Ýerli metbugatyň habar bermegine görä, Özbegistanda toý wagtynda, gelnini uran ýigidiň hereketine administratiw kodeksiniň 183-nji maddasyna (“Kiçi huligançylyk”) görä garalýar.
Özbegistanda surata düşürilen ýigidiň toý agşamynda, gelniniň kellesine ýumruk salýan wideosy dünýä metbugatynda uly seslenme döretdi. Mysal üçin, "Bild" nemes neşiri, Britaniýanyň "Daily Mail" kanaly, Koreýanyň JTBC teleýaýlymy wideony efirde görkezdiler. 30 sekundlyk wideoda ýigidiň gelniniň kellesine güýçli ýumruk salýan pursady görkezilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýigidiň gapdalyndaky şaýat ýylgyrýar, myhmanlar dymýarlar, şeýdip töwerekde hiç hili garşylyk ýa-da ýazgaryş alamaty görünmeýär. Ýigit müýnli däl ýaly görünýär, gelni alyp gidýärler.
Özbegistanyň Maşgala we aýallar baradaky döwlet komitetiniň metbugat gullugy bu wakanyň 6-njy iýunda Surhanderýa welaýatynyň Uzun etrabynda, ýigidiň öýündäki toýda bolandygyny habar berdi. Durmuş gurýan ýaşlaryň dostlary olar üçin süýjülik oralan düwünçegi kim öň açmaşak ýaryşyny guraýar. Gelin ýeňýär, gahary gelen ýigit onuň kellesine urýar. Maglumat habar serişdelerinde we sosial ulgamlarda köp seslenme döredenden soň, Uzun etrap Içeri işler bölüminiň bu wakany derňändigini we täze durmuş gurýanlar hem-de olaryň hossarlary bilen "öňüni alyş gürrüňdeşligini" geçirendigini Gazeta.uz habar berdi. Gazeta.uz çeşmesiniň maglumatyna görä, öýlenýän ýigide garşy ownuk huligançylyk baradaky madda laýyklykda, administratiw iş açylypdyr.
Toý wideosy adam hukuklaryny goraýjy we blogçy Akida Hanum tarapyndan Facebook’da ýerleşdirildi. Onuň aýtmagyna görä, bu waka suwda ýüzýän äpet buzuň diňe üstündäki görnüp duran bölejigi. Ol özbek jemgyýeti beýle hereketi adaty zat hökmünde kabul edýär diýip hasap edýär.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalisti Akida Hanumdan toýda bolan waka barada, has giňişleýin teswir bermegini haýyş etdi:
– Bu wideo telegram we instagram kanallarynda ýaýrap başlady. Men wideony Facebook’-da ýerleşdirdim, bolan waka barada, gaty ýiti teswir berdim. Meniň postum tolgunyşyk döretdi. Görnüşi ýaly, öýlenýän ýigit awtoulag bazarynda ýükçi bolup işleýän eken. Olar Surhanderýa welaýatynyň Uzun etrabyndan. Ýigidiň doganlary bar, hemmesi-de şol awtoulag bazarynda işleýärler. Olaryň barysy ýigit hakda örän oňyn zarlary aýdýarlar: olar wideony görenlerinde geň galypdyrlar, ýigidiň aslynda asuda bolandygyny aýdýarlar.
Bulary eşidip, men geň galdym: olar aslynda nädip ýaşaýar?! Göräýmäge olar bagtly ýaşaýan ýaly. Wideo köp sosial ulgamlarda ýerleşdirenden soň, gelniň näme üçin ony terk etmeýändigi, aýrylyşmaýandygy we ş.m. ýaly kommentler köpeldi. Häzir gitmese, soňra ýagdaý bäş esse erbet bolar. Ýöne hakykatda biz suw içindäki buzuň diňe üstjagazyny gördük. Men zorluga düýpden garşy. Aýalyň garşysyna güýç ulanylmagyna çydam edip bilmeýärin. Diňe men däl, ildeşlerimiziň – özbegistanlylaryň aglaba köplügi şeýle. Meni begendirýän zat, özbek erkeklerimiz hem bu hereketi ýazgarýarlar we gelni goraýarlar.
Mesele kimiň günäkärdiginde. Men muny açyk aýdyp bilerin: bu diňe ýigidiň günäsi däl. Ol muny – aýala el götermegi adaty ýagdaý hasaplaýar. Diýmek, onuň kakasy hem şeýle edendir: öýünde ejesini urandyr. Daş-töweregindäki jemgyýet hem muny adaty zat hökmünde kabul edýär. Gynansak-da, bu ýerde, esasanam Surhanderýada ulanyjylar "aýal-gyzlaryň erkek tarapyndan urulmagy adaty zat" diýýärler. Ine, mesele şundadyr.
Wideo Özbegistanyň çäginden, has uzakdaky ýurtlaryň kanallaryna ýaýrady. Ony görenler haýran galýarlar. Ýöne biz bu ýerde has aýylganç zady görýäris – bularyň barysy biziň jemgyýetimiz üçin adaty ýagdaýa öwrüldi. Gynansagam, Özbegistanda aýal sözüň doly manysynda, sosial gatlagyň iň aşagynda. Aýal urlup-ýenjilmelere kaýyl bolmaly, ejir çekmeli. Eger urlup-ýenjilenden soň, pida çeken tarapdan arzasy bolmasa, polisiýa näme edip biler?
Täze maşgala aýrylyşmandyr, sebäbi gyza onuň indi kime gerekdigi aýdylar we onuň ýeri görkeziler.
Çeşme: Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.