Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farapda bolan ýol heläkçiliginde iki adam öldi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynda 29-njy aprel güni öýlän adam pidalaryna getiren ýol hadysasy boldy. Bir awtoulagyň öňünden bir topar düýäniň garaşylmadyk ýagdaýda çykmagy netijesinde ýüze çykan ýol hadysasynda iki adam heläk boldy.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy we çeşmesi heläkçiligiň bolan wagty, ýol hadysasyna uçran 'Toyota Pick-up' kysymly awtoulagyň Çärjew etrabynyň Farap şäherinden Samandepe gaz ýatagyndaky 'Gaz 21' atlandyrylýan edara barýandygyny aýdýarlar.

"Sebitde iş alyp barýan Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasyna (CNPC) degişli ulagyň içinde kompaniýanyň türkmen sürüjisi we sebitdäki gaz gysysyjy zawoduň türkmen hünärmeni bardy. Uly ýolda ýokary tizlik bilen barýan ulagyň öňünden birnäçe düýe çykýar we sürüji ulagy saklap ýetişmeýär. Netijede, awtoulag düýe sürüsine batly baryp urýar. Güýçli urgy sebäpli awtoulag birnäçe gezek aýlanyp, ýoldan çykyp gidýär. Ýol hadysasynda ulagdaky iki adam, şol sanda sürüji we hünärmen aradan çykdy" diýip, habarçymyz 2-nji aprelde aýtdy.

Ýerli kanun goraýjy edaralardaky çeşmämiz ýol-ulag hadysasynyň bolan ýerinde polisiýa işgärleriniň derňew geçirendiklerini habar berdi.

Bellesek, Türkmenistan Samandepe gaz ýatagyndan Hytaýa gaz iberýär. Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizildi. Samandepe gaz ýatagy “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn käniniň çägine girýär. “Bagtyýarlyk” käni häzirki wagtda Türkmenistanyň üsti açylan iň iri iki gaz käniniň biri bolup, onuň çägindäki ýataklary gözlemek, gurnamak we işläp taýýarlamak işlerini Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy amala aşyrýar.

Merhum sürüji barada käbir maglumatlary öwrenmegi başaran habarçy onuň geçen ýylyň dekabr aýynda harby gullugy tamamlap gelendigini we ýaňy-ýakynda hytaý kompaniýasynda işe başlandygyny aýtdy.

"Ýaş sürüjiniň kakasy hem şol hytaý kompaniýasynda sürüji bolup işleýär eken" diýip, habarçy belledi.

Azatlygyň ýol hadysasy barada Çärjew etrap polisiýa bölüminden kommentariýa almak synanyşyklary başa barmady.

Habarçymyz Farapdan Samandepä çenli barýan uly ýoluň aglaba böleginiň beýikli-pesli depelerden ybaratdygyny we bu ýerde düýeleriň toparlanyşyp ýa-da ýekebara ýoldan geçmegi bilen bagly ýagdaýlaryň ýygy-ýygydan ýüze çykýandygyny hem aýtdy.

"Depeler zerarly sürüjiler köplenç ýoldan geçýän şol düýeleri görmeýärler. Netijede, betbagtçylykly ýol hadysalary ýüze çykýar" diýip, habarçy belledi.

Farapda bolan bu ýol heläkçiligi, Azatlygyň ýurduň dürli sebitlerindäki habarçylarynyň soňky bir aýdan hem az wagtyň dowamynda bolan we adam pidalaryna getiren ýol hadysalary barada beren üçünji maglumatydyr.

27-nji aprel gijesi Aşgabadyň 30-njy etrapçasyndaky Gurban Durdy köçesiniň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir adam öldi. 5-nji aprelde Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň "Bedirkent" (ozalky ady 'Nyýazow') daýhan birleşiginde bolan ýol hadysasynda kämillik ýaşyna ýetmedik üç mekdep okuwçysy heläk boldy.

Galyberse-de, habarçylarymyz ulaglaryň ýoldan geçýän düýeler bilen çaknyşmagy ýa-da ýolda emele gelen çäge üýşmeklerinden sowlup geçmek synanyşygy netijesinde ýüze çykýan ýol hadysalary barada hem ýygy-ýygydan maglumat berýärler. Şeýle heläkçilikleriň biri 28-nji fewralda Mary–Türkmenabat awtomagistralynyň ugrunda boldy. Iki ýeňil awtoulagyň pete-pet gelip, çakyşmagy netijesinde ýüze çykan şol ýol hadysasynda ýedi adam heläk boldy.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýol-ulag hadysalary boýunça hasabat çap etmeýär. Döwlet media serişdeleri ýurduň çäginde bolup geçýän heläkçilikli hadysalar, şol sanda ýol-ulag hadysalary barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG