Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Iýmelimi ýa-da derman almaly? Türkmen pensionerleri krizisde gün görmäge synanyşýarlar


Köçede çigit satýan garryja aýal.  Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş derejesiniň goňşy ýurtlardaky pensiýalaryň mukdary deňeşdirilende, Merkezi Aziýa regionynda iň pes bolmagy ähtimal. Ýurduň hökümetiniň ykdysadyýetiň ösüşi we ilatyň abadançylygy barada aýdan sözlerine garamazdan, garyp ilatyň, şol sanda garrylaryň sany ep-esli artýar. Köp adamlar agyr mätäçlikde ýaşaýarlar. Pensionerleriň öz sözlerine görä, köpleriň pensiýasy iýmite zordan ýetýär, derman almak köpler üçin elýeterli däl.

Kimdir birinde süýji keseli bardyr, olara insulin we derman gerek. Käbirlerinde ýokary gan basyşy bar, olara basyşy gowşatmak üçin dermanlar gerek bolýar, käbirlerinde aşgazan we beýleki keseller bar. Dermanlaryň gymmatlygy zerarly häzir derman satyn almak üçin köp türkmen pensionerinde ýeterlik serişde ýok.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, çagalary ene-atalaryna kömek etmäge mümkinçiligi bolan pensionerleriň ýagdaýy ganymat. Emma çagasy ýok, ýa-da çagalary işsizleriň güni gaty kyn. Garrylar derman ýa-da azyk önümlerini satyn aljagyny bilenoklar.

Ýylyň başynda, pensiýa 10 göterim ýokarlanandan soň, Türkmenistanda iň pes pensiýa 410 manat boldy. Resmi kurs boýunça daşary ýurt walýutasynda hasaplanda 410 manat 117 dollara, gara bazaryň bahasy bilen 18,6 dollara barabar. Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlary bilen deňeşdirilende, Gazagystanda pensiýalar 240 dollardan başlanýar, Özbegistanda 45 dollar töweregi bolýar.

Türkmenistandaky pensiýalaryň mukdary adamyň esasy zerurlyklaryny ödemeýär. Mysal üçin, 410 manada çak bilen 6 kilogram sygyr ýa-da goýun etini satyn alyp bolýar, emma minimal pensiýa bir halta pes hilli uny satyn almak üçin ýeterlik däl. Mart aýynda, bahalar soňky gezek ýokarlananda, pes hilli unuň bir haltasynyň bahasy 680 manada çykypdy.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistanda pensionerleriň köpüsi 500 manat möçberde pensiýa alýar, bu bolsa ortaça pensiýa hasaplanýar. Kanun goraýjy edaralarynda işlän pensionerler has köp pensiýa almar bu 1 000 000 manatdan gowrak bolýar.

"Ýaşy sebäpli pensiýa çykyp, zähmet stažy ýeterlik bolmadyklar, 450 manat çemesi alýarlar. Pensiýa çykýanlaryň köpüsiniň ýaşy sebäpli köplenç dermana mätäçdigini göz öňünde tutulanda, köpler kyn ýagdaýda galýar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Bu aralykda, ýurtda göz öňünde tutulan iň pes pensiýadan hem az alýan pensioner hem bar. Azatlygyň habarçylary ýeterlik iş tejribesi bolan, emma 300 manat pensiýa alýan pensionerler barada gürrüň beripdi. Şeýle ýagdaýa düşen bir zenan býurokratik böwetler sebäpli 27 ýyllyk iş tejribesini tassyklap bilmändir.

Uzaga çeken ykdysady krizis we koronawirus pandemiýasy ilatyň ýaşaýyş derejesiniň düýpgöter peselmegine sebäp boldy. Garrylar we maýyplar bilen birlikde barha köp adam gün görmek üçin göreşmäge mejbur bolýar. Soňky ýyllarda dileg edýän ýa-da galyndylary dörýän adamlaryň sany köpeldi.

Ýurduň häkimiýetleri pensionerleriň problemalaryny açyk gozgamaýar.

Ykdysady meseleleriň ýaramazlaşmagynyň fonunda ýurduň hökümeti soňky ýyllarda pensiýa almagyň düzgünlerini birnäçe gezek üýtgetdi. Özgertmeler döwründe ýurduň pensionerleri birnäçe aýlap pensiýasyz galdylar. Beýleki ýurtlaryň tejribesinden pensiýa reformalary hökümete bolan ynamyň peselmegine sebäbi bolýar.

Türkmenistanyň kanunçylygy raýatlaryň sosial goragyny kepillendirýär. Ýurduň geçmişiniň bir döwründe häkimiýetler ilaty pensiýa hukugyndan mahrum edipdi. 2006-njy ýylda prezidentiň gol çeken kanuny 100 000-den gowrak pensioneri doly eklençsiz galdyrypdy we ýene 200 000 adamyň pensiýasynyň uly bölegi kesilipdi. Türkmenistanda pensiýalar 2007-nji ýylda dikeldilipdi.

Ilatyň durmuş derejesine täsir ýetirýän ýene bir mesele türkmen manadynyň daşary ýurt pullary babatyndaky hümmetine degişli. Türkmenistanyň Merkezi Banky, manatyň resmi hümmetini 7 ýyl bäri uýtgewsiz, ýagny 3,5 manat bir amerikan dollary derejesinde saklaýar. Şol bir wagtyň özünde, "gara bazarda" walýutanyň hümmeti birnäçe esse ýokary bolup, üýtgäp durýar. Dollaryň gara bazardaky hümmetiniň yzygiderli üýtgemegi bahalaryň her gezek ýokarlanmagyna getirýär we ilatyň ýaşaýyş derejesine öz täsirini ýetirýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG