Türkmen raýaty wideoýazgy edip, adamlary koronawirusdan habardarlyga, il-günüň saglygyny goramak üçin hakykaty aýtmaga, ýokarda oturanlary habarly etmäge çagyrdy.
Bu wideoýazgy ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türkmenistandaky epidemologiýa ýagdaýy barada nobatdaky duýduryşyny çap edip, türkmen häkimiýetleriniň ýurtda COVID-19 bolan ýagdaýynda hem ykrar etjege meňzemeýändigini ikinji gezek aýtmagynyň bir gün soňundan Youtube kanalynda peýda boldy.
Habarlardan mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu güne çenli ýurtda ýekeje-de koronawirus hadysasynyň hasaba alynmandygyny aýdýar.
Şu aralykda, Azatlygyň Lebapdaky habarçysy BSG-nyň missiýasynyň Lebapdaky işini tamamlap, Aşgabada gidendigini, “üýtgeşik zat bolmandygyny”, Lebap welaýatynda COVID 19 hasaba alynmady” diýen netijä gelendigini habar berdi.
Şu gün Ronisan firmasynyň hünärmenleri 17:30-da Stambula uçdy. Maşgala lukmanlary näsaglary öýlerinde karantin astynda, gizläp saklapdyr. 9-njy iýul gijesi birnäçe maşgala lukmany COVID-19 ýokuşmasynda güman edilenleri şäher hassahanasyna ýerleşdirdi. BSG hünärmenleri gidensoň, şäher hassahanasyndaky näsaglaryň sany birnäçe esse artdy” diýip, habarçy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 9-njy iýulda koronawirus barlagynda oňyn netije görkezen rus aýaly, 1951-nji ýylda doglan raýat aradan çykdy.
“Ol gyzgyny galyp, demi gysyp, hassahana ýerleşdirilipdir” diýip, habarçy sözüniň üstüni ýetirdi.
Şäher hassahanasynda karantin düzgünleri pugtalandyryldy, ozal onuň diňe birinji gatynda näsag bolan bolsa, indi 2-nji we 3-nji gatlarynda hem näsaglary ýerleşdirýärler, pandemiýany kontrol astynda saklamak barha kynlaşýana meňzeýär” diýip, habarçy polisiýa işgärleriniň ählisiniň ýüz maskalaryny geýýändigini, hatda 01 nokadyndaky polisiýa esgerleriniň hem maskalydygyny belledi.
Özüni Myrat Öwezow diýip tanadan türkmen raýaty Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda ýaşaýandygyny aýtmak bilen, dünýäniň köp ýurdunda, gorag şertleriniň berjaý edilýän ýerlerinde hem koronawirusyň müňlerçe adama ýokuşandygyny belläp, Türkmenistanda düzgünleriň berjaý edilmeýändigine ünsi çekmäge çalyşýar.
Degişli maglumat 'Nyýazow' keselhanasynda hassalar koridorda ýatýar, täze karantin zolaklaryna işgär alynýar
“Arada, üç-dört günlükde men Gubadaga bardym. Bankomatyň öňündäki adamlaryň derdinden banka girip bolanok” diýip, M.Öwezow bankomatlaryň öňündäki nobatlary “gyrlyşma” hökmünde häsiýetlendirdi.
“Ine, şu gün obamyzdaky bankomata pul goýlupdyr, gyrlyşma, adamlar biri-biriniň üstüne münüp durlar-a” diýip, Myrat Öwezow dükanlardaky çörek, un nobatlaryny hem ýatladýar. Raýatyň tassyklamagyna görä, haýsy daýhan birleşigindäki dükana un gelse, dükanyň öňi, öz sözleri bilen aýdylsa, “uly oçert, adamdan doly”. “Ne maska bar bularda... özem biri-birine degip, gyslyşyp durýarlar” diýip, ol “bize” wirus gelen ýagdaýynda, “halkyň köp bölegi gyrylýar” diýip, öz pikirini aýtdy.
Şeýle-de ýaşaýjy “aýdan, diýýän ýokmuka, ýokarda oturanlar bankomatlaryň ýagdaýyny bilmeýärmikä?” diýip soraýar. Onuň sözlerine görä, çeträk ýerlerden gelip, bankomatdan pul almak üçin daňdan, gijesine onuň öňünde, maşynlarynyň içinde ýatyp ýören adamlar hem bar.
Azatlyk radiosynyň habarçylary türkmen raýatlarynyň gündelik kösençlikleri, azyk gytçylygy, nyrhlaryň ýokarlanmagy we manadyň hümmetini ýitirmegi, üstesine kartlara geçen pullaryň nagtlaşdyrylmagyndaky kynçylyklar, ýurtdaky işsizlik, beýleki durmuş problemalary barada yzygiderli habar berýärler, emma häkimiýetler bu aýdylýanlary ne tassyklaýar, ne-de inkär edýär.
Şol bir wagtda, döwlet eýeçiligindäki metbugat türkmen ykdysadyýetiniň “bedew bady bilen öňe barýandygyny”, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilendigini we daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberiniň artýandygyny tekrarlaýar.
Myrat Öwezow manat nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklary tassyklap, “halk bende kartyndaky puluny nagtlaşdyryp bilenok” diýýär. Şeýle-de ol dükanlarda, iki-ýeke bolmasa, kart bilen hasaplaşyp bolmaýandygyny sözüne goşdy.
Degişli maglumat BMG-niň wekili Aşgabadyň COVID-19 'syryny' ýurtda ilatyň 'azlygy' bilen düşündirýär
Ýurt içinde oturan ýerinden öz pikir-garaýyşlaryny açyk aýtmak kararyna gelen raýat, pandemiýanyň ýurda gelendigine ynanasynyň gelmeýändigini belläp, onuň gowy zat däldigini, “gorag şertleri ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda, halkyň köp böleginiň gyrylmak” ähtimallygyny duýdurýar we “geplejekleriň ýüzlerini açyp geplemeklerini” haýyş edýär.
“Kim bolsaňyzam, ýüzüňizi açyň-da gepläň, o kitap goýup, o telefonyňy asmana bakdyryp, sen dogry zady aýdanyň üçin seni hiç zat etmezler” diýip, M.Öwezow bankomatdaky, dükanlardaky un nobatlaryny hemmeleriň bilýändigini nygtaýar.
“Şu ýagdaýlary aýdyň çykyp, ýüzüňizi görkezip aýdyň, men halkyň içindäkilere ýüzlenýän, hakykaty aýdyň, bolany şol” diýip, 10-njy iýulda çap edilen wideonyň awtory aýtdy.
Onuň pikiriçe, bu ýagdaýy, belki-de, ýokarda oturanlar bilýän däldir, emma adamlar çykyp aýdyp başlasalar, olara hem “habar barar”.
Bu wideo çap edilmezinden bir gün öň, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistandaky epidemologiýa ýagdaýlary baradaky nobatdaky duýduryşyny çap etdi.
Amerikan diplomatlarynyň ýerli çeşmelerden alan maglumatlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň COVID-19 simptomly raýatlaryny saglyk barlaglaryndan geçirýärler we ýokanç keselliler hassahanalaryndaky karantin zonalaryna ugradýarlar.
“Türkmenistan öz serhet çäkleriniň içinde COVID-19 hadysasynyň hiç bir ýüze çykmasyny resmi taýdan boýun almady we eger hadysalar tassyk bolsa-da, olary tassyklamakdan boýun gaçyrmagy mümkin” diýip, ilçihananyň duýduryşynda aýdylýar.
Degişli maglumat Aşgabatda käbir hassahanalar karantine ýapylýar, kärhanalar distansion iş usulyna geçýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu sözlere häzirlikçe hiç bir reaksiýa bildirmedi. Iki hepde öň, ABŞ-nyň ilçihanasy türkmen raýatlarynda COVID-19 simptomlarynyň ýüze çykarylan halatlary we näsaglaryň öz hasaplaryna iki hepdelik mejbury karantin astynda saklanylýandygy barada habar berende, türkmen DIM-i protest bildirip, “galp” maglumatlaryň ýaýradylmazlygyny talap edipdi.
Şu aralykda, 10-njy iýulda daşary işler ministri Reşit Meredowyň, ýurduň saglyk resmileriniň Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSG missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşygy geçirildi we ýokanç kesele garşy göreşiň çäklerinde “milli derejede durmuşa geçirilýän hereketler ara alnyp maslahatlaşyldy”.
Türkmen DIM-niň habarynda gürrüňi edilýän “hereketler” anyklaşdyrylmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.