa beýleki ýurtlar tarapyndan ýardam hökmünde berlen azyk önümlerini teklip edýärler. Häzirki wagtda bu režim halkara ynsanperwer kömegini özüniň “Zähmet üçin galla” diýen maksatnamasyna ulanyp, döwlet-jemgyýetçilik pudagynyň işgärlerine töleg üçin harç edýär.

“Talyban” tarapyndan dolandyrylýan ýurtda ykdysady çökgünligiň çuňlaşmagy sebäpli, beýleki millionlarça garyplyga düşen owganlylar ýaly, Omaruddiniň maşgalasy hem açlyk howpunyň öňünde durýar.

Kabulyň ýaşaýjysy Omaruddin “Talyban” režiminden ynsanperwer ýardamy hökmünde daşary ýurtlar tarapyndan bagyşlanan bugdaýy almak umydy bilen özüni hasaba aldyrjak bolup, 20-den gowrak gezek ýüz tutupdyr.

Şeýle-de bolsa, "Talyban" oktýabr aýynda “Zähmet üçin galla” diýen düzgüni girizensoň, şol düzgüne laýyklykda, ynsanperwer kömegini aljaklardan, zähmet çekmegi, jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy talap edýär.

Omaruddiniň aýtmagyna görä, bu maksatnama laýyklykdaky işi diňe awgust aýynda häkimiýet başyna gelen "Talyban" bilen gatnaşygy bolanlar alyp bilýärler.

Nagt pul ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýan “Talyban” režimi döwlet sektoryndaky işgärleriň aýlyklaryny tölemek üçin, beýleki ýurtlar tarapyndan bagyşlanan bugdaýy ulanýar.

UNICEF Hostda garyplara hem ýetim çagalara ýardam paýlaýar, 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwary.
UNICEF Hostda garyplara hem ýetim çagalara ýardam paýlaýar, 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwary.

Beýle ýagdaý bolsa "Talyban" güýçleriniň daşary ýurtly ýardam berijileriň kömegini ogurlaýandygy baradaky giňden ýaýran habarlary güýçlendirýär.

"Talyban" maksatnamasynyň şeýle jedelli bolmagy halkara ynsanperwer kömek beriji guramalarda, ol kömegi söweşiji toparyň eline bermeli däl-de, mätäçlere göni paýlamak baradaky çagyryşlaryň güýçlenmegine sebäp boldy.

— Bizi hiç kim işe almaýar. "Talyban" diňe öz tanaýanlaryny alýar. Birini tanaýançaň, iş tapyp bilmersiň. Näçe köp zähmet çekseňem, olar hiç zat bermän bilýärler. Olar hiç zady ýönelige bermeýärler. Eden işim üçin olardan azyk almak üçin 20 gezek bardym, diňe başaryp bilen zadym, şahsyýetnamamyň belgisini goýup gaýtdym. Diňe kimiň aragatnaşygy bolsa, şol programmadan peýdalanyp bilýär... Garyba hiç kim hiç zat bermeýär – diýip, Omaruddin Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna gürrüň berdi.

Başga bir hakyna tutma işçi Gazni Gül gündelik iş üçin 50 owgany, takmynan ýarym ABŞ dollaryny gazanýandygyny aýdýar.

— Asla iş ýok. Daşardan gelýän kömek diňe “Talyban” bilen gatnaşygy bolanlara ýa-da baglanyşygy bar adamlara berilýär. Kömek mätäçlere ýetmeýär – diýip, Gül Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna aýtdy.

Iň aryp ýagdaýy garyp düşen dul aýallar başdan geçirýärler. Söweşijiler aýal-gyzlaryň işlemegine rugsat bermeýändigi sebäpli, olar “Talyban” tarapyndan paýlanan daşary ýurt kömegini alyp bilmeýärler.

— Dünýäniň beýleki künjeklerinden gelýän kömek garyplara niýetlenen. “Talyban” käbir erkek adamlara çeken zähmet haky üçin, şol galladan berýär. Öýünde erkekleri ýoklar umytsyz ýagdaýa düşýärler – diýip, kabully dul aýal Fatima gürrüň berýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda 23 million owganlynyň açlykdan ejir çekýändigi çaklanýar. Ynsanperwer kömeginiň deregine “Talyban” tarapyndan işlemäge rugsat berlen az sanly adam bagtlylar hasaplanýar.

Owgan maşgalalary german hökümeti tarapyndan paýlanan azyk önümlerini alyp gelýärler, Kabul, 2021-nji ýylyň dekabry.
Owgan maşgalalary german hökümeti tarapyndan paýlanan azyk önümlerini alyp gelýärler, Kabul, 2021-nji ýylyň dekabry.

Hünäri boýunça köwüş ussasy bolan Abdul Rahman sekiz baş maşgalasyny daşardan kömek bolmazdan ekläp bilmejekdigini aýdýar.

— Owganystana gelýän kömek biz ýala ýetenok. Men garyp, ýöne bize kömek etjek adam ýok. Daşardan gelýän kömek "Talybanyň" üsti bilen däl-de, garyplara göni paýlanmalydyr. [Talyban] biz baryp işlesek, galla bereris diýýär. Men olara birnäçe gezek ýüz tutdum. Olar meniň şahsyýetnamamyň belgisini, telefon nomerimi we şahsyýetnamamyň fotokopiýasyny aldylar. Emma bize bir zat bermekden ýüz öwürdiler, sebäbi paýlamak üçin gallanyň ýokdugyny aýdýarlar – diýip, Rahman Azatlyga mälim etdi.

BMG Owganystana 4,4 milliard dollarlyk gumanitar kömek çagyryşy bilen çykyş etdi. Emma berk halkara düzgünleri “Talyban” tarapyndan dolandyrylýan Owganystana pul ibermegi gadagan edýär.

15-nji awgustda “Talyban” Kabuly ele geçirenden soň, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we beýleki daşary ýurtly ýardamçylar Owganystana berýän maliýe kömegini kesdiler.

Şeýle hem Waşington Owganystanyň Merkezi bankynyň ABŞ-da saklaýan 9 milliard dollardan gowrak pula ygtyýaryny doňdurdy.

Tankytçylar “Talyban” bu pullary terrorçylygy maliýeleşdirmek üçin peýdalanar diýip düşündirýärler. Şeýle hem olar bu serişdeleriň alynmagyna ýol açmak bilen häkimiýet başyna gelen we adam hukuklaryny gödek bozýan “Talyban” öz režimini ösdürer hem güýçlendirer diýip hasaplaýarlar.

Geçen ýylyň dekabr aýynda ABŞ we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi ýurtda barha artýan gumanitar krizisi azaltmak üçin, Owganystana azyk kömegini we medisina ýardamy ýeňilleşdirmegi tassyklady. Ýeňilleşdirilen şol düzgüne laýyklykda, azyk kömeginiň köp bölegi BMG guramalary we hökümete degişli bolmadyk toparlar tarapyndan, gönüden-göni mätäç owganlylara paýlanar.

"Talybanyň" “Zähmet üçin galla” maksatnamasy Hindistan tarapyndan, öňki owgan hökümetine beren däne ätiýaçlyklaryna esaslanýar.

"Talyban" häkimiýet başyna gelensoň, Pakistan we Hytaý tarapyndan mugt bugdaý bilen üpjün edildi, Özbegistan bilen Gazagystandan hem az mukdarda ýardam gowuşdy.

“Talyban” daşary ýurtlarda Merkezi bankyň emläklerini doňdurmagy talap edýän demonstrasiýa syn edýär, Kabul, 2022-nji ýylyň 2-nji ýanwary.
“Talyban” daşary ýurtlarda Merkezi bankyň emläklerini doňdurmagy talap edýän demonstrasiýa syn edýär, Kabul, 2022-nji ýylyň 2-nji ýanwary.

"Talybanyň" Oba hojalyk ministrligi Yslamabadyň 18 tonna bugdaý iberendigini we ýene-de 37 tonna iberjekdigini aýtdy.

“Talyban” güýçleri Hindistan bilen gepleşik geçirip, olaryň ýene 55 tonna galla iberjekdigini Dolandyryş we maliýe ministrliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Fazel Bari Fazli mälim etdi.

Onuň sözüne görä, häzirki wagtda 40 müň töweregi işçi doly iş güni üçin, 10 kilogramlyk haltaly bugdaý alýar.

"Talybanyň" metbugat sekretary Zabiulla Mujahid Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugyna beren beýanatynda, režimiň halkara ýardamyny diňe öz tarapdarlaryna paýlaýandygy baradaky aýyplamalary ret etdi.

Emma “Talybanyň” halkara ynsanperwer kömegini döwlet sektoryndaky işgärlere aýlyk tölemek hökmünde ulanmagy baradaky maglumat daşary ýurtly ýardamçylarda soraglary döretdi.

"Talyban" tarapyndan azyk kömegini hyýanatçylykly peýdalanmakda giňden ýaýran aýyplamalaryň fonunda, Owganystana maliýe çeşmeleriniň akymyna berk halkara çäklendirmelerini saklamak üçin, iň gowy argumentdigini halkara jemgyýetçiligindäki tankytçylar aýdýarlar.

Köp sanly owganlylar hem birnäçe ýyl bäri olar bilen söweşip gelen etniki toparlara we dini jemagatlara gezek gelende, “Talybanyň” ynsanperwer kömegini paýlamakda näderejede adalatly boljagyna şübhe bildirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG