Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili türkmen prezidenti bilen duşuşdy


ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terri Hakala
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terri Hakala

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Terri Hakala adam hukuklaryny depelemekde berk tankyt edilýän Türkmenistana sapar edip, prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi 4-nji maýda habar berdi.

Döwlet metbugaty, ilkinji nobatda, ýewropaly ýörite wekiliň pursatdan peýdalanyp, türkmen prezidentini wezipä girişmegi mynasybetli gutlandygyny habar berýär.

Türkmenistanda 12-nji martda giň ýaýran saýlaw düzgün bozmalarynyň arasynda geçirilen irki prezident saýlawlarynda ýeňiji yglan edilen Serdar Berdimuhamedow döwlet wezipesine girişenden 1,5 aý töweregi soň, ilkinji gezek prezident hökmünde ýokary derejeli ýewropa resmisi bilen duşuşýar.

Galyberse-de, ÝB-niň ýörite wekiliniň türkmen prezidenti bilen duşuşygy tutuş dünýäde 3-nji maýda bellenilip geçilen Bütindünýä metbugat azatlygy gününiň ertesi güni geçirildi. Bellesek, Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça halkara hasabatlarda dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky orunlary eýeleýär.

Ynsan hukuklaryny, şol sanda aýallaryň hukuklaryny we metbugat azatlygyny özüniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaýan Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa wekili soňky günlerde Türkmenistanda aýal-gyzlaryň hukuklarynyň has-da çäklendirilýändigi baradaky habarlaryň dowam edýän wagtynda hem-de Serhetsiz reportýorlar guramasynyň ýaňy-ýakynda çap eden Bütindünýä halkara metbugat azatlygy indeksinde Türkmenistanyň dünýädäki 180 ýurduň arasynda 177-nji orny eýelemeginiň yz ýany Aşgabada sapar edýär.

Ýokary derejeli Günbatar resmisiniň türkmen prezidenti bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň agyr ýagdaýy bilen bagly meseleleriň gozgalyp-gozgalmandygy aýdylmaýar.

Ýöne döwlet metbugatyna görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda kanunçylygy, bilim ulgamyny, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, oba we suw hojalygyny ösdürmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi boýunça halkara Konwensiýalaryň durmuşa geçirilmegi hem-de beýlekiler ÝB bilen Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan üstünlikli taslamalaryň hatarynda görkezilipdir.

“Umumy pikire görä, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm ugurlarydyr” diýip, TDH ýazýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça öňki ýörite wekili Piter Buriýan 2020-nji ýylda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Aşgabat bilen ikiçäk duşuşyklarda ynsan hukuklary meselesiniň gozgalýandygyny aýtdy. Puriýan 2015-2021-nji ýyllarda Merkezi Aziýada Ýewropa Bileleşigine wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň döwlet mediasyna görä, Terri Hakala 4-nji maýda Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň başlygy, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem duşuşypdyr. Döwlet metbugaty bu duşuşykda kanunçylyk ulgamynda ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maslahat edilendigini aýdýar.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi 1998-nji ýylda Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Ýöne şondan bäri, Ýewroparlament hem-de Bileleşige agza ýurtlaryň parlamentleri Türkmenistandaky adam hukuklarynyň gowşak ýagdaýyna salgylanyp, bu dokumenti tassyklaman gelýär.

2008-nji ýylda ÝB bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Düşünişmek memorandumyna gol çekildi.

2019-njy ýylyň iýulynda Ýewropa Bileleşigi Aşgabatda wekilhana açdy.

Ýewropa Bileleşigi şol ýyl Merkezi Aziýa boýunça täze strategiýa kabul etdi.

Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň resmi wekilleri beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamalary bilen bir hatarda ýangyç ulgamynda, hususan-da türkmen gazynyň Ýewropa ýurtlaryna eksport edilmegi babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp gelýärler, ýöne jemgyýetçilige mälim bolan maglumatlara görä, bu ugurda heniz bellärlikli öňe gidişlik gazanylmady.

Ýewropa Bileleşiginiň resmi edaralary Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri barada heniz beýanat çap etmedi, ýöne Terri Hakala 2-nji maýda özüniň resmi Twitter hasabynda Garagumdan post paýlaşdy. Ýewropaly resmi ýaşyl ýapraklarynda ýagyş damjalary bulduraýan gülüň suratynyň ýokarsynda öz yzarlaýjylaryny Oraza baýramy bilen gutlady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG