Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

UNESKO medeni miras sanawyna ýüpekçiligi, Hoja Nasriddiniň degişmelerini we milli türkmen el işini goşdy


Çagalar el işini öwrenýär
Çagalar el işini öwrenýär

Türkmenleriň milli el işleri UNESKO-nyň adamzadyň bütindünýä medeni miras sanawyna goşuldy.

"Türkmen stilindäki el işleri, Türkmenistanda we Eýranda ähli jyns we ýaşdaky adamlaryň milli eşiklerinde ulanylýan sungat we senetçilikdir" diýlip, UNESKO-nyň maglumatynda aýdylýar.

"Ýaş çäkleri ýok, ýaş gyzlar el işlerini ejelerinden we enelerinden öwrenýärler. Oba ýerlerinde ulanylýan nagyşlar tikinçi aýallarynyň territorial aýratynlygyny görkezýär. Şeýle hem olar söýgini, dostlugy, tebigaty we güýji aňlatmak üçin ulanylýar. Elden tikilen önümler toý eşiklerinde, ýas we medeni çäreler üçin eşiklerde, şarf, palto, balak, ýaglyk ýaly adaty eşikleriň bezeg bölekleri hökmünde ulanylýar" diýlip, maglumatda bellenýär.

UNESKO "Ýüpekçiligi hem dokma üçin ýüpek önümçiligi däbini" we "Hoja Nasriddin Efendiniň degişmelerini aýtmak däpleri" adamzadyň bütindünýä medeni miras sanawyna goşdy. Bu karar Marokkonyň Rabat şäherinde UNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy boýunça döwletara komitetiniň 17-nji mejlisinde kabul edildi.

Bu barada ilkinji ýüzlenme Täjigistan, Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan tarapyndan edilipdi. Ikinjisi Täjigistan Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan tarapyndan edildi.

2021-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) türkmenleriň “Dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny” adamzadyň maddy däl medeni gymmatlyklarynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşdy.

Ozalky ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklaryň arasynda Gadymy Merw we Köneürgenç ýadygärlikleri, şeýle-de Nusaýyň Parfiýa galalary bar. Şeýle-de, sanawda “Görogly” dessany, türkmenleriň milli halyçylyk sungaty we “Kuştdepdi” bar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG