Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Ukrainadan Russiýa baran söweşijileriň Belgorod sebitinde alyp barýan ýaragly söweşleri we Moskwanyň “terrorçylyk” derňewine başlandygy baradaky habarlaryň arasynda gündogar Donetsk sebitindäki front liniýasyna baryp, ukrain esgerleri bilen duşuşdy.
Zelenski daşary ýurda eden uzak saparyndan gelip, 23-nji maýda front liniýasyna gitdi we harby güýçleri Ukrainanyň deňiz goşunlary güni bilen gutlady.
Bu sapar gündogardaky Bahmut şäherinde iki tarapyň hem üstünlik gazanýandygyny öňe sürýän wagtyna gabat geldi. Şäher ugrunda müňlerçe esger ýitirendigi çaklanylýan Russiýa ençeme aýa çeken söweşlerden soň Bahmuty özüne tabyn edendigini aýtdy.
Ukrain harbylary Bahmutda we onuň töwereginde söweşiň dowam edýändigini aýtdylar.
Ukraina güýçleri Bahmutyň demirgazyk we günorta ugurlarynda käbir derejede öňegidişlik gazandy diýip, Ukrainanyň gury ýer güýçleriniň serkerdesi, general Oleksandr Syrskiý 23-nji maýda telegramda ýazdy.
Rus güýçleri soňky 24 sagadyň dowamynda Dnipropetrowsk, Zaporižýa we Harkow sebitlerine 20 sany raketa zarbasyny urdy diýip, Ukrain goşunynyň baş ştaby 23-nji maýda çap eden gündelik hasabatynda aýtdy. Käbir sebitlerde howa duýduryşy iki sagada çenli dowam etdi.
"Mundan başga, Russiýa Eýranda öndürilen" Şahid "pilotsyz uçarlaryny ulanyp, howadan 48 zarba urdy we goşunyň ýerleşýän ýerlerine we ilatly nokatlara tapgyrlaýyn raketa atyjylardan 90 raketa atdy" diýip, hasabatda aýdylýar.
Donetsk sebitiniň gündogaryndaky Bahmutda we onuň töwereginde agyr söweşler dowam edýär. Harbylaryň aýtmaklaryna görä, şäherde soňky bir günüň dowamynda ruslaryň 30 hüjümi yzyna serpikdirildi.
Russiýa bilen Ukrainanyň serhedinde bir gün öň bolan zorlukly çaknyşyklaryň arasynda Moskwa Ukrainanyň "diwersiýa toparynyň" ýurda girmäge synanyşandygyny öňe sürüp, bu hüjmde Kiýewi aýyplady, ukrain häkimiýetleri Moskwanyň aýyplamasyny ret etdi.
Russiýanyň Derňew komiteti 23-nji maýda Ukrainadan geçendigi aýdylýan "diwersiýa" toparyna garşy "terrorçylyk" derňewine başlandygyny aýtdy.
"Belgorod sebitindäki ilatly punktlara edilen hüjüm sebäpli jenaýat işi açyldy" diýip, komitetiň beýanatynda aýdylýar.
22-nji maýda Belgorod sebitinde partlama we atyşyk eşidilip, ýerli häkim Ukraina bilen serhetleşýän Graýworon etrabynda iki ýurduň arasynda barýan söweşleriň Russiýa hem geçendigini aýtdy.
Ukrain metbugaty harby aňtaw gullugynyň metbugat sekretary Andriý Ýususowyň sözlerine salgylanyp, bu hüjüme Kremliň Ukraina çozmagyna garşy söweşýän rus emigrantlarynyň, “Russiýa azatlygy” legionynyň we “Rus meýletinçi korpusynyň” jogapkärdigini habar berdi, ýöne bu aýdylýanlary tassyklaýan delil görkezmedi.
Belgorod sebitiniň häkimi Wýaçeslaw Gladkow şu wagta çenli söweşde sekiz adamyň ýaralanandygyny we ýagdaýyň dartgynlydygyny aýtdy. Ol Graýworonda we goňşy obalarda ýaşaýanlaryň köpüsiniň ewakuasiýa edilendigini aýtdy.
Bu Kremliň 15 aý ozal Ukraina garşy başlan urşundan bäri Russiýanyň çägine edilen iň uly hüjüm bolup biler we Moskwanyň umuman adam güýjüniň ýetmezçiligini görkezýär.
Hüjümiň jogapkärçiligini özüni “Russiýa azatlygy” legiony diýip atlandyrýan we ukrain güýçleri bilen hyzmatdaşlyk edýän ruslardan düzülen bir topar öz üstüne aldy. Ukrain hökümeti bu wakalara özüniň ol ýa-da beýleki görnüşde dahyllydygyny ret etdi.
Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow Putiniň bu hüjümden habarly edilendigini we "diwersiýaçylary" kowup çykarmak tagallalarynyň edilýändigini aýtdy.
Rus häkimiýetleri biraz soňra Belgorodda howpsuzlyk gulluklaryna ýörite ygtyýarlyklary berýän, howsuzlyk çäreleriniň has güýçlendirilmegine ýol açýan “terrora garşy” düzgün girizidi we bu düzgün esasynda şahsyýetleri barlamak, aragatnaşyklary yzarlamak mümkinçligi döredi.
Häkim wakanyň bolan ýerine Russiýanyň ýörite güýçleriniň getirilendigini we öýlerde barlag geçirýändigini aýtdy.
Russiýa bilen serhetleşýän Belgorod sebitiniň häkimi Wýaçeslaw Gladkow 23-nji maýda pilotsyz uçarlaryň Borisowka obasyndaky administratiw bina we Graýworon etrabynda iki sany hususy jaýa hüjüm edendiklerini, ýöne hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy.
“Mediazona” telegram kanaly Belgorod şäheriniň merkezinde bolan partlama barada habar berdi we Russiýanyň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) sebit merkezine barýan ýoluň ýapykdygyny aýtdy.
Bada-bat tassyklanyp bilinmedik maglumatlar bu sebitde bolan zorlukly çaknyşyklardan bir gün soň peýda boldy, häkimiýetler bu wakalara bir topar ukrain "diwersantyny" günäkärlediler.
Russiýa edilen hüjüm baradaky habarlaryň arasynda, Ukraina 22-nji maýda Ýewropanyň iň uly ýadro desgasyna, Zaporižýadaky ýadro elektrik stansiýasyna daşyndan gelýän elektrik üpjünçiligini gaýtadan dikeldendigini aýtdy.
Russiýanyň 21-nji maý gijesi Dnipropetrowsk sebitine eden raketa we dron hüjümleri ýadro desgasyna tok eltýän iň ýokary woltly elektrik geçirijisine zeper ýetirdi.
"Ukrenerho" Zaporižýa ýadro elektrik stansiýasyny tok bilen üpjün edýän elektrik geçiriji liniýany dikeltdi. Stansiýa ukrain elektrik ulgamyndan gelýän elektrik üpjünçiligine geçýär” diýip, ýurduň milli elektrik geçiriji operatory "Ukrenerho” aýtdy.
Bu ýadro desgasynyň Russiýanyň başlan urşundan bäri daşyndan gelýän elektrik togundan 7-nji gezek kesilişi boldy diýip, elektrik stansiýasynyň ukrain operatory “Enerhoatom” 22-nji maýda çap eden beýanatynda aýtdy.
“Enerhoatomyň” beýanatynda aýdylmagyna görä, ýadro elektrik stansiýasy zerur bolan daşarky elektrik togy kesilen halatynda awtomatiki usulda bary-ýogy on günlük ýangyjy bolan dizel generatorlarynyň öndürýän toguna geçýär.
Forum