Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ukrainanyň gündogaryndaky söweşler ýitileşýär, ukrain güýçleri agyr rus hüjümlerine çydaýar


15-nji iýunda Harkowda rus goşuny tarapyndan oka tutulan tramwaý deposyndaky tramwaý galyndysy.

Ukrainanyň Donbas sebitinde agyr çaknyşyklar alnyp barylýar. Rus goşunynyň möhüm Sewerodonetsk şäherine we onuň golaý sebitlerine zarbalary ýagdyrýandygyna garamazdan, ukrain güýçleri garşylyk görkezmegini dowam etdirýärler.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň 17-nji iýunda çap eden gündelik brifinginde rus harbylarynyň soňky 24 sagadyň dowamynda Sewerodonetskden 55 km günortada ýerleşýän Popasna okuny ele geçirmek ugrunda tagalla edendigini aýtdy. Eger bu sebit ruslaryň eline geçse, bu Sewerodonetskiň daşyny gabawa almaga mümkinçilik berer.

Ukrainanyň baş harby ştabynyň 16-njy iýunda giçlik beren maglumatyna görä, Sewerodonetskde we onuň Siwerskiý Donets derýasynyň beýleki tarapyndaky Lysyçansk ekiz şäherinde agyr çaknyşyklar alnyp barylýar.

Sewerodonetsk ugrundaky söweş eýýäm ençeme hepde bäri dowam edýär. Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski bu şäher ugrundaky söweşiň Donbasyň ykbaly üçin aýgytlaýjy bolup biljekdigini aýdypdy.

Eger-de rus basybalyjy güýçleri Sewerodonetski we Lysyçansky ele geçirseler, Moskwa tutuş Luhansk sebitine gözegçilik eder.

Luhansk sebitiniň harby häkimi Serhiý Haýdaý Sewerodonetskiň uruşdan öňki 100 müň ilatyndan 10 müň parahat ilatyň gabawda galýandygyny we olaryň zerur hajatlary üçin serişdeleriniň gutarýandygyny aýdýar.

Köp sanly asuda raýat şäherdäki Azot himiýa zawodynyň aşagyndaky bunkerlerde penalaýar.

Sewerodonetskiň häkimi Oleksandr Strýuk 16-njy iýunda ukrain telewideniýesine 500 töweregi parahat ilatyň zawodyň penahanalarynda gabawda galýandygyny aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasy şäherde 12 müň asuda raýatyň gabawda galýandygyny aýtdy.

“Ol ýerde tas bir hepdä bäri yzygiderli uruşlar we atyşyk dowam edýär” diýip, Strýuk ukrain telewideniýesine aýtdy. Ol atyşyklaryň ammiak saklawhanalaryna zyýan ýetirip biljekdigini we munuň himiki betbagtçylyga ýol açyp biljekdigini duýdurdy. “Munuň tutuş şähere täsir etmezligi gudrat” diýip, Strýuk aýtdy.

Haýdaýa görä, derýanyň aňyrsyndaky Lysyçansk şäherinde 16-njy iýunda parahat ilatyň pena tapan bir binasyna edilen howa hüjüminde azyndan üç adam öldürildi we azyndan ýedi adam ýaralandy.

Ukrain esgerleri frontyň ugrundaky beýleki sebitlerde rus ilerlemelerini yza serpikdirmegi başardy, ýöne Harkowda rus goşunlary artilleriýa güýçlerini ýerleşdirmek arkaly ukrain goşunlaryny togtatdy.

Şeýle-de, Russiýa Donetskiň we Zaporožýäniň golaýynda ukrain goşunlarynyň hereketlerini çäklendirmek üçin hüjümleri amala aşyrdy.

Ukrainanyň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Oleksiý Danilow 16-njy iýunda ukrain telewideniýesinde eden çykyşynda Belarusdan howp abanmak ähtimallygyny gozgady. 15-nji iýunda duşuşan resmiler goňşy ýurtdaky ýagdaýy, Belarus goşunynyň ýagdaýyny we ol ýerdäki rus goşunlarynyň sanyny maslahat etdi.

Danilow söweşjeň taýýarlygy barlamak üçin dört sebitde barlaglaryň boljakdygyny aýtdy we bu mesele “prezidentiň gözegçiligi astynda” diýip, sözüniň ütüni ýetirdi.

Demirgazyk-gündogar Sumy sebitinde Russiýa raketa hüjümini amala aşyrdy, dört adamy öldürildi we alty adam ýaralandy diýip, Sumynyň sebit administrasiýasynyň başlygy Dmytro Žywytskiý Telegramda aýtdy.

Ukrainanyň goranmak ministri Oleksiý Reznikow CNN-e Russiýa fewralda Ukraina çozuşa girişeli bäri onlarça müň ukrainalynyň ölen bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Reznikow bu sanyň 100 müňden aşak bolmagyny “umyt edýändigini” aýtdy.

Reznikow we beýleki resmiler 16-njy iýunda NATO-nyň Brýusseldäki baş binasynda Ukraina gorag aragatnaşyk toparyna girýän 50 töweregi ýurduň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşygyň esasy temasy Ukrainanyň has köp agyr tehnika babatdaky haýyşy boldy.

Britaniýa Ukrainany 20 sany raketa ulgamy bilen üpjün etjekdigini yglan etdi. Goranmak ministri Ben Wallas Britaniýanyň bu tehnikalary Ukraina iberjekdigini tassyklady.

Bu ulgamlar belgiýaly bir ýarag kärhanasyndan satyn alyndy we, “iňlis goşunynyň ammaryndan iberiljek birnäçe granat atyjysy bilen bir hatarda” göni Kiýewe berler diýip, BBC habar berdi.

Wallasa görä, käbir sebitlerde rus artilleriýasy ukrain goşunyndan 20 esse güýçli.

Britan aňtaw hasabaty 17-nji iýunda rus jemgyýetçiliginde urşy goldamak babatdaky özge pikirlere ünsi çekdi.

“Pikir soralyşyklarda ep-esli russiýalynyň ‘ýörite harby operasiýany’ özleriniň goldaýandyklaryny aýdýandyklaryna garamazdan, ilatyň bir bölegi hem aktiw, hem-de passiw görnüşde öz garşylygyny görkezýär” diýip, hasabat aýtdy.

Şeýle-de, britan hasabaty “ukrain goşunynyň hatarynda urşa iberilen” “Russiýa azatlyk legiony” atly rus esgerler toparynyň bardygyny belledi.

Zelenskiniň geňeşçisi Mihaýlo Podolýak Russiýanyň gepleşikleri dowam etdirmek babatda soňky aýdan teswirlerini “dünýäni aldamak” synanyşygy atlandyrdy.

Russiýa özüniň gepleşige taýýardygy barada pikir döretmek isleýär, ýöne Ukrainany arkadan pyçaklamagy meýilleşdirýär diýip, ol aýtdy. Kiýew hökmany suratda gepleşiklere dolanar, ýöne diňe dogry wagtda dolanar diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi

Bu aralykda, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen telefon söhbetdeşligini geçirdi. Olar Russiýa Ukraina hüjüm edeli bäri ikinji gezek telefonda gürleşýär.

Hytaý Moskwanyň Ukraina garşy çoşuşyny ýazgarmagy ret edýär we rus gazynyň söwdasynyň artdyrylmagy babatda gepleşik geçirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG