Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Düýbi Wenada ýerleşýän “Türkmen inisiatiwasy” topary we düýbi Brusselde ýerleşýän “Adam hukuklary boýunça halkara partnýorlygy” guramasy Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulyşy boýunça bilelikde hasabat ýaýratdylar.
Birleşen Ştatlaryň şikaýat kazyýeti prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurtdan bolan bosgunlara we syýahatçylara wagtlaýyn gadaganlyk girizmek baradaky hökümet kararyny dikeltmek ýa dikeltmezlik hakda 7-nji fewralda diňlenişik geçirer.
Türkmenistanda plastik kart ulanyjylarynyň pullaryny hem daşary ýurtlarda, hem-de ýurduň içinde nagtlaşdyrmagyna çäklendirmeler girizilip, bank hyzmatlarynyň tutumlary hem artdyryldy.
Eýranyň energiýa pudagynyň ýokary derejeli resmisi öz ýurdunyň türkmen gazyna zerurlygyň ýokdygyny, sebäbi munuň ýurduň içerki zerurlyklaryna täsir ýetirmeýändigini aýtdy, diýip Eýranyň ýarym resmi “Fars” täzelikler agentligi habar berdi.
Amerikan prezidenti Donald Tramp federal kazyýetlere indi iki gün bäri hüjüm edýär. Sebäp kazylaryň onuň ilatynyň aglaba köplügi musulmanlardan durýan ýedi ýurduň raýatlaryna syýahat gadaganlygyny girizmek baradaky synanyşygyny bökdeýänligi.
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda bazarlardaky harytlaryň bahalaryna gözegçilik güýçlendi.
Türkmenistanda prezidentlik saýlawlaryna bir hepdeden hem az wagt galan pursady, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) synçylary saýlawlara taýýarlyk döwri “hiç hili bidüzgünçilikleriň ýüze çykarylmandygyny” aýdýarlar.
Türkmen DIM-niň metbugat gullugy Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewyň 1-nji fewralda WarşawadaÝewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary edarasynyň direktory Mihaýel Link duşuşandygyny habar berýär.
Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti prezident Donald Trampyň esasan musulman ilatly ýedi ýurduň raýatlarynyň, şeýle-de ähli bosgunlaryň ABŞ-a girmegini gadagan edýän hökümet kararyny dikeltmek barada şikaýat arzasyny ýazdy.
ABŞ sudy 3-nji fewral güni giçlik Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Trampyň bir hepde ozal çykaran hökümet kararyny, esasan musulman ilatyndan durýan ýedi ýurtdan Amerika bosgunlaryň we myhmanlaryň salynmagyna girizilen gadaganlygy wagtlaýyn duruzdy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilenine göni iki aý doldy, emma onuň şu günki ykbaly nämälim galýar.
Türkmenistanyň prezidenti alabaý itlerini harby gullukda ulanmak boýunça ýöriteleşdirilen merkezleri döretmegi tabşyrdy.
Türkmenistanda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan esasy problemalarynyň biri jaý üpjünçiligine degişli bolmagynda galýar.
Türkmenistanda mobil ulanyjylar soňky üç günden bäri internet hyzmatlarynda her dürli bökdençlikleri başdan geçirýärler.
Aşgabadyň Parahat 2/1 etrapçasynyň 21-nji jaýynyň ýaşaýjylary soňky günlerde elektrik togunyň kesilmegi, öý telefonlarynyň işlemezligi ýaly problemalar bilen ýüzbe-ýüz boldular.
2017-ýylyň ýanwaryndan başlap, Türkmenistanda döwlete degişli dermanhanalarda hem, hususy dermanhanalarda hem, dermanlaryň bahasy ýokarlandy.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp "daşary syýasat meselelerine aýdyň göz bilen garamagyň wagty geldi" diýip, özüniň täze döwlet sekretaryna, "ExxonMobil" kompaniýasynyň ozalky başlygy Reks Tillersona kasam kabul etdirdi.
Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän "Ertekiler dünýäsi" atly seýilbagy ýumrulýar.
Türkmenistan Eýrana gaz akdyrmagyny ýaňadandan ýola goýmak boýunça gepleşikleriň täzeden başlanmak teklibi bilen birlikde, gaz alyş-çalşygynyň 10 million m3 çenli artdyrylmagyny-da sorady diýip, “Fars News” habarlar gullugy maglumat berýär.
Türkmenistanda meşhur aýdymçy Pälwan Halmyradow uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.
Ýene-de ýükle