Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Türkmenleşdirme” sebäpli milli azlyklaryň obalary boşap galdy”


Maryda buluç azlygynyň wekili söwda edýär

“[Türkmenistanda] ählumumy ‘türkmenleşdirmäniň’ netijesinde bir giden gazak, özbek obalar, rus dilli işçi posýoloklary we razýezdleri boşap galdy”. Bu ýerli synçylaryň biriniň Azatlygyň websaýtynda ýüzlerçe etniki gazagyň Türkmenistany hemişelik terk edýändigi barada çykan makala galdyran garaýyşy boldy.

Azatlygyň şu hepdäniň başynda çap eden maglumatynda, 490 türkmenistanly etniki gazagyň iýunyň başynda Gazagystana hemişelik göçýändigi bellenipdi.

Şonda bu çäräniň Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň haýyşy esasynda Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 11-nji maýda kabul eden kararyna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi aýdylypdy.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran türkmenistanly synçy etniki gazaklaryň dünýäniň iň bir repressiw we ýapyk ýurtlarynyň birinden çykyp gitmäge mümkinçiliginiň dörändigi begendirýändigini, şol bir wagtda-da bu ýagdaýyň Türkmenistanda nä derejede mili azlyklaryň ýaşamak we zähmet çekmek mümkinçilikleriniň çäklidigini görkezýändigini belledi.

Synçynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň režiminiň 30 ýyldan bäri alyp barýan syýasatynyň netijesinde, ýurtdaky diasporalary diňe bir medeni gurama hökmünde hasaba almazlyk bilen birlikde, bu gün olary türkmen milli egin-eşigini geýmeklige we dokumentlerinde milletini "türkmen" ýazdyrmaga mejbur etmeklige getirdi.

Gepiň gerdişine bellesek, Azatlygyň habarçylary Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda pasport almakdaky bökdençlikleri, işe we okuwa girmekdäki meseleleri barada dowamly habar berip gelýärler. 2018-nji ýylda Azatlyk ilkinji gezek ýurduň kanun goraýjy edaralarynda badalga berlen “türkmenleşdirme” prosesi barada hem maglumat beripdi.

Şonda habarçymyz Daşoguz welaýatynyň kanun goraýjy düzümlerinde zähmet çekýän we etniki taýdan gelip çykyşy türkmen bolmadyk howpsuzlyk işgärleriniň pasport maglumatlarynyň mejbury üýtgetdirilýändigini we olaryň milletiniň türkmen diýlip ýazdyrylmagynyň talap edilýändigini habar beripdi.

Galyberse-de, synçylar Türkmenistanyň döwlet tejribesinde raýatlaryň şahsyýetini görkezýän resminamalarda pasportyň eýesiniň “milletini” görkezmek bilen, olaryň degişli bolan milli etniki toparynyň göz öňünde tutulýandygy, ösen döwletleriň tejribelerinde bolsa pasportyň eýesiniň “milleti” diýmek bilen, olaryň raýatlygynyň göz öňünde tutulýandygyny nygtaýarlar.

Türkmenistanyň bilim pudagynda işleýän söhbetdeşimiz ýurtdaky milli azlyklaryň hatda aglaba bolup ýaşaýan sebitlerinde-de, öz ene dillerinde ne bilim berilýändigine, ne-de gazetdir žurnallaryň çap edilýändigine ünsi çekdi.

Ol ýurt garaşsyzlygynyň başky ýyllarynda, ýagny 1990-njy ýyllarda ermeni, gazak, özbek, polýak, koreý we beýleki diasporalaryň milli medeni guramalaryny resmi hasaba aldyrmak ugrunda synanyşyklaryň bolandygyny, emma ýurduň şol wagtky awtoritar prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň bu tagallalaryň öňüni alandygyny aýtdy.

“Netijede, bu gün ilatynyň 20-den 99-a çenli göterimini özbek, gazak, buluç, pars ýa kürt milleti tutýan ilatly ýerlerde hiç hili olaryň ene dilinde okadylýan mekdepler ýa medeni merkezler, hat-da ene dili we edebiýaty dersi-de galmady” diýip, ýagdaýlardan habarly synçy aýtdy we bu ugurda häzirki gün hem göze ilerlik oňaýly işleriň alnyp barylmaýandygyny sözüne goşdy.

Türkmenistanyň ilatynyň sany barada ygtybarly maglumatlary hödürlemeýändigi sebäpli, ýurtda ýaşaýan milli azlyklar, olaryň sany barada hem anyk hiç zat aýdyp bolmaýar.

Emma soňky ýyllar ýurtdaky agyr ykdysady krizisiň arasynda, barha köp adamyň, şol sanda milli azlyklaryň wekilleriniň hem ýurtdan çykyp gitmek isleýändigi barada maglumatlar gowuşypdy.

Mundan öň, Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri Türkmenistanda, daşary ýurtlara göçe-göçlügiň, şeýle-de ýokary ölüm derejesiniň netijesinde, 3 million çemesi adamyň galandygyny we ýurduň demografik krizisiň bosagasynda durandygyny duýdurypdylar.

Türkmenistanyň hökümeti, şol sanda ÝHHG-niň Milli azlyklaryň işleri boýunça ýokary komissary bilen geçirýän duşuşyklarynda hem, “jemgyýetiň ähli agzalarynyň hukuklarynyň goraglylygynyň we durmuşa hemmetaraplaýyn ornaşdyrylmagynyň meselelerine aýratyn üns berilýändigini” öňe sürýär.

Emma milli azlyklaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, olary köpçülikleýin ýagdaýda ýaşap oturan ýurduny hemişelik terk etmäge itekleýän sebäpleri barada açyk gürrüň edilmeýär. Türkmen häkimiýetleri Azatlygyň bu ugurdaky sowallaryna hem jogap bermekden ýüz öwürýärler.

Mundan başga-da, Türkmenistanda milli azlyklaryň hak-hukuklaryny gorap çykyş edýänler hem basyşlara sezewar edilýär. Türkmenistandaky buluç azlygynyň hukuklaryny goramakda tanalýan Mansur Mingelow, hukuk toparlarynyň aýtmagyna görä öz alyp baran jemgyýetçilik işi üçin ar almak maksady bilen toslanan aýyplamalar esasynda, 2012-nji ýylda 22 ýyl türme möhletine höküm edilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG