Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus güýçleri ukrain söweşijileriniň ýerleşýän polat zawodyna gaýtadan hüjüme başlady


5-nji maýda günorta port şäheri Mariupoldaky "Azowstal" polat zawodynyň golaýynda, söweş wagtynda Moskwany goldaýan separatist goşunlar tankdan ot açýarlar.

Rus güýçleri Ukrainanyň weýran bolan Mariupol portundaky polat zawodyna edýän hüjümlerine gaýtadan başlady. Rus güýçleri bu ýerdäki ukrain söweşijilerini oka tutmak üçin söweş uçarlaryny ulanýar.

"Azowstal" toplumynyň aşagynda 2000-e golaý ukrain söweşijisiniň we ýüzlerçe parahat ýaşaýjynyň bardygyna ynanylýar. Bu toplumyň goranyşy şu hepdäniň başynda rus güýçleri tarapyndan bozuldy.

Birleşen Milletler Guramasy ýene bir ewakuasiýa tagallasynyň dowam edýändigini aýtdy. Şeýle-de, Ukrainanyň ýokary derejeli resmisi şu wagta çenli 500 töweregi asuda ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini mälim etdi.

Ukrainanyň Baş ştaby 6-njy maýda ýaýradan gündelik habarynda ruslaryň zawoda edýän täze hüjümleriniň bir bölegi hökmünde uçarlary ulanýandygyny aýtdy.

"Köp ýaralananlar bar, ýöne olar boýun egmeýärler" diýip, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý 5-nji maýda gijeki wideo ýüzlenmesinde aýtdy.

"Olar öz pozisiýalaryny saklaýarlar" diýip, ol sözüne goşdy.

Mariupol şäheri birnäçe hepde dowam eden köçe-köçe söweşler we agyr bombalamalar sebäpli ýiti weýrançylyk çekdi. "Azowstal" toplumy ruslaryň şäheri doly ýeňmeginiň öňüni almak üçin göreşýän ukrain goşunlary üçin soňky duralga öwrüldi.

Bu söweş, Russiýanyň gündogardaky Donbas sebitinde hüjümleri dowam etdirýän mahaly bolýar. Russiýanyň Donbasa edýän hüjümleri, ukrain güýçleri rus hereketlerini petikländigi we hatda territoriýalary yzyna alandygy sebäpli, haýal we uly öňe gidişliksiz dowam edýär.

"Azowstal" ugrundaky göreş, rus prezidenti Wladimir Putiniň 9-njy maýda Russiýanyň Ýeňiş gününde - nasist Germaniýanyň ýeňilmeginiň ýyl dönüminde görkezmek üçin söweş meýdanynda ýeňiş gazanmagy isleýändigi baradaky çaklamalaryň arasynda bolýar.

"Russiýanyň "Azowstaly" ele geçirmek we Mariupoly basyp almagy tamamlamak ugrundaky täze tagallasy, 9-njy maýda bellenilýän Ýeňiş güni we Putiniň Ukrainada simwoliki üstünlik gazanmak islegi bilen baglanyşykly ýaly bolup görünýär" diýip, Britan Goranmak ministrliginiň 6-njy maýda ýaýradan gündelik habarynda aýdylýar.

Mariupol şäheri Russiýanyň 2014-nji ýylda bikanun anneksiýa eden Krym ýarymadasynyň gapdalynda, strategiki orunda ýerleşýär.

Mariupoly ýitirmek Ukrainany Azow deňzindäki möhüm portdan mahrum eder. Şeýle hem, bu Russiýa Krym ýarym adasyna gury ýer koridoryny döretmäge we Donbasyň başga ýerlerinde söweşmek üçin goşun ýerleşdirmäge mümkinçilik berer.

"Azowstalyň" labyrint tunellerinde we senagat infrastrukturasynda galan ukrainalylar sosial mediada wideolary we suratlary çap edip, halkara jemgyýetçiligine ýüzlenýärler.

Azow batalýonynyň serkerdebaşysynyň orunbasary kapitan Swýatoslaw Palamar 5-nji maýda eden wideo ýüzlenmesinde esgerleriň talaba laýyk saglyk bejergisiniň ýoklugy sebäpli "agyr azapda ölýändigini" aýtdy. Ol bu ýerdäki parahat ilaty we ýaralanan söweşijileri ewakuasiýa etmek üçin halkara kömegini sorady.

BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterres parahat ilaty ewakuasiýa etmek üçin ýene bir operasiýanyň geçirilýändigini aýtdy. 6-njy maýda Zelenskiýniň baş geňeşçisi Andriý Ýermak BMG-niň ýolbaşçylygyndaky tagallanyň çäginde şäherden we "Azowstal" zawodyndan 500-e golaý parahat ýaşaýjynyň ewakuasiýa edilendigini mälim etdi.

Yermak 6-njy maýda Telegramda ýazan maglumatynda Kiýew "özüniň ähli parahat ilatyny we harbylaryny halas etmek üçin ähli zady eder" diýdi.

"Azowstalda halkymyzy halas etmegiň ýene bir tapgyry dowam edýär" diýip, ol belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG