Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet wezipelerine dalaşgärlerden prezidente wepaly bolmak we üç arka maglumatlary 'talap edilýär'


Hökümet resmileri. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" döwlet telewideniýesinden alnan illýustrasiýa suraty
Hökümet resmileri. Türkmenistanyň "Altyn Asyr" döwlet telewideniýesinden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda döwlet wezipelerine saýlanýan dalaşgärlerden prezidente wepaly bolmak we üç arka dogan-garyndaşy baradaky maglumatlar talap edilýär diýip, garaşsyz neşir habar berýär.

19-njy iýulda "turkmen.news" neşiri Türkmenistanda döwlet gullugyna wezipä bellenýän döwlet gullukçylaryny seçip almagyň tertibi hakyndaky resmi düzgünnamanyň nusgasydygy aýdylýan resminamany çap etdi.

2018-nji ýylda, şol döwürdäki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykaran kararydygy aýdylýan resminamada ýurtda döwlet wezipelerine saýlanýan dalaşgärlerden edilýän talaplaryň sanawy görkezilýär.

Bularyň arasynda beýlekiler bilen bir hatarda, wezipä bellenýän adamlaryň Türkmenistanyň prezidentine wepaly bolmalydygy, döwlet dilini bilmelidigi ýaly talaplar bar.

Resminamada wezipä bellenýän adamlaryň şahsy maglumatlarynyň dogan-garyndaşlary barada bellenen talaplara laýyklykda doldurylan maglumatlary, zerur bolan halatlarda, olarda onuň üç arka dogan-garyndaşy, şeýle hem aýalynyň (äriniň) ýakyn dogan-garyndaşlary hem görkezilmeli diýilýär.

"Şu Düzgünnama ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi edaralarynyň, häkimlikleriň, ýokary guramasy bolmadyk edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň gurluş birlikleriniň, olaryň garamagyndaky edaralaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylaryna degişlidir" diýlip, resminamada bellenilýär.

Oňa görä, wezipä bellenýän adamlaryň şahsy maglumatlary öwrenmek üçin ilki Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň degişli orunbasarynyň, soňra ýurduň prezidentiniň garamagyna hödürlenýär. Prezident dalaşgäri makullan halatynda, onuň şahsy maglumatlary ýörite barlag üçin degişli edara iberilýär. Şondan soň ýörite barlagyň netijesi ýene prezidentiň garamagyna berilýär. Soňra Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, dalaşgärler barada prezidentiň gelen netijesi bellenen tertipde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň degişli orunbasaryna gaýtadan iberilýär. Soňra ol Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, wezipä bellenýän adam barada gelnen netijäni ýazmaça görnüşde degişli edara iberýär.

Azatlyga bu resminamanyň nusgasyny öz ýurt içindäki habarçylaryna we çeşmelerine tassyklatmak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Türkmenistanda ýokary döwlet wezipelerine dalaşgärleriň ýörite barlaglardan geçirilýändigi, şeýle-de üç arka barlaglary barada mundan ozal hem maglumatlar peýda bolupdy.

Mundan başga-da, habarçylarymyz we ygtybarly çeşmelerimiz döwlet emeldarlarynyň öz wezipelerini ýokarlandyrmak üçin on müňlerçe amerikan dollary möçberinde para bermeli bolýandygy, döwlet wezipeleriniň gizlin satylýandygy barada hem maglumat beripdiler.

Etrap häkimi wezipesine dalaş eden öňki resmi bolsa, 2018-nji ýylda Azatlyga beren maglumatynda "wezipe basgançagyny gözellik bäsleşigine" meňzedipdi.

"Iň täsin ýeri, olaryň [dalaşgärleriň] ählisini medisina barlagyndan geçirdiler we olaryň saglygynyň esasy “görkezijisi” agramyna degişli boldy. Ýagny agyr we semiz adamlar dessine çetleşdirdiler, birinji tapgyrdan geçenleriň agramyny bolsa, soň standarta gabat getirdiler, ýa-da olary daş sypatyna degişli beýleki talaplara görä saýlap seçdiler” diýip, söhbetdeşimiz gürrüň beripdi.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan we adam hukuklaryny berk depelemekde tankytlanýan Türkmenistan halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky hasabatlarynda ýylyň-ýylyna iň yzdaky orunlarda ýerleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG