Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken bilen Lawrowyň telefon arkaly Ukrainany maslahat etmegine garaşylýar


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. Islandiýa. 19-njy maý, 2021 ý.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinken we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. Islandiýa. 19-njy maý, 2021 ý.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Antoni Blinkeniň we Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 1-nji fewralda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Ukrainany maslahat etmegine garaşylýar. Bu gepleşik Moskwanyň Ukraina bilen serhet ýakasynda 100 müňden gowrak esgeri toplamagynyň onuň günbatar goňşusyna çozuşynyň başlangyjydygy barada aladalaryň dowam edýän mahalyna gabat gelýär.

Bu gepleşikler, Waşington geçen hepde Russiýanyň howpsuzlyk talaplaryna ýazmaça jogap bereninden bäri, ýokary derejeli amerikan we rus diplomatlarynyň arasynda geçiriljek ilkinji göni dialog bolar.

Gepleşiklerden öň, Russiýanyň Waşingtondaky ilçihanasy 1-nji fewralda maglumat ýaýradyp, Moskwanyň yza çekilmejekdigini aýtdy.

“Biz ABŞ-nyň sanksiýalar baradaky haýbatlaryny diňläp, yza çekilmeris we ümsümje durmarys” diýip, rus ilçihanasy Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynda “Dartgynlygy döredýän Moskwa däl-de, Waşington” hem diýdi.

1-nji fewralda Moskwada ýokary derejeli rus diplomaty Russiýanyň ABŞ-nyň Ukrainadaky krizisiň öňüni almak baradaky teklibine ýazmaça jogap iberendigi baradaky habarlary ret etdi.

Russiýa Birleşen Ştatlardan we NATO-dan Ukrainanyň hiç haçan bu birleşige goşulmajakdygyny, ýaranlygyň Russiýanyň serhetlerine ýarag ulgamlaryny ýerleşdirmegini togtatjakdygyny we onuň güýçleriniň Gündogar Ýewropadan yza çekiljekdigini kanuny taýdan kepillendirmegi talap etdi.

NATO we Waşington talaplary ýerine ýetirip bolmajakdygyny aýdyp, bu babatda Moskwa ýazmaça jogap berdi. 31-nji ýanwarda Birleşen Ştatlaryň administrasiýasynyň üç resmisi rus tarapynyň ABŞ-nyň tekliplerine ýazmaça jogap iberendigini aýtdy.

Emma Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Gruşko 1-nji fewralda RIA Nowosti habar gullugyna munuň "dogry däldigini" aýtdy.

RIA Nowosti habar gullugy Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň ady agzalmadyk ýokary derejeli diplomatyna salgylanyp, Lawrowyň günbatarly kärdeşlerine, şol sanda Blinkene "howpsuzlygyň bölünmezligi prinsipi" barada habar iberendigini, ýöne munuň Waşingtonyň tekliplerine jogap däldigini belledi.

Britan premýer-ministri Boris Johnsonyň hem Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen gepleşikler geçirmek üçin 1-nji fewralda Kiýewe sapar etmegine garaşylýar.

“Dost we demokratik hyzmatdaş hökmünde Angliýa [Ukrainany] ýok etmek isleýänleriň öňünde onuň özygtyýarlylygyny goramagy dowam etdirer” diýip, Johnson öz beýanatynda aýtdy.

Johnsonyň 1-nji fewralda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirmegine hem garaşylýardy, emma Kreml bu söhbetdeşligiň şu gün amala aşmazlygynyň ähtimaldygyny mälim etdi.

Gepleşikleriň ilkibaşda 31-nji ýanwarda geçirilmegi meýilleşdirilipdi, ýöne Johnson telefon gepleşigini, aýdyňlaşdyrylmadyk sebäplere görä, täzeden meýilleşdirmeli boldy.

Johnson 31-nji ýanwarda ýaýradan beýanatynda Russiýany yza çekilmäge we diplomatik çözgüt tapmak üçin gepleşikleri geçirmäge ýene bir gezek çagyrdy.

Britan daşary işler ministri Liz Truss Johnson bilen Ukraina gitmegi meýilleşdirýär.

Truss 31-nji ýanwarda eden çykyşynda çozuş bolan halatynda, iňlis hökümetiniň 10-njy fewrala çenli Russiýa garşy "giň gerimli" sanksiýalary girizmäge taýýar boljakdygyny we sanksiýalaryň rus režimine strategiki ýa-da ykdysady goldaw berýän islendik adamy nyşana aljakdygyny aýtdy.

[...] Peskow britan duýduryşyny "gaty biynjalyk ediji" diýip atlandyrdy we munuň britan kompaniýalaryna zyýan ýetirjekdigini aýtdy.

Bu ädimler, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde ABŞ-nyň ilçisi Linda Tomas-Grinfildiň Russiýanyň Ukraina abandyrýan howpunyň bir bölegi hökmünde fewralyň ortalarynda Belarusda goşun artdyrmak isleýändigini aýdandan bir gün soňa gabat geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG