Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene 100-den gowrak adam Türkmenistany hemişelik terk etmek üçin uçar biledini satyn aldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri "Türkmenistan" awiakompaniýasynyň Kazana (Russiýa) yzygiderli uçar gatnawlaryny dikeldýändigini yglan edensoň, "Türkmenhowaýollary" agentliginiň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele gelip başlady. Türkmenistandan Russiýa göçüp gitmek isleýän 120 töweregi türkmenistanly, agentligiň öňünde birnäçe günläp nobata durandan soň, Kazana uçar biledini satyn almagy başardy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary Aşgabatdan habar berdiler.

"Nobata duran adamlaryň aglabasy, rus ilçihanasynyň sanawy esasynda, ýurtdan doly göçüp gitmek kararyna gelen, ähli resminamalary taýyn bolan türkmenistanlylardyr. Olar S7 bilen uçuşlar ýatyrylandygy sebäpli ýurtdan gidip bilmändiler. Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň wekilleri olara Kazana uçar biledini satyn almagy maslahat berdiler. Şondan soň, 8-nji iýunda agentligiň öňünde onlarça adam üýşdi" diýip, Russiýa göçüp gitjek türkmenistanlylaryň biri anonimlik şertinde 20-nji iýunda habarçymyza gürrüň berdi.

Soňky bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Russiýa Türkmenistandan Russiýa göçmek kararyna gelen türkmenistanlylar üçin onlarça uçuş gurnady we her uçarda 180 töweregi ýolagçyny Türkmenabatdan Moskwa alyp gitdi.

Mundan öň Russiýa çarter uçuşlary S7 awiakompaniýasy tarapyndan guralypdy. Ýöne martda Russiýa garşy girizilen halkara sanksiýalar sebäpli S7 daşary ýurtlara uçmagy bes etdi.

Maýyň aýagynda türkmen häkimiýetleri “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň 30-njy maýdan Dubaýa (BAE) we 1-nji iýundan Kazana (Russiýa) yzygiderli, ýagny her ugur boýunça hepdede bir uçar gatnawyny dikeldýändigini yglan etdiler.

"Ähli resminamalary taýýardygyna garamazdan, 120 töweregi adam Russiýa göçüp bilmeýär. Biz üç gün, käbirimiz bäş gün yzly-yzyna agentlige gatnadyk. Biz ertirden agşama çenli şol ýerde bolup, bilediň satylmagyna garaşdyk. Bize "bilet administrasiýadan gelmedi", "ulgam işlemeýär" we "biletler az, beýleki şäherlere-de paýlanýar" diýdiler" diýip, efirde adynyň tutulmazlygyny soran ýene bir türkmenistanly aýtdy.

Ýöne ol 11-nji iýunda agentligiň başlygynyň nobatçy bolandygyny we şonda Russiýa göçüp gitmek isleýän raýatlaryň tas ählisine bilet satylandygyny hem gürrüň berdi.

"Hemmeleri agentligiň ikinji gatyndaky, halkara biletleri satylýan 4-nji kassada hatara düzdüler. Nobatdaky adamlaryň ählisi bilet satyn aldy. Käbir adamlar 22-nji iýuna bilet satyn alan bolsa, käbirleri 29-njy iýuna satyn aldylar. Bu adamlar rus ilçihanasynyň sanawy esasynda Türkmenistany hemişelik terk etjek raýatlaryň soňky tapgyrydyr. Biletleriň bahasy 8009 manat 80 teňňä deň. Bu dollaryň resmi kursunda $2288, gara bazar nyrhynda $440 barabardyr" diýip, türkmenistanly Kazandan Moskwa uçar biletleriniň näçe boljakdygynyň belli däldigini hem aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada "Türkmenhowaýollary" agentliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, Türkmenistandan Kazana uçuşlar iýunda ýola goýuldy. Kazana gitjek ýolagçylar Aşgabatdan Kazana, Kazandan gelýän ýolagçylar Türkmenabada uçýarlar. Türkmenabada nobatdaky uçar reýsiniň 19-njy iýunda amala aşmagyna garaşylýar. Şeýle-de, iýulda ýene dört reýs ýola goýular.

Galyberse-de, 11-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow “ýakyn wagtda” beýleki ýurtlar bilen halkara gatnawlaryny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi hem tabşyrdy.

Russiýa göçüp gidýän adamlaryň köpüsi şol bir wagtda Türkmenistanyň hem raýatlary bolup, aýdylmagyna görä, olar dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, ata watanlaryny hemişelik terk etmek kararyna gelen türkmenler hasaplanýar.

Türkmen Helsinki fondunyň maglumatyna görä, Türkmenistandan Russiýa göçüp gitmek isleýän adamlaryň sany eýýäm birnäçe ýyl bäri dowamly köpelýär.

Türkmenistan koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň martynda ähli halkara uçuşlary ýatyryp, serhetleri ýapansoň, raýatlaryň ýurduň daşyna akymy haýallapdy. Emma koronawirus çäklendirmeleri gowşadylyp başlansoň, geçen ýylyň tomsunda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde nobatlar ýene artdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG