Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident "ösüş" sanlaryna garamazdan, iki wise-premýere berk käýinç we käýinç yglan etdi


Türkmenistanyň "Altyn Asyr" döwlet telewideniýesinden alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gözegçilik edýän pudaklarynda "ösüş" gazanylandygy barada hasabat beren bir wise-premýere berk käýinç we başga-da birine käýinç yglan etdi. Prezident 8-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde özüniň oba hojalyk we nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçilerini hem wezipä belledi.

TDH-nyň habaryna görä, mejlisiň dowamynda beýleki meseleler bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi.

Wise-premýer Şahym Abdrahmanow beýlekiler bilen bir hatarda, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, suwuklandyrylan gazy öndürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmek boýunça ösüş sanlaryny yglan etdi.

Muňa garamazdan, prezident wise-premýere berk käýinç yglan etdi we "ýol berlen kemçiliklerini" gysga wagtyň içinde düzetmegi duýdurdy. Döwlet baştutany Abrahmanowa berk käýinjiň onuň "şu ýylyň birinji çärýeginde gözegçilik edýän toplumlarynyň işinde goýberen kemçilikler üçin" berlendigini aýtdy. Ýöne bu kemçilikleriň jikme-jikliklerini aýdyňlaşdyrmady.

Muňa garamazdan, prezident bu käýinji yglan etmezden öň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak, tebigy gazy eksport etmekde beýleki halkara taslamalar boýunça hem "işleri has depginli alyp barmak meseleleriniň wajypdygyna" ünsi çekdi.

Bellesek, prezidentiň bu belligi, TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ýene yza süýşürilýändigi barada geçen aýyň başynda peýda bolan habarlaryň yz ýanyna gabat geldi.

Mejlisde "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin" diýlen kesgitleme esasynda wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe hem käýinç yglan edildi. Kaýinjiň öňüsyrasynda, Orazgeldiýew hem ýurduň obasenagat toplumynda gazanylan ösüş sanlary barada hasabat berdi.

Resmi habardan çen tutulsa, hökümet mejlisinde ýurduň döwlet dükanlarynda dowam edýän azyk gytçylygy, olaryň öňündäki nobatlar, bazarlarda ýokarlanýan bahalar barada hiç zat aýdylmady.

Mejlisde Annageldi Ýazmyradow Türkmenistanyň prezidentiniň oba hojalyk we Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipelerine bellenildi.

Resmi habarda bu wezipeleri ozal kimleriň eýeländigi ýa-da olaryň täze döredilendigi ýa döredilmändigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Hökümetçi "Biznes Türkmenistan" neşiriniň maglumatyna görä, 2015-2016 ýyllar aralygynda Begliýew “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesinde işledi.

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly, öňki wise-premýer Serdar Berdimuhamedow 19-njy martda prezident wezipesine kasam kabul etdi.

Şondan bäri ol Ministrler Kabinetinde we Döwlet howpsuzlyk geňeşinde möhüm kadr çalşygyny geçirdi. Prezident 6-njy aprelde Muhammet Hydyrowy içeri işler ministri, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary wezipelerine belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG