Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda ýetişdirilýän ýeralmanyň ‘uly bölegi isrip bolýar, mallara berilýär’


"Türkmenistanda ýeralma 40-45 gradus jokrama yssyda ýeriň aşagynda çüýräp başlaýar"
"Türkmenistanda ýeralma 40-45 gradus jokrama yssyda ýeriň aşagynda çüýräp başlaýar"

Şu aýyň dowamynda türkmen häkimiýetleriniň geçirýän ýokary derejeli maslahatlarynda beýleki oba hojalyk ekinleri bilen bir hatarda hususanda güýzlük ýeralma ekişini talaba laýyk gurnamak barada yzygiderli gürrüň edilýär. Türkmen emeldarlary bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýandygyny öňe sürseler-de, munuň bilen baglylykdaky mejbury zähmet, pul tutumlary barada asla dil ýarmaýarlar.

Galyberse-de, Azatlyk bilen anonimlik şertinde habarlaşýan lebaply hünärmenler bu işleriň çägindäki oba hojalyk serişdeleriniň, ekin suwlarynyň ýetmezçiligi bilen bir hatarda, ýetişdirilen ýeralmanyň uly böleginiň, ýurduň howa şertleri sebäpli, isrip bolýandygyny belleýärler.

Resmi maglumata görä, ýurduň oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekdäki esasy sebitleriň biri bolan Lebap welaýatynda şu ýyl 2 müň 300 gektar meýdana ýeralma ekmek göz öňünde tutulýar. Onuň 1 müň 400 gektary ýazlyk, 900 gektary hem güýzlük ýeralma ekmek üçin niýetlenendir. Häkimiýetler ýazlyk ekinden 19 müň 600, güýzlükden bolsa, 12 müň 600 tonna hasyl almak meýilleşdirýändiklerini aýdýarlar.

Azatlyk türkmen häkimiýetleriniň oba hojalyk ekinlerini, şol sanda ýeralmany ösdürip ýetişdirmek we ýygnap almak işlerinde býujet işgärleriniň fiziki güýjünden ýa-da şahsy maddy serişdesinden peýdalanýandygy, ýeralmany sowuk urup, daýhanlaryň uly zyýana galýandygy barada hem yzygiderli maglumat berip gelýär.

Şol bir wagtda, Azatlyk bilen habarlaşýan lebaply daýhanlar ýetişdirilen ýeralmanyň uly böleginiň-de iýmite ýarawsyz bolýandygyna ünsi çekýärler.

“[Türkmen häkimiýetleri] her ýyl ýeralma borçnamasynyň doly ýerine ýetirilendigini habar berseler-de, Lebapda onuň 80% töwereginiň isrip bolýandygy barada dymýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpleri adynyň üýtgedilip Rahman aga diýlip tutulmagyny soran ýerli hünärmen gürrüň berdi.

40 ýyl töweregi ekerançylyk bilen meşgullanýandygyny aýdýan söhbetdeşimiz Türkmenistanyň howa şertlerinde ýeralmany köpçülikleýin ýagdaýda ýetişdirmegiň mümkin däldigini aýdýar.

“Sebitde ýazlyk ýeralma mart aýlarynda ekilýär we ol soňy bilen 40-45 gradus jokrama yssyda ýeriň aşagynda çüýräp başlaýar. Iýun-iýul aýlarynda ony meýdanlardan toplap, halta salýarlar. Ammarda 10 gün geçenden soň, onuň gabygyndan suwuklyk çykyp, ol yslanyp başlaýar. Netijede, isrip bolan müňlerçe tonna ýeralma satuwa çykarylman, mallara berilýär” diýip, lebaply hünärmen gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri şu ýylyň ýedi aýynda Lebapda, görnüşinden ýazlyk ekişden, ýeralmanyň 93,5 müň tonnasynyň ýetişdirilendigini habar berdiler. Emma, söhbetdeşimiziň belleýşi ýaly, resmi we ýarym-resmi neşirlerde ýeralmanyň uly böleginiň isrip bolandygy barada hiç zat aýdylmady.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, şeýle-de Lebabyň häkimligi 22-nji sentýabrda Azatlygyň bu ýagdaýlar baradaky soraglaryna jogap bermekden ýüz öwürdiler.

Azatlygyň habarçylary ýurduň bazarlarynda satylýan ýeralmanyň uly böleginiň daşary ýurtdan getirilýändigine ünsi çekip, munuň ýurtda ýetişdirilýän bu azyk önüminiň aglaba böleginiň satuwa çykarylmaýandygyna güwä geçýändigini nygtaýarlar.

Maglumat üçin aýtsak, Ýewraziýa Ykdysady komissiýasynyň web sahypasynda geçen ýyl çap edilen maglumata görä, Türkmenistan ondan ozalky ýylda Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň ýurtlaryndan kartoşka satyn almagyny sekiz esse ýokarlandyrypdyr.

Özünde gowy ýeralma hasylyny alandygyny aýdan Türkmenistan 2020-nji ýylda bu azyk önüminiň importyna 15,75 million dollar harçlap, 60,3 müň tonna kartoşka satyn aldy.

Bu aralykda, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri türkmen telekeçilerine Eýrandan azyk önümlerini getirmek gadagan edilendigini, munuň netijesinde hem bazarlardaky azyk harytlarynyň bahalarynyň ortaça 2-3 manat gymmatlandygyny habar berýär.

Azatlygyň Lebapdaky çeşmesi munuň netijesinde sebitiň bazarlarynda häzir esasan Russiýandan getirilen ýeralmanyň satylýandygyny, şeýle-de onuň bahasynyň 7 manatdan 12 manada çenli galandygyny belleýär.

Türkmenistanda kärendeçileriň suw, dökün, tohum we tehnika üpjünçiligindäki bökdençlikler indi ýyllarboýy dowam edip gelýär. Türkmen oba hojalyk resmileri ýurduň bu pudagynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, täze innowasion tehnikalaryň satyn alynýandygyny we kärendeçileriň bol hasyl almagy üçin "ähli zerur şertleriň döredilýändigini" tekrarlaýarlar. Ýöne olar Azatlygyň bu barada kommentariýa almak synanyşyklaryna jogap bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG