Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň daşary işler ministrleriniň Nawalnynyň tussag edilmegi bilen baglylykda täze sanksiýalary tassyklamagyna garaşylýar


Orsýetli oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý sudda, Moskwa, 20-nji fewral, 2021
Orsýetli oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý sudda, Moskwa, 20-nji fewral, 2021

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 22-nji fewralda oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegi we ýaranlaryna basyşlaryň görkezilmegi sebäpli Orsýete garşy girizilen täze sanksiýalary tassyklamagyna garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 22-nji fewralda oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegi we ýaranlaryna basyşlaryň görkezilmegi sebäpli Orsýete garşy girizilen täze sanksiýalary tassyklamagyna garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Brýusselde ýygnanan 27 agzasynyň ýokary derejeli diplomatlary, adam hukuklaryny bozýanlary jezalandyrmak üçin blogyň täze döredilen sanksiýa resminamasynyň çäginde maliýe aktiwleri doňdurmak we wiza gadaganlygyny ulanmak ýaly çäreler rus şahsyýetlerine we edaralaryna garşy gönükdirmegi ähtimal.

Bu ädim nerw agenti bilen zäherlenip, Germaniýada bejergi alan Nawalnyý geçen aýda Orsýete dolanyp baransoň prezident Wladimir Putiniň buýrugy esasynda tussag edilmegi bilen baglanyşykly. Oktýabr aýynda ÝB Orsýetiň alty resmisini Nawalnynyň nerw agenti "Nowiçok" bilen zäherlenmegi sebäpli gara sanawa girizdi.

Duşuşygyň öňüsyrasynda Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Maas ÝB-däki kärdeşlerini Orsýete garşy goşmaça sanksiýalary taýýarlamak üçin ýol bermäge çagyrdy.

"Men goşmaça sanksiýalary, anyk adamlaryň sanawyny taýýarlamagy buýurmagyň tarapdary" -diýip, Maas Brýusseldäki gepleşiklere geleninde aýtdy. Ol şol bir wagtyň özünde konstruktiw gepleşikleri nädip dowam etdirmelidigi barada gürleşmeli diýdi we Orsýet bilen gatnaşyklaryň iň pes derejä ýetendigini belledi.

Hepdäniň aýagynda Moskwanyň sudy Nawalnyny ogurlyk aýyplamasy esasydaky ozalky iş bilen bagly şertleri bozandygy üçin 2 ýarym ýyl azatlykdan mahrum etmek kararyny tassyklady. Başga bir işde Kremliň tankytçysyna Ikinji jahan urşunyň weteranyny kemsidendigi üçin jerime salyndy. Sud işleriniň ikisine-de syýasy matlaply diýlip seredilýär.

Orsýete garşy mundan beýläk sanksiýa girizmek baradaky ädim ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Josep Borrelliň Moskwa eden jedelli saparyndan iki hepde töweregi wagt geçensoň ÝB-niň diplomatlarynyň üçüsiniň Orsýetden çykarylmagyna gabat geldi.

Borrell 21-nji fewralda Orsýetiň Ýewropanyň Adam Hukuklary sudunyň (ECHR) Nawalnynyň boşadylmagyny talap edýän kararyna üns bermeýändigini aýtdy.

Polşanyň we Baltika ýurtlarynyň ýolbaşçylygyndaky ÝB-ne agza ýurtlar Orsýete garşy goşmaça ykdysady sanksiýalary goşmak bilen berk garşylyk görkezmäge çagyrýarlar.

Brýusseldäki duşuşygyň öňüsyrasynda Nawalnynyň iň ýakyn ýaranlaryndan ikisi Belgiýanyň paýtagtynda ÝB-niň sekiz daşary işler ministri we ÝB-niň birnäçe ilçisi bilen duşuşdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary, ÝB, Britaniýa we Kanada 2014-nji ýylda Krymyň anneksiýa edilmegi we Moskwanyň gündogar Ukrainadaky separatistleri goldaýandygy sebäpli Orsýete garşy birnäçe sanksiýa girizdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG