Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ÝOJ-lary dalaşgärleri okuwa kabul edip başlady. Daşary ýurtlarda okamak isleýänler 'köpeldi'


Türkmen ÝOJ-laryna okuwa girmek üçin synag tabşyrmaga taýýarlanýan ýaşlar. Arhiwden alnan surat
Türkmen ÝOJ-laryna okuwa girmek üçin synag tabşyrmaga taýýarlanýan ýaşlar. Arhiwden alnan surat

2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek möwsümi başlandy. Munuň yz ýanynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň saglyk öýüniň öňünde ÝOJ-lara dalaşgärleriň nobatlary emele geldi. Şol bir wagtda, iki ýyl arakesmeden soň, pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlarynyň bölekleýin dikeldilmegi bilen, şu ýyl daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda bilim almak isleýän ýaşlaryň hem has köpdügi habar berilýär.

Türkmenistanda 2022-nji ýylda ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalary tassyklandy. TDH-nyň 11-nji iýulda çap eden habaryna görä, prezident Serdar Berdimuhamedow bu baradaky buýruga Ministrler kabinetiniň 8-nji iýulda geçirilen mejlisinde gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 11-nji iýul — 26-njy awgust aralygynda guramak hem-de giriş synaglaryny welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçirmek tabşyryldy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenabatdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, 11-nji iýulda Gurban baýramynyň üçünji günüdigine garamazdan, şäheriň 2-nji saglyk öýünde ÝOJ-lara dalaşgärler saglyk barlagyndan geçirilip başlandy.

"Bu dalaşgärler zerur bolan saglyk barlaglaryndan, şeýle-de ýörite medisina toparynyň barlagyndan geçýärler. Şondan soň saglyk kepilnamasyny alan dalaşgärleriň resminamalary şäheriň belli-belli orta mekdeplerinde kabul edilýär" diýip, ýerli saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Soňky iki ýyl bäri türkmen häkimiýetleri her ýyl näçe adamyň ýokary okuw mekdepleriň talyby boljakdygyny aýdyňlaşdyrmaýarlar. 2020-nji ýylda ýurduň ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 student we orta hünär okuw mekdeplerine 9 müň 490 okuwçy kabul edilipdi.

Soňky iki ýyl bäri häkimiýetler her ýyl näçe okuwçynyň ýurduň orta mekdeplerini tamamlaýandygy baradaky sanlary hem mälim etmeýärler. Ýöne 2020-nji ýyldaky resmi sanlara görä, şol ýylda Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinden ýurt boýunça 80 müň töweregi okuwçy uçurym boldy.

Ilat köpçüligine hödürlenen soňky resmi sanlary nazara alanymyzda, her ýyl uçurym bolýan ýaşlaryň sany 80 müň çemesi bolup, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýänleriň sany 25 müň töwereginde bolýar. Bu sanlar göz öňünde tutulanda, ýokary okuwa kabul edilýänleriň sany ujypsyz bolmagynda galýar.

Habarçylarymyz ýurtda iki ýyl arakesmeden soň, pandemiýa sebäpli ýatyrylan halkara uçar gatnawlarynyň bölekleýin dikeldilmegi bilen, şu ýyl daşary döwletleriň ÝOJ-larynda bilim almak isleýän ýaşlaryň has köpdügini hem habar berýärler.

"Soňky iki ýylyň dowamynda mekdebi tamamlan ýaşlar daşary ýurtlara okamaga gidip bilmediler. Ýollaryň bölekleýin açylmagy bilen, şu ýyl daşary ýurtlara gitmek isleýän türkmen ýaşlarynyň sany has köpeldi. Aşgabatdan Kazana uçup, Russiýada bilim almak isleýänleriň sany juda köp. Häzir kimiň bilen gürleşseň, öz çagasyny ýa jigisini daşary ýurda okamaga ibermek üçin resminamalary taýýarlaýandygyny aýdýar" diýip, lebaply ýaşaýjylaryň biri muňa ýurduň ÝOJ-laryna girmek üçin talap edilýän para-berimiň aşa ýokary bolmagynyň esasy sebäp bolýandygyny hem aýdýar.

Synçylar we türkmenistanlylar ýurduň ÝOJ-larynda okamaga isleg bildirýän raýatlardan uly möçberde para talap edilýändigini nygtaýarlar. Muňa garamazdan, 2021-2020-nji ýyllarda habarçylarymyz ýerli ÝOJ-lara okuwa girmäge synanyşýan dalaşgärleriň sanynyň görnetin artandygyny habar berdiler. Olar bu ýagdaýy pandemiýa sebäpli ýaşlaryň ýokary okuw üçin daşary ýurtlara sapar etmeginiň öňünde dörän päsgelçilikler bilen düşündiripdiler.

Galyberse-de, Lebapdaky habarçymyz 2020-nji ýylyň fewralynda, global pandemiýanyň başynda Hytaýda okaýan 1 müň 500 çemesi türkmen talybynyň ýurda getirilendigini hem ýatladýar. Onuň sözlerine görä, ýollaryň bölekleýin aýylmagy bilen, bu talyplar hem ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirmäge çalyşýarlar.

"Türkmen häkimiýetleri, resmi taýdan açyk yglan edilmeýän çäklendirmelere laýyklykda, bu talyplaryň gaýtadan Hytaýa gitmegine we okuwlaryny dowam etdirmegine rugsat bermeýärler. Şol sebäpli bu talyplar başga döwletleriň ÝOJ-larynda bilimini dowam etdirmäge synanyşýarlar" diýip, ogluny daşary ýurda okamaga ibermek isleýän bir lebaply ene gürrüň berdi.

Habarçylarymyz daşary ýurtlarda okamaga isleg bildirýänleriň köpdügi sebäpli, olara resminamalary taýýarlamaga kömek etmegi hödürleýän raýatlaryň peýda bolandygyny hem habar berýärler. Bu raýatlar özleriniň bu hyzmaty üçin her dalaşgärden 1 müň manat alýarlar.

"Dalaşgärler özlerinden soralýan resminamalary bu raýatlara tabşyrýarlar. Bu raýatlar bolsa, şol resminamalar esasynda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryndan zerur bolan dokumentleri, şol sanda çakylyk hatyny alyp berýärler" diýip, lebaply ene gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri daşary döwletleriň ÝOJ-larynda okaýan türkmen ýaşlarynyň sany baradaky statistikany mälim etmeýärler. Pandemiýadan ozalky ýyllarda-da, ýurduň çägindäki ÝOJ-lara girip bilmedik ýaşlar daşary döwletleriň, esasan hem Türkiýäniň, Russiýanyň, Belarusyň we Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim almaga meýil edýärdiler. Türkmen talyplary bu döwletleriň birnäçesinde daşary ýurtly studentleriň iň uly bölekleriniň birini emele getirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG