Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
ABŞ-nyň garaşsyz Din azatlygy komissiýasy Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň Türkmenistany «aýratyn alada döredýän ýurtlaryň sanawyna girizmegine» çagyrdy.
Gaza baý Türkmenistanyň awtoritar prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarda ses berijileriň 97.69 prosent sesini alyp, üçünji möhlete hem prezident saýlandy diýip, Merkezi Saýlaw topary aýtdy.
Türkmenistanda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ses berijileriň 97,27%-i ses berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar gullugy ýurduň Merkezi Saýlaw komissiýasyna salgylanyp maglumat berýär.
Aşgabatda prezidentlik saýlawlarynyň öňýany mekdepleriň biriniň orta klas okuwçylaryna saýlaw býulletenleri paýlanyp, olarda dürli ruçkalarda we hat ýazuwynda, ýagny poçerkde Gurbanguly Berdimuhamedowa ses bermek tabşyryldy.
Media korporasiýasy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň häkimiýetleriniň garaşsyz žurnalistleri yzarlamagyny ýazgardy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 27-nji ýanwarda çykaran kararynyň sudlar tarapyndan böwetlenmeginden soň täze immigrasion hökümet kararyny çykarmak meselesine seredýändigini 10-njy fewralda aýtdy.
Türkmenistanyň döwlet edaralary öz işgärlerinden öýlerinde sarp edilýän tebigy gaz, suw we elektrik toguny ölçeýän öljeýji enjamlaryň oturdylmagy barasynda güwanama ýa-da bir resminama bermegini talap edýär.
Dünýä belli serb kinorežissýory Emir Kusturisanyň 2016-njy ýylda surata düşüren "Akmaýanyň ýoly" atly kinofilmiň baş rolunda italýan aktrisasy bilen režissýoryň hut özi oýnaýar.
Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlary ýurtda žurnalistlere basyşyň güýçlenýän wagtynda geçirilýär diýip, žurnalistleri goraýjy Serhetsiz reportýorlar guramasy 10-njy fewralda ýaýradan beýannamasynda belleýär.
Birleşen Ştatlaryň şikaýat kazyýeti prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurtdan bolan bosgunlara we syýahatçylara ýurda ýol bermezlik boýunça girizen wagtlaýyn gadaganlygyny ret etmek bilen täze administrasiýanyň immigrasiýa garşy syýasatyna agyr zarba urdy.
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlaryna sanlyja gün galan pursatlary türkmen mediasynda, üçünji möhlete dalaş edýän, prezident G. Berdimuhamedow baradaky reportažlar hem ýygjamlaşýar.
12-nji fewrala bellenen Türkmenistanyň prezidentlik saýlawlaryna az wagt galanda Azatlyk Radiosynyň websaýtynda bu möhüm syýasy çäre bilen ilteşikli çap edilen makaladyr wideolara ýazylýan teswirleriň sanynyň hem artýandygyny synlasa bolýar.
Garaşsyz döwletler arkalaşygy (GDA) guramasynyň missiýasy Türkmenistanda 12-nji fewralda geçiriljek prezidentlik saýlawlary boýunça gözegçiligi barada aralyk hasabatyny çap etdi.
Türkmenistan dünýäniň iň zäherli howaly ýurtlarynyň hataryna girizildi.
Türkmenistanyň resmi metbugaty Ahal we Balkan welaýatlarynyň birnäçe obasynyň ýokary hilli aragatnaşyk we internet bilen üpjün edilendigini 6-njy fewralda habar berdi.
Orsýetiň Kirow şäherindäki welaýat sudy oppozisiýadaky syýasy aktiwist we korrupsiýa garşy kampaniýaçy Alekseý Nawalnyny döwlet serişdelerini bikanun öz haýryna geçirmek aýyplamasynda günäli tapdy.
“Human Rights Watch” guramasy BMG-niň Adam hukuklary boýunça Komitetiniň Türkmenistan boýunça diňlenişiginiň öňüsyrasynda ýaýradan beýanatynda, Türkmenistanyň dünýäniň iň bir repressiw we ýapyk döwletleriniň biridigine ünsi çekip, Azatlyk Radiosynyň ýurtdaky habarçylarynyň duçar bolýan kynçylyklaryny hem agzap geçýär.
Nýu-Ýorkyň polis edarasy (NYPD) düzgünlerini biraz gowşadyp, sikh we musulman polis işgärleriň dini ynanjyna görä 1,27 santimetr uzynlyga çenli sakgal goýbermegine rugsat beripdir
Adam hukuklaryny goraýan HRW guramasy 7-nji fewralda Türkmenistanyň öňde duran prezident saýlawlary barada beýanat ýaýradyp, ses berişligiň azat we adalatly geçmek mümkinçiligini sorag astyna alýar.
Ýene-de ýükle