Türkmenistanda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pesligine galýar. 1-nji martdan internetiň hilini ýokarlandyrmak we hyzmatlaryň bahasyny arzanlatmak baradaky resmi bildirişlerden soňky bir aýda ýagdaýyň düýpden üýtgemändigini, internetiň haýallygyna galýandygyny we täze sim-kartlaryň satylmaýandygyny hem Azatlygyň habarçylary, hem-de "TMCell"-yň müşderileri aýdýarlar.
Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde ýurduň ýeke-täk aragatnaşyk hyzmatlary kompaniýasy "TMCell"-yň müşderileriniň arasynda hyzmatlaryň hiliniň gowulanjagyna umytlar iki hepdeden uzaga çekmedi. Azatlygyň Türkmenbaşydaky habarçysy sim-kartlaryň satuwynyň ýene-de bes edilendigini 4-nji aprelde habar berdi.
Balkan welaýatynyň bu iki iri şäherinde iňňän az sanly sim-kartlar 15 günüň dowamynda satuwa çykarylypdy. Bu ýagdaý soňky bäş ýylda ilkinji gezek bolansoň, ýüzlerçe adamdan ybarat nobatlar döredi. Ozal balkanly ýaşaýjylar sim-kart satyn almak üçin Aşgabada gatnamaly bolýardy.
"TMCell raýatlaryň sim-kart talabyny indi tas 5 ýyl ödemeýär. Mart aýynda Türkmenbaşyda uly nobatlar döredi. Emma günüň dowamynda sim-kart satyn alyp bilenleriň sany iki adamdan geçmedi. Nobatlarda sim-kartlaryň üstünde dawa we ýakalaşyk döredi" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Habarçy daňdan dörän nobatlarda ýöredilen sanawlara günde azyndan 150 çemesi adam ýazylyp, nobatlar edaralar açylansoň 9:30 çenli dargadylandygyny we şol sanlyja sim kart satylansoň, satu gutardy diýlip, yglan edilendigini gürrüň berdi.
Öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň monopolisti "TMCell" kompaniýasynyň Türkmenbaşydaky şahamçasy hünärmenleriniň sözlerine görä, satylan sim-kartlar täze bolman, eýse esli wagt öň ulanylan kartlardy. Iki aýlap ulanylmadyk sim-kart müşderiden alynýar.
Şeýlelikde, uzaga çekmedik sim-kart satuwy ýatyryldy, internet hyzmatlarynyň bahasy hem gymmatlygyna, hili bolsa, pesligine galdy. 4GB göwrümli internet bukjasy 160 manada, ýagny resmi kurs boýunça 45$ barabar. Muňa 2 sagatlap bir filme tomaşa edip bolýar.
Ýatlatsak, nobatlaryň döremegine, ýurduň ýeke-täk aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün ediji kompaniýasynyň hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak barada beren wadasy sebäp boldy. “Türkmentelekom” 1-nji martdan başlap, ozal 512 Kbit/s tizlikli Internete birikdirilen abonentleriň Internet tizligi awtomatik görnüşde 1 Mbit/s-a çykarjagyny aýdypdy.
“TMCell” söwda nyşanly “Altyn Asyr” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň ýeke-täk mobil operatory bolup, 2004-nji ýyldan bäri hyzmatlary üpjün edýär. Türkmen metbugaty dürli çeşmelere salgylanyp, kompaniýanyň 3,7 million abonentiniň bardygyny aýdýar.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary "Altyn Asyr" arkaly telefon jaňlarynyň hiliniň örän pesdigini, sesiň kesilýändigini, iberilýän SMS hatlarynyň giç barýandygyny ýyllarboýy habar berip gelýärler.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanda öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary we olaryň hiliniň ýaramazlygy barada “Altyn Asyr” kärhanasyndan we Aragatnaşyk ministrliginden teswir almak boýunça eden synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Soňky ýyllarda ýurt dünýäniň iň ösen tehnologiýalaryny yzygiderli satyn alýar. Şeýle-de bolsa, Türkmenistan sebitde we dünýäde iň haýal we gymmat internetli ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.
Resmi habarlarda satyn alynýan enjamlaryň we hyzmatlaryň haýsy maksatlar üçin niýetlenýändigi we nädip ulanylýandygy görkezilmeýär. Emma türkmen häkimiýetleri internete berk gözegçilik etmek, garaşsyz metbugata, sosial medianyň elýeterliligini çäklendirmek we VPN hyzmatlaryny petiklemek bilen tanalýar.
Ýatlatsak, Türkmenistan 2019-njy ýylda esasan "Rohde&Schwarz" nemes kompaniýasyndan uly mukdarda enjam satyn alypdy. Şonda “Turkmentelecom" kompaniýasynyň satyn alan enjamlary internete gözegçilik etmek, telefonlary diňlemek ýaly gurallardan ybaratdy.
2022-nji ýylyň sentýabrynda "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy üçin ýörite enjamlary we programma üpjünçiliklerini satyn almak, getirmek, guramak we hünärmenleri okatmak barada Rumyniýanyň “NTT DATA Romania S.A” kompaniýasy bilen bahasy tas 29,5 million ýewro barabar şertnama baglaşyldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.
Forum