Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti: Putin aç-açan ýadro haýbatyny atdy


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden BMG-niň Baş Assambleýasynda çykyş edýär.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ýewropa garşy aç-açan ýadro haýbatlaryny atdy diýip, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden BMG-niň Baş Assambleýasynda edençykyşynda aýtdy.

Baýden dünýäde bir adam tarapyndan saýlanyp alan gazaply we gerekmejek urşuň bardygyny ýatlatdy. "BM-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy öz goňşusynyň çägine girdi, özygtyýarly döwleti dünýä kartasyndan süpürip aýyrmaga çalyşdy. Russiýa BMG-niň düzgünnamasynyň esaslaryny bihaýalyk bilen bozdy" diýip, ABŞ-nyň prezidenti aýtdy.

Baýden Russiýada başlanan bölekleýin mobilizasiýa baradaky karar we, ABŞ-nyň prezidentiniň sözlerine görä, Kremliň Ukrainanyň bir bölegini anneksiýa etmek üçin geçirýän referendumlary hakynda hem durup geçdi. Baýden Kiýewiň gözegçiliginde bolmadyk sebitleriň Russiýa girmegi baradaky ses berişligi galplyk hökmünde häsiýetlendirdi.

"Putin Russiýa abanan howp sebäpli şeýle hereket etmeli bolandygyny aýtdy, emma Russiýa hiç kim haýbat atmady. Russiýadan başga hiç kim dawa-jenjel islemedi" diýip, amerikan lideri aýtdy.

Baýden ruslaryň Ukrainanyň raýat we medeni ýerlerine eden hüjümlerini, şeýle-de raýatlaryň köpçülikleýin gyrylmagyny ýazgardy.

"Bu uruş tutuşlygyna Ukrainany döwlet hökmünde dowam etmek hukugyndan mahrum etmeklige gönükdirilen" diýip, ABŞ-nyň prezidenti aýtdy.

Baýden ýene bir gezek Ukraina goldaw bildirdi we Birleşen Ştatlaryň urşuň hemmeler üçin adalatly şertlerde bes edilmegini isleýändigini aýtdy.

Waşington Russiýanyň NATO-nyň çägine hüjüm etmeginiň öňüni almak üçin ýaranlar bilen ýakyndan işleşýär diýip, Baýden sözüniň üstüni ýetirdi.

Putin 21-nji sentýabrda harby çagyryşy yglan etmek bilen bir hatarda, Günbatara Russiýanyň öz çägini goramak üçin ähli serişdäni ulanjakdygyny, "munuň boş gep däldigini” hem duýdurdy.

Putin öz ýüzlenmesinde Günbatary “ýadro şantajyny” etmekde günäkärledi we subutnama görkezmän, “NATO-nyň öňdebaryjy döwletleriniň ýokary derejeli wekilleriniň” hamala Russiýa garşy köpçülikleýin gyrgyn üçin ulanylýan ýadro ýaraglaryny ulanmak mümkinçiligi barada beýanat edendigini öňe sürdi.

“Men Russiýa babatynda özlerine şeýle beýannama etmäge ýol berenlere ýatlatmak isleýärin, biziň ýurdumyzyň hem dürli weýrançylyk serişdeleri we aýratyn komponentleri bar, olar NATO ýurtlarynyňkydan has döwrebap we öz ýurdumyzyň territorial bitewiligine howp abanýan mahalynda, Russiýany we halkymyzy goramak üçin, elbetde, ähli serişdäni ulanarys” diýip, Putin aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG