Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda doň etiniň söwdasynyň ýola goýulmagy bazarlardaky hususy et söwdasyna täsir etdi. Birnäçe gün bäri satylýan doň etiniň hyrydary, uly nobatlara garamazdan, köp bolýar. Bu aralykda et satýanlar alyjysy azalmaz ýaly bahalary aşaklatmaly bolýarlar.
Paýtagtyň söwda nokatlarynda doň eti irden sagat 8-den 9-a çenli satylýar. Bir kilogramy 35 manada durýan bu et her adam başyna iki kilograma golaý möçberde satylýar. Döwlet dükanlarynda satylýan bu etiň bahasy resmi kursdan 10 amerikan dollaryna barabar bolýar.
Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy doňdurylan et söwdasynyň geçen hepdeden bäri amala aşyrylýandygyny, emma bu arzan etiň diňe irki sagatlarda gysga wagtda satylýandygyny belleýär. Onuň sözlerine görä, ete hyrydar köp bolup, adamlar öňünden baryp, nobatyna garaşyp durýarlar: "Adamlar ir säherden bazaryň girelgesinde nobat belläp, sagat 8-de bazaryň derwezesiniň açylmagyna garaşylýar".
Degişli maglumat
Aşgabatda 'arzan et' bazara çykaryldy, Ahalda at eti satylýarBir sagadyň dowamynda satylyp gutarýan eti alyp ýetişmek üçin alyjylar ýola goýlan satuw düzgünine boýun bolýarlar.
"Bazaryň derwezesi açylan badyna, adamlar bazaryň et satylýan böleginde nobata düzülip, bir birden girip, öňünden paketlere gaplanan, terezide çekilip, bahasy ýüzünde ýazylan etli paketleri alyp, puluny töläp tizräk çykarýarlar" diýip, habarçymyz öz görenlerini 2-nji noýabrda gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, paketlere gaplanan etiň agramy tapawutlanýar, emma ählisi iki kilogramdan gowurak bolýar, hususan-da, 75 we 100 manat aralygynda bolýar.
Emma bu söwda günde diňe bir sagada golaý dowam edýär. "Häzirlikçe bazarlarda islän wagtyň kilogramy 35 manatdan satylyp duran et ýok" diýip, habarçymyz belleýär.
Şeýle-de, habarçynyň aýtmagyna görä, söwda resmileri nobatlara gözegçilik edýärler: "Alyjylardan tizräk bahasyny töläp, et satylýan jaýdan tizräk gitmek talap edilýär. Alyjylaryň nobatlary surata düşürip, sosial saýtlarda paýlaşmagynyň öňüni almak üçin, bazaryň administrasiýasy tarapyndan gözegçilik edilýär".
Habarçymyz hili we onuň öndürilen ýurdy barada alyjylara maglumat berilmezden satylýan bu doňdurylan etiň paýtagtda satylyp başlanmagy barada 30-njy oktýabrda habar berlipdi.
Bu aralykda Aşgabadyň hususy söwda nokatlarynda satylýan etiň bahasy 200 manatdan 140 manada düşüpdir.
'Adamlar arzan ete begenýär'
Söwda nokatlarynda etiň arzanlamagy Mary, Ahal we Lebap welaýatlarynda hem göze ilýär.
"Häzirki gün adamlar et arzanlady diýip begenýärler, et dükanlardan et satyn alýan adamlaryň we täze açylýan et dükanlarynyň köpelýändigi göze ilýär" diýip, Marydaky çeşme 3-nji noýabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, bu sebitde hem doňdurylan arzan et satylýar, emma bir kilogramy 70 manatdan satylýar.
"Bu bloçny süňksüz et öňler adamlara çäkli möçberde ýagny 4-5 kilogram aralygynda satylardy, häzir bazarlarda kim bu eti näçe kile satyn alaýyn diýse satyn alyp bilýär. Çäkli däl, kilesini 70 manatdan alybermeli" diýip, maryly çeşme aýdýar.
Bu sebitde hem hususy et dükanlarynda öň 200 manatdan satylan gowy hilli et 140 manada çenli arzanlapdyr. "Bir kilogramy tas 200 manat bolan süňkli göle etiniň bahasy häzir 140 manada düşdi" diýip, çeşme ýerli ilatyň muňa begenýändigini aýdýar. "Adamlar begenýär, arkaýyn bir gün bolsa-da doýup et iýip bileris diýip aýdýarlar".
Lebapda et bir hepdede iki gezek arzanlady diýip, ýerli habarçymyz aýdýar. Onuň sözlerine görä, bu welaýatda oktýabrda bazarlardaky mal etiniň bahasy kilogramy 160 manat bolan bolsa, aýyň aýagyna golaý 130 manada düşüpdir, soňra 2-nji noýabrda 110 manada çenli aşaklapdyr. Etiň satuwdaky möçberi hem köpelipdir.
“Öňküsi ýaly näbelli et satylanok. Etiň ýüzünde görkezilen baha bilen satyjynyň soraýan hakyky bahasy deň” diýip, türkmenabatly çeşme gürrüň berdi.
Etiň bahasynyň arzanlamagy bilen bir wagtda, oktýabryň soňky on gününde şäheriň döwlete degişli söwda nokatlaryndan ýiten günebakar ýagy hem gaýtadan satuwa çykarylypdyr. Ýöne ýagyň satuwdan aýrylmagyndan öňki we häzirki bahalary tapawutlanýar. Öň ýag 15 manada satylypdyr, noýabryň başyndan bäri, Russiýadan getirilen “Oleýna” günebakar ýagynyň bir litri döwlet dükanlarynda 25 manatdan satylýar.
Et 'bolçulygy' we et problemasy baradaky habarlar
Mal etiniň bazardaky möçberiniň artmagynyň we bahasynyň aşaklamagynyň sebäpleri barada ilata habar berilmedi, Azatlyk Radiosy muny söwda resmilerinden hem anyklap bilmedi.
Türkmenabadyň şäher häkimliginde ýakyn çeşme "bu et eksportyna degişli bolmagy mümkin" diýýär.
“Et ýetmezçiligi baradaky habarlar habar beriş serişdelerinde ýaýransoň, mal etiniň iri söwdasy bilen meşgullanýanlar ony daşary ýurtlara köpçülikleýin satmagy bes etdiler. Ýöne muny näme sebäpden edendikleri belli däl” diýip, çeşme Azatlyga anonimlik şertinde aýtdy. Onuň bu aýdanlaryny garaşsyz tassyklap bolmady.
Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary etiň gytçylygy, gymmatlamagy we et önümleriniň köp maşgalalara elýeterli däldigi barada tomsuň ortalaryndan bäri habar berip gelýärler.
Degişli maglumat
"Çagalaryma et iýdirmek üçin it etini aldym" - türkmenabatly eneMaldarlar 'zyýana galýar'
Ahal welaýatynda iri şahly malyny ekläp, semredip soýup satýan malçylar munuň bu işiň girdeji getirmeýändigini aýdýarlar.
"Häzir mal bakanyňdan peýda ýok, bakyp oturan mallaryny bahasy mundan aşak düşmänkä satjak bolýan köp" diýip, ahally maldar sebitdäki we öz hojalygyndaky ýagdaýy gürrüň berdi.
"Men ýyllar boýy bazardan boýy ýeten ýöne eti ýagy ýerinde bolmadyk hor mallary, öküzleri alyp öýde 90-gün käte 120 gün imleýärin we agzyna gowy seredip semredip satýaryn. Men un, kepek, däne, çörek ýaly zatlary satyn alýaryn we peýdajygmy goýup, satyp aýlanyşyk edýärin we şeýdip hojalygymy ekläp gelýärin. Emma häzir gaty kyn boldy. Mal üçin satyn alýan iýmiň bahasy ýokary, et bolsa arzanlady" diýip, ahally ýaşaýjy aýtdy.
Ol malyny satmak isleýär, emma özi ýaly mallaryny satýanlaryň hem köpelendigini, şu sebäpden onuň bahasynyň aşaklandygyny gürrüň berdi.
"Men mundan beter zyýana galmankam mallarymy satmaly, et arzanlasa munça-da bolmaz diýip malymy et dükançylaryna, gassaplara hödürleýärin. Emma näme etjegimi bilemok, men bu mallaryň her birini 24-28 müň manatdan aldym, indi maňa 18-19 müň manat hödürleýärler" diýip, ahally maldar aýdýar.
Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň gozgaýan bu problemalary türkmen häkimiýetleri tarapyndan resmi derejede agzalmaýar, döwlet mediasynda gozgalman gelýär.
Degişli maglumat
Et gymmatçylygynyň arasynda Lebapda arzan bahadan doňdurylan et satuwa çykaryldyGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.