Azatlyk Radiosynda Türkmenistan bilen bagly syýasy-ykdysady, sosial-medeni täzelikler barada taýýarlanýan gündelik makalalary okap, wideolara we fotosergilere tomaşa edip bilersiňiz.
Soňky günlerde Aşgabadyň dükanlarynda azyk harytlarynyň san we görnüş taýdan ozalkysyndan has köpelen döwründe “The Ekonomist” neşri polisiýa döwleti hökmünde tanalýan Türkmenistanyň geljek ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň öňýanynda ýurduň ykdysady durnuklylygy barada pikir döretmek isleýändigini belleýär.
Moskwanyň häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň Türkmenistanda tussag edilmegine, ýurtda syýasy repressiýalaryň dowam etmegine protest bildirýän orsýetli aktiwistleriň Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde jemlenmegine rugsat bermediler.
Günbataryň tarapyny çalýan montenegroly syýasatçy Milo Dýukanowiçi öldürmek maksady bilen gurnalan dildüwşük diýilýäne gatnaşanlykda güman edilýänleriň biri üstümizdäki hepde özüniň bir suratyny internetde ýerleşdirdi.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň tussag edilenine 13 gün boldy. Şu gün žurnalistiň özüniň we onuň maşga agzalarynyň ykbaly nämälim galýar.
9-njy noýabrda "YD" toparynyň ganhorlugyny görkezýän 14 minutlyk ýene bir wideo ýazgy ýaýradyldy. Molsulda surata düşürilen wideoda dört sany aziýaly çaga jellat ýesirleriň janyna kast edýär.
Aşgabatly Mähriban gelneje geçen aý Russiýadan Türkmenistana dolanan mahaly, özüniň Aşgabadyň aeroportynyň işgärleri tarapyndan saklanyp, hiç hili düşündiriş berilmezden dermanlarynyň we mobil telefonynyň alnandygyny aýdýar.
Germaniýanyň Siemens kompaniýasy Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gazgeçirijisini 2.5 milliard dollarlyk möçberdäki karzyň hasabyna abzallaşdyrmagy teklip etdi.
Ýewropa Bileleşiginiň döwlet we hökümet baştutanlary 15-nji dekabrda Brýusselde duşuşyp, bir resminiň atlandyryşy boýunça, Ýewropa Bileleşiginiň ýüzbe-ýüz bolan «mina meýdany» meselelerini ara alyp maslahatlaşýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Demokratik partiýasynyň ýygnagynda geljek ýyl geçiriljek prezident saýlawlaryna kandidatlyga hödürlendi.
Dünýä belli alym professor Stepen Hawkıng golaýda eden bir çykyşynda, adamzadyň ýeriň ýüzünde ýok bolmagyna müň ýyldanam az wagtyň galandygyny aýdypdyr.
Merkezi Aziýanyň mediasy boýunça 18-nji halkara konferensiýasynda Türkmenistanda tussag edilen Azatlyk Radiosynyň habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň ykbalyna aýratyn üns berildi.
Aleppoda ýowuz çaknyşyklaryň we hüjümleriň bolandygy barada maglumatlar gowuşýan mahaly, Siriýanyň bu şäherinden gozgalaňçy söweşijileri we parahat ýaşaýjylary ewakuasiýa etmek baradaky ylalaşyk soňa goýlan ýaly bolup görünýär.
Soňky on ýylda daşary ýurtlarda golf meýdançalaryny guran amerikan biznesmeni Jak Niklaus (Jack Nicklaus) indi Türkmenistanda, ozalkylaryndan täsin bir ýagdaýdaky ýurtda golf meýdançalaryny gurmak bilen meşgullanýar.
ABŞ-nyň prezidentligine saýlanan Donald Tramp ýurduň Döwlet sekretary wezipesine kandidat hökmünde ExxonMobil kärhanasynyň ýolbaşçysy Reks Tillersony (Rex Tillerson) resmi derejede hödürledi.
Öňümizdäki hepdä planlaşdyrylan ses berişlikde geljekki prezidenti tassyklamaly saýlaw kollegiýasynyň käbir agzalary 8-nji noýabr saýlawlaryny gazanmakda Orsýet Donald Trampa kömek etdi diýilýän gürrüňler barada, özlerine jikme-jik maglumat berilmegini isleýärler.
Halkara Maliýe Fondy (HMF) Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň haýallamagynyň dowam etjegini aýdýar.
Türkmenistan potensial gaz resurslarynyň möçberiniň ozalkysyndan has köpdügini görkezýän sanlary çap etdi.
Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) şu ýylyň iýul aýynda Türkiýede bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yz ýany, ýurtda media serişdelerine edilen “görlüp-eşidilmedik repressiýa” tutuş dünýäde tussag edilen žurnalistleriň sanyny 1990-njy ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetirdi diýýär.
Russiýanyň tanymal oppozision lideri Alekseý Nawalnyý ýurtda 2018-nji ýylyň mart aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan saýlawlarda prezidentlige dalaş etjekdigini yglan etdi.
Ýene-de ýükle