Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebaply daýhanlar häkimiýetleriň gowaça ekişine girişilendigi baradaky öňe sürmesini ýalana çykarýarlar


Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri 23-nji martda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylarynyň gowaça ekişine girişendiklerini yglan etdiler. Emma lebaply daýhanlar şol gün döwlet telewideniýesinde hamala gowaça ekişine badalga berilendigi baradaky reportažlar üçin üç gün öňünden ýazgy edilendigini we birnäçe günläp ýagan güýçli ýagynlaryň netijesinde ýurduň gündogar welaýatynyň köp sebitlerinde meýdanlaryň entek ekişe asla-da taýýar edilmändigini bellediler.

“Nowruz baýramyna garamazdan, martyň 21-den 23-ne çenli döwlet telewideniýesine ýazgy etmek üçin köpçülikleýin mejbury çäre geçirildi. Mundan öň üç günläp ýagan ýagyşlaryň netijesinde meýdanlaryň aglabasy entek laýdy. Ilki bilen, Saýat etrabyna barýan uly ýoluň ugrundaky bir meýdanda ýazga girişdiler. Emma sürüm traktorlary meýdana giren dessine, palçyga batyp galdylar. Ýogsa, bäş gün öňünden bu ýerde ýazgy üçin eýýäm ak öýler, çadyrlar we sahna hem dikilipdi” diýip, bu çärelere mejbury gatnaşdyrylan ýerli pagtaçylaryň biri 24-nji martda habarymyza gürrüň berdi.

Ol mundan soň welaýat häkimliginiň resmileriniň ýerli ýolbaşçylara ýazgy üçin dessine täze bir ýeri tapmagy buýurandyklaryny hem belledi.

“Soňra Türkmenabat-Saýat ýolunyň 10-njy kilometrinde, ýagny Çärjew etrabynyň ‘Watan’ daýhan birleşiginiň bir meýdanyna ýazgy edildi. Emma bu ýerde hem ygalyň yzy entek gitmändi. Bu bir gözboýagçylyk boldy. Ekin ýerlerini diňe onuň gury wagty sürmeli, soňra-da yzyndan galan uly kesekleri döwüp, topragy tekizlemeli. Diňe şondan soň pagta ekişine girişmeli” diýip, ýerli daýhan gürrüň berdi.

Ol bu sebäpli, türkmen häkimiýetleriniň öňe sürmelerine garamazdan, Lebabyň köp sebitlerinde entek gowaça ekişine düýbünden girişilmändigini hem sözüne goşdy.

Azatlyga bu ýagdaýlar boýunça ýurduň pagta pudagynda çaga zähmetinden we mejbury zähmetden peýdalanmakda tankyt edilýän türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda Lebap welaýat häkimliginden hem nähilidir bir düşündiriş ýa goşmaça maglumat almak başartmady.

Gowaça ekişi bilen bagly 23-nji martda “Watan” habarlar gepleşiginde görkezilen reportažda Lebabyň ýokarda gürrüňi edilen sebitinde hatara goýlan traktorlar, sahnalaşdyrylan oýunlar görkezildi, şeýle-de gowaça ekişi bilen bagly 'ähli taýýarlyklaryň görlendigi’ öňe sürildi.

Azatlygyň habarçysynyň söhbetdeşi döwlet telewideniýesinde ‘ilatyň gözüne çöp atmak’ üçin hakykata bap gelmeýän reportažlaryň deregine, sebitiň oba-hojalyk pudagyndaky asyl ýagdaýlaryň görkezilmeginiň tarapynda çykyş edýändigini hem sözüne goşdy.

“Daýhan birleşiklerinde ekin meýdanlaryny sürmäge niýetlenen traktorlaryň onlarçasy çagşap ýatyr. Traktorlaryň tekerine ýel berer ýaly kompressorlar hem ýok. Traktorlardan baş çykarýan ussalar hem galmady. Hökümet ätiýaçlyk şaýlary bilen-de üpjün etmeýär. Bularyň ählisi daýhanlaryň öz boýnuna. In-e, şu ýagdaýlary telewideniýede görkezip, bulara çözgüt tapsalar has gowy bolardy” diýip, lebaply daýhan sözüni jemledi.

Türkmenistanda mejbury geçirilýän köpçülik çäreleri telewideniýe üçin wideoýazgy edilýär we köplenç “berkararlyk we bagtyýarlyk” zamanasynyň subutnamasy hökmünde döwlet telewideniýesinde görkezilýär. Ýöne munuň ýönekeý raýatlaryň durmuşyna ýetirýän täsiri barada ýeke söz aýdylmaýar.

Resmi maglumata görä, şu ýyl ýurtda gowaça ekmek üçin 580 müň gektar meýdan taýýarlanylyp, 1 million 250 müň tonna pagta öndürmek göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary 30-njy martda ekişe başlarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG